Teswirler (5)

Ýüklenýär...

Men nemee Dert’deeşşşiiiiňň…

2 minut alar

  • saaaalamm….sesim eşşşdýäääňňmiii Armytgül?
  • eşdýän gygyrmasaňam gelýäle sesiň…
  • kim men? näme men? nirden düşen jandar? ýogsada jandarmykam…Köpler soraýar şu” 3nokady näme üçin köp ulanýýaňňaaýoou” diýýärler ya da ‘gaharlanmasana’ diýiberýärler welin ol üç nokat gaharlylygy aňlatmaýar…shol aýdan sözlemimi özüň üstüne goşup ýa da tamamlap bilersiň pikiri bilen üç nokat ulanýan…Düşündirip bildimmi? Görenem herkim maňa gaharly diýýäleý…Heeeýýý bolýarda :) Käwagt gygyrasym gelýär, ýüregimde döwülen böleklerden doly gaaty doly…söygü ugruna däl ejizlikden ýaňa ýa da münlerçe sapar mert bolup gezmekden ýaňa Armytgül! Yöne özümem üns bermejek bolýan. Näme üçin muny hiç kim görmeýär diýýän kä-mahal? Özüň görmejek bolyaň, il nädip görsün diýýäňmi.. Hawa senkem dogry. Hemem ussat şahyr aýdýarda:

«Gaharjaňlyk agyr günde dörärmiş»

Diýip, nämüçindir tapypdyrlar «myş»

***

Gahar etmek ejizligiň nyşany!

Işidir ol bikärlikde ýörenleň.

Gahar nire, gaharjaňlyk nirede!

Ýüregi ýukadyr köpi görenleň.

Yürek ýukamy ona biljek däl…plan diýsem bolmaz. Yöne bilýäňmi, ýüregimdäki döwülen bölekleriň üstünden gechip barýarlar. Soň aýaklary ganasa men ýene günäkär. Yada adamlar bilen jokkullashybermesem gaty ‘serýoznylaýý’ diýiberýärler… hawa arasynda çaltt gaharlanyp bilerin ýöne çaltam sowaşýan. Tomus-gyş diýmän, söýýän zadym buz gaýmajyk iýmekdir…Ana şolar ýalydahou. Halodilnikda +18 derejede dursa kristaldan buza öwrülýär, daşarda saklasaňam çala yssyda erejek bolup özünden gidiberyär. Özümdäki hasiýetim şeýle, ýalňyş düşünme ýa da başga many gözleme Armytgül.

  • eşidyäňmi maňada biri gelip derdini aýtjakdy welin, kim näme ugruna gidipdi düşünmedim…
  • tanamayan kişi saňa derdini aýdarmyygy Armytgül…Hekaýa okamasana meň bashyma.
  • Dert näme bilýäňmibyr…? Edil şuwagt Awgust aýy geldi we tomusuň soňkyja aýy şeýle dälmi? Yöne kim üchin adaty aylaryň biri, kim üchin eýýäm güýz düşdi, kimler üchin bolsa gazaply gyş aýlaryň biridir. Derde hökman lukman bolup, derman gerekli däl. Yöne dogry dermany almasaň derdiň nädip ayrylsyn şeyle dälmi…Derdiňi paýlaberseň belki ýeňlärsiň welin ilki özüňi silkeleseň bolmanam durmaýar. Herbir derdi DERT diýip görübersek, 4böleklije ýürege sygmaz elbetde döwülen bölekler/bölüjekler köpeler jora…
  • Yoklaý Armytgül…meň derdim köpem bolsa, kämahal chagalyk diýilende Kakam ýadyma düşýär…çagalygym çala ýadyma düşürip bilýän. Chala diýemde de wulkanlar nädip partlaýar bilýänsiňdirlay ana şolar ýaly ichim partlaýar. Soň welin her pursat edil daşa ýazylan ýaly, hatda pozasyň gelenlerinem pozup bilmersiň. Ana şotaýda da ne doktor saňa el uzadyp bilyär ne de dasha ýazylan haty pozmak üchin bir süpüriji. Hawa, näçe ýaşyma aýak basdym ýöne derdimiň iň uly bölegi we badak basýanam şolmyka diýýän belkem şondan… Yeri bolýarda bu gezegä ýaman kelläňi agyrtdymou Armytgül. Bagyşlarsyňda! Gahardan başlap nirileri getirdim seni. Senbir azaşma! Diňeje köp duýgulardan uzaklaşyp uka gidesim gelýär Avatardaky ýaly oýanasym gelenok bashga diýara düşmek isleýän. Aýaklarym we ellerim üşeýär. Sowuk süňklerime…
107 |
|