Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Süňk hossarlarym

8 minut alar

Birmahallar gaty gadym döwürlerde men çagadym we meniň ejem bardy. Indi seredip otyryn welin, ol gunler şeýle bir uzak görünýä, aslynda bu zatlar boldumyka beri, ýa-da bularyň hemmesi meniň hyýalbentligimiň netijesimika diýen pikir hem döreýär. 
Ana, onsoň çagalygym ejem bilen geçdi. Hany beýlekiler, kakaň, doganlaryň diýmekleri mümkin. Sebäbi eje we gyzy diýen maşgala bolmaýar. Olar hem bardy. Kakamyň kimdigini men ahyram doly tanaman galdym. Ol hemişe içgili we hemişe ukuda gezdi, soňam aradan çykdy. Doganlarynyň bolsa hersi öz güni bilen başagaýdy.
Ejem meň dünýämdi, men bolsa ejemiň dünýäsidim. Biz bir birimiziň aladamyz bilen ýaşadyk. Onuň bilen iň köp ýaşan men bolanym üçin, derdini-de maňa aýdardy, öýkesini-de. Şeýdip biz aýrylmaz bolduk. Onuň işleman, dynç alyp oturan wagtyny hiç görmandim. Onuň saçagyň başynda aýagyny uzyn salyp çaý içip oturanyny-da görmandim. Ol hemişe başagaýdy. Mydama tikin ederdi. Bir döwürler tikin edýän ýokdy, ol bolsa dogabitdi zehinlidi, oňa tikini öwreden adamam ýokdy. Şeýdip ol şäherde belli tikimçi boldy. Biz bir süridik. Häzir adamlar ýeke çagany eklese uly minnet. Ejem bolsa ýedi çagany şeýdip ekledi, saklady,  öýerdi, çykardy, okatdy...
Men körpe bolanym üçin meniň ýaşlygym ejemiň garrap başlan döwrüne gabat geldi. Ol döwür indi öňki ýaly tikinden pul ýokdy, iş edýän kopelipdi. Emma ejem üçin men bardym, oňa oglan-gyzyň tapawudy ýokdy. Ol çagasyny okatmagy boýnunyň borjy hasaplaýady. Şeýlelikde, ol göle alyp, bakyp, semredip satyp başlady. Onuň hemme edýän işinde pul bolýady, sebäbi ol Hydyr görendi, gaýypdan geljek kömege bolsa hiç wagt bil baglamandy. Şeýdip, zordan öz günümizi aýlap ýören döwürlerimiz, ol bir ýerde bir tanyş gyzyň iňlis dili okadýandygy barada eşidip gelipdir-de, soraman-etmän meni oňa ýazdyryp gaýdypdyr. Men okamany kyn göremokdym, ýöne ejemiň puly nähili gazanjak bolýandygyny görýädim. Muňa razy däldim. Emma ol meni diňlemedi. “Sen terjimeçi bolmaly” diýdi oturdy. 
Iňlis dilinde geplap ýazmagy başaranymdan soň, men ejeme indi sapaga gitjek däldigimi, iňlis diline höwesimiň ýokdugyny aýtdym. Gynandy. “Biriňizi terjimeçi edäýjekdim” diýip başyny ýaýkady. Men onuň gynananyna gynandym. Ýöne başga alajym ýokdy. Men iňlis diline girmegiň kyndygyny, biziň eýgerjek zadymyz däldigini, gireniňden soňa çykdajyň köp boljagyny eşidipdim. Ýaşynyň soňunda ejemi bergä batyryp biljek däldim. Şeýdip men girmek mümkinçiigi iň kän bolan okuwy saýladym.
Okap ýören döwrüm ejem meň iň ýakyn joram boldy. Hatda joralamdan göwnüm galsa-da gelip ejeme aýdardym. Ol meni zada zar etmejek bolup tä haldan düşýänçä köýnek tikmesini, mal bakmasyny dowam etdi. Bir gezek bolsa ol eljagazyna ýyllaryň dowamynda ýygnan puljagazyny aldy-da, meni bazara alyp gitdi. Maňa altyn zynjyr aldy. Hiç ýadymdan çykanok, şonda özüne alan ýaly begenşini. 
