sazyma saz goşýanlar.
2 minut alar
bir wagt sazyma saz goşýanlary gözlap ýördüm ýadyňyzdamy bilemok welin geçenlerde düşünýän welin asyl sazam sözem özümizde bitýän ekeni. Edil kaktusdaky gül çykyşy ýaly hemme zat bizde gutarýar. Sazyňa saz çalýan tapmak kyn ekeni…
Kyn diýýänim belki meň özüm kynlaşdyrýandyryn, edil durmuşy kynlaşdyryşym ýaly…? Geçende ýeke ýaşap ýörenime 1aý boldy welin arkama seretsem 1aýy zor bilen geçirenimi aňdym. Hemme jogapkärçilik üstüme ýüklendi welin ýüküm ýetmeýän ýalydy. Maşgala ýok, joralaň ýok we hiç kim…doganyň bn bir ýurtda ýaşasaňam durmuş bile duşurmagada rugsat bermeýän ekeni. Plan edişimiz ýaly gitse durmuş käşgä. Kä-mahal bolsa: “durmuş sen meň bilen oýun etjek bolýaňmoouuu” diýesim gelýär…sebäbi her kynlygy ätlediigimçe ýanymda hiç kimiň ýoklygyna şayat bolýan. Öýüň içi dym dyrslyk…işe daň bilen gidip iň soňky çykyp gaýdýanlardan. Bilemok işi söýdügümden diýesim gelýär welin öýde ýeke durmagam birhilije duýgy ekeni, ýagny öz öýüme myhman ýaly ýada entek nähili duýgulugynam doly çözüp bilmedim but so weirdoo. Özüň bilen ýüzleşmek üçin gowy, hasam Ýaradana ýakyn bolýaň.
Öýde ala hasyrdy, gülküdir söhbetler ýaňlanyp durjak ýaly welin emma şu ýakynda ne söhbetler ne de gülki görüp bildim…zar boldum diýsem ýeridir. Agşamlary doganym çykyp menä çaý edýän senem agşama süýjilik taýýarlaň diýen sesi ýaňlanýar welin, gidip öz özüme taýynlaýan, emma ne ses bar ne de bişirilen zat iýilýär. Goňşylara süyjilik bermek däp bolup gitdi şu 1aýyň içinde.Nahar etsemem 1kişilik däl de min. 3kişi iýjek şekilde nahar edýän we 3–4gün sowadyjyda durandyr soň bolsa çöpe gidyär. entek öwrenşmedim…Adamlar nädip ýeke ýaşamagy halaýarlar men haýran.Asyl hemmämiz iň soňunda ýeke galmaýarmydyk??Ýekelik diýýäniňiz şumydy??Hiç kim seniň näme edýäniňden habarsyz galmakdyymy ýekelik? Ýalňyz galmak bilen ýeke galmak ýaman aýry zatlar ekeni…Kelle diýilýän gutujyk ýalňyzlyga öwrenşsede ýekelige öwrenşmejek ýaly, belki durmuş “seniň gözleýän sazyň edil şu diýse” gülerinaaýýýý. Göwnüm çökgün ýa da hiç zada höwessiz däl. Ýöne kä-mahal gözlemäne indi elim baranok ýa da aýagym. Öz özüme saz bolmagam ýetik ekeni köneje duralgada….özümi ary kä-halatda bolsa garynja ýaly duýýan….(20.11.2023)