Indi seredip otursam, ol meni hemme zatdan aýap saklajak bolan eken, bir gezek gyzlaryň biri meniň üçin şäherde belli baýlaryň biriniň guda gelmekçidigi aýtdy. Ejem pikirlenmedi hem, “gelip oturmasynlar” diýdi. “Meniň baý öýüň talabyny garşylap biljek dogumly gyzym ýok” diýdi. Şol mahal çaga kalbym bilen name üçin beý diýenine hiç aklym almasa-da, özüm eje bolanymdan soň indi bilýärin, ejem jan meniň erkinligim, rahatlygym barada alada eden eken.
Ýogsa ol meniň iň bolmajak pikirlerimi-de goldapdy. Maşyn sürmegi öwrenjek diýdim. Oňa-da bolýa diýdi. Daşynda her kim her hili gep berdi. Sesini çykarmady. Ýene-de eljagazyna ýyllaryň dowamynda toplan puljagazyny alypdyr-da, “Gyzym şuňa düşen maşyny alaý” diydi. Ejemiň maňa düşünmegi we meni goldamagy meniň üçin gaty uly zatdy. Şol gije begenjime gözüme uky gelmedi. 
Durmuşda büdrämde ejemden başga elimden tutan bolmady. Hemmeler kimde günä diýen soraga berlip, biri kazyçylyk, biri garalawjylyk eden döwürlerinde, diňe ejem meniň tarapymda durupdy. Ähli töhmetleri, ähli aýyplamalary galkan bolup garşylapdy. Sessiz aglady, sessizem köşeşdi. Ähli derdini ýumruk ýaly göwresinde saklady, adama syr bermedi. Mydama adamlara kömek ederdi, karz bererdi, gadymky goňşularynyň okuwa gelen gyzlaryny öýünde saklardy. Onuň çendenaşa gowulygy meniň degnama-da degerdi. “Bu adamlar seni peýdalanýalar” diýerdim. Diňlemezdi, ýagşylyk etmesini dowam etdi. Ýöne hatda menem barden gaýdýan ekenligime soň-soňlar özem göz ýetirdi.
Onuň zanny şeýledi. Adamlar barada diňe gowy pikir etdi. Gybat etmezdi, aýtsalaram ynamazdy. Onuň pikiriçe, adamlaryň beýle bolup bilmegi mümkin däldi, sebabi özi beýle däldi. Şol häsiýeti üçin hemişe jebir çekdi. Öz ýakynlaryndan, ynanlaryndan, söýenlerinden...
Ýaşym geçdigiçe we dünýäni tanadygymça men ejeme meňzeş hiç kimiň ýoklugyna göz ýetirdim. Oňa bolan bagym has berkleşdi. Men öz köklerimiň ejemdedigine düşündim. Özümiň kök ýaýradyp birmahal ondan gopmalydygyma garamazdan, barha oňa ýelmeşdim. Ähli derdim, dostum, duşmanym hemme zadym ortak boldy. Ejem meň dünýämdi, sygynýan ybadathanamdy, syr saklaýan bukjamdy, derdimi aýdyan psihologymdy, ýol görkezýän kompasymdy. Bir gün irden oýanyp onuň ýoklugyny bilsem nahili bolar diýen pikir meni gije-gündiz biynjalyk edýärdi. Pikiriň özünden hopukýadym. Öz-özümiň egoistligime-de gaharym gelýärdi. Ejemiň bolmajak dünýäsinde ýaşamaga özümi taýýarlap başladym. Men indi özüm ejedim, çagalarymyň öňünde borjum bardy, olary durmuşda alyp gitmelidim. Men öz ýelmeşen daragtym ýykylan wagty onuň bilen bile ýykylyp gidibersem, meniňem miwelerim çüýräp gitjekdi. Ejemiň ýaraman agyrlaşan wagtlary, bu pikirimi çuňlaşdyrdym, has erbede taýýar boldum. 
Soň birden ejem gowulaşdy. Garrydy, zordanjyk ýöreýädi, oturyp-turmasy haldy. Ýöne törümde Jemşidiň jamy ýaly bolup ýalpyldap durdy. Maslahat berýädi, göwünlik berýädi. “Ejem garaşýa” diýip ylgap öýe gaýdýadym. Ol meň ýaşama sebabimdi...
Günlerde bir gün ejem süňk atardy. Soňam meni çagyrdy-da, “Seret gyzym, et ýagdan çalt aýrylýandyr” diýdi. Men onuň ýuzune seretdim. “Et sensiň, ýag bolsa seniň soň edinen garyndaşyňdyr” diýdi. “Gaýynlaryň, gudalaryň. Indi süňke seret, etden gopmasy kyndyr. Olar seniň doganlaryndyr” diýdi. Menem güldüm-de, “Eje, eger kän gaýnatsaň onsoňa süňkdenem gopar” diýdim. Olam ýylgyrdy-da “Ol barada ata-babalarymyz zat aýtmandyr, ýöne gyz gaýynlarynda ölse-de, ony doganlary jaýlamalydygyny bilýän, sebabi, turkmende gyzyň süňki hossaryňky diýen düşünje bar” diýdi. Men şonda “Eje ikimiz süňk bilen ýiligi onda” diýdim. Ejem birenaýy ýylgyrypdy şonda.
Bu meň aňymda galdy. Ejem diri kitapdy. Onda hemme soragyň jogaby, çözgüdi bardy. Men hemme ejeler şeýlemikä diýýädim. Bir gezek men tanyşlarymyň birine möhüm mesele çözüşjek bolup, ejesine-de maslahat salmalydygyny aýdamda, ol “Meň ejem meniň meselämi çözjek ýa maslahat berjek adam dal” diýdi. Şonda düşündim, hemme ejelerem birmeňzeş däl eken. 
Ejem garradygyça dili süýjedi. Ony hemmeler gowy görýädi. Gapa çyksa bar çaga daşyndadyr. Hemmesiniň adyny tutar, olaryň ýagdaýyny sorar. Kiçileriň elinden ogşar. Menem “Eje, olar seniň elinden ogşamaly ahyryn” diýsem, “Bular perişde ýaly” diýerdi. Men ejemi hemişe dözümli, gaty aýal diýip bilemsoň oňuň bu haly geň galdyrardy. Soňabaka, ömürboýy tygşytly ýaşan ejem elindäki pulunam, özüne berlen eşiklerem agtyk gelinlerine, agtyk-çowluklaryna paýlap başlady. “Menden ýadygärlik” diýerdi. Men şonda onuň gidip barýandygyny duýmandyryn. 
Soňky döwür ejem ýüzüňe çiňerilip serederdi, gözüni aýyrman kän bakardy. Munam geň gördüm. Indi seredip oturýan welin ejem çagaka Hydyr görendi, ol düýşunde erenlerem görüpdim diýýädi. Şoň üçin ol haçan gitjegi baradaky habary-da alan bolmalydy. Soň üçin çagalaryna doýman seredýädi. Iň soňky sapar seredýän ýaly bakardy ejem...
Bir günem meni çagyrdy-da, “Gyzym su ýerde men öz kepenligimi goýandyryn, bu-da müşkdir öli ýuwlansoň sepilýamiş, bu halynam tabyda düşäň” diýip hemme zadyny görkezdi. Öňem bu zatlary telim aýdandygyna garamazdan, soňky gezek ýuregime erbet yza aralaşdy. “Näme üçin aýdýan bu zatlary, eje?” diýdim. “Gyzym, men bir bişen gawun. Haçan gitsem gidibermeli. Hudaýa müň şukur, Alladan närazy däldirin, maňa göwy günleri görkezdi, çagamyň ölümini görkezip, yzynda aglamaly etmedi. Dünýeden doýma ýok, ýöne gelen ahyr gitmeli-da balam” diýdi. Şonda maşynyma mündüm-de gaty kän agladym. Soňam gözýaşlarymy sylyp, durmuşymy dowam etdim.
Ejem her halda mert aýaldy. Ony ejizleden zat diňe çagalarynyň agzalalygy boldy. Her kimiň gelip beýlekiniň üstünden arz etmesi, zeýrenmesi, durmuşyndan aglamasy, dert-azarlarynyň gutarmazlygy ony bir gapdaldan ýykyp barýady. Her kim başgalaryna aýdyp bilmeýän zadyny gelip, ýumruk ýaly garra döküp giderdi, olaryň umydy beýlekilere ejemiň ýetirmegidi. Ejem bolsa edil guýy ýaly öz içine atdy oturdy. Gidensoň yzlaryndan gözüne ýaş gelerdi, bildirmejek bolup elýaglygyna süpürerdi. Men uzak gün işde bolardym. Emma öýe gelemde ejemiň durmuşyň aladalaryndan ýadan kellejigini dyzynyň üstüne goýup, pikire batyp oturyşyny görenimden ony ýene biriniň gelip zäherläp gidendigini bilerdim. Olar awusyny pürküp, öz durmuşyny dowam ederdi, men bolsa onuň ejizläp ýere siňip barýandygyny görerdim. 
Menem adam. Meňem içimde öýke-kine bolardy. Indi oturýan-da, name üçin başgalara gelen gaharymy ýa öýkämi ejem bilen paýlaşdymkam diýip öz-özüme sorag berýän. Onuň halyny name üçin hiç aňlamadymkam? Näme üçin ýumruk ýaly ejiz garry ömürlik gelen ýaly oň üstüne ähli aladamy ýükledimkäm? Ullakan adam bolanyma garamazdan beýle elpe-şelpeligiň hemişe dowam etmejekdigine name uçin akyl ýetirmedimkäm?
Ejem edil çagalykda gören multfilmdäki aýal ýaly, guşä öwrüldi-de uçdy gitdi. Bizem elimize suwly kürşgämizi alyp baý ylgadyga, “eje, eje” diýip. Magtymguly atamyz aýdýa: “Giden gaýdyp gelmez aglamak bilen”. Bir gün ejemiň buza dönen ellerini elime alyp, näme üçin ejem özüni bilýäkä şu elleri günde öpmedimkäm diýdim. Diňe şoň üçin agladym men. Näme üçin ejemi söýýändigimi gizledimkäm? Indi sol “name üçinler” edil dar agajynyň halkasy ýaly gün geldikçe bokurdagymdan bogýa. 
Ejeler dünýäde Alla bilen aralykçy bolýa, olar seniň üçin dileg-doga edýän perişdelerdir. Olaryň wezipesi çagany dogurmak we ýetisdirmek bilen tamamlanmaýar. Olar tä dünýäden gidýänçäler öz durmuşyny däl-de, çagasynyň durmuşyny ýaşamak, çagasynyň aladasyny etmek, derdine ýanmak, bagtyna guwanmak bilen geçýärler. Yzyma seredýän welin meniň ejem özi üçin asla ýaşamandyr. Belki-de, asla ejem bolanam däldir. Belki bu zatlar meniň hyýalymdyr-da, men onuň içinden çykyp bilýan däldirin.
Eger bu hyýal bolsa, onda juda süýji hyýal. Şeýle bir süýji welin, men onuň dowamyny hem döretmek isleýän. Hyýalymda men ölýän-de, Jennete barýan. Ol ýer şeýle bir üýtgeşik. Anyrda bir görseň gülgüne öwüsýän, bir görsen mawy öwüsýän bir deňiz ýaýylyp ýatyr. Deňziň gyrasy açyk mawy renkdäki çagylyň daşy ýaly owunjak monjuklar bilen örtülen. Ýöräp barýan, kenaryň gyrasynda maňa kimdir biri garaşýa. Deňziň tolkunlary gelip yuwaşlyk bilen kenara urýa. Meň uzakda kiçiräjik bir göwräniň oturandygyny görýärin. Ol göwre şeýle bir göze ýakymly, şeýle bir mähriban. Ädimimi çaltlaşdyrýan, haýdaýan. Men golaýlaşdygymça onuň otuz ýaşlaryndaky, ak ýüzli, nurana bir gelindigini görýän. Ol şeýle bir tanyş, onuň çep eňegindäki çukurjygy men hemme zatdan gowy tanaýan. “Eje!” diýýan. Ejem ýerinden turýa-da maňa elini uzadýar: “Geldinmi gyzym menem sana garaşdym” diýýär. Şol wagt men şeýle bir bagtly, hiç zat, hatda yzymda galan çagalarymam bu bagtyma kölege salyp bilenok. Ony gujaklap egnine kellami goýýan-da, “Eje, indi bir men sen ýanyňda galsam bolýamy?” diýýän. Ejem ýylgyrýa-da “Bolýa gyzym” diýýär. “Indi meni taşlap gitmersinmi?” diýýän. Ejem bolsa şol nurana, mylaýym ýylgyryşy bilen meň maňlaýymy sypalaýar-da şeýle diýýär: “Ýok balam, et süňkden goparmy näme?!”.  
 

188 |
|