Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öý bikesi

9 minut alar

Öý bikesi 

  (hekaýa)

Şäher örän uly tizlik bilen ýaşaýar. Edil giç oýanyp, şonuň öwezini dolmak isleýän ýaly, dynuwsyz hereketde bolýar. Häzir dagy eliň degenden işläp duran enjamlara-a çenli ulanyşa girdi, jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Bular ýaly durmuş bilen köpler öwrenşip bilmänem alada galýarlar, aýratynam, eger olar obadan göçüp gelen ýa-da şähere durmuşa çykan bolaýsalar. Ogulboldy daýza kejigen wagty häzirlerem öwrenişmändigini aýdyp, ulaldyberýän bolmagam mümkin. Ýöne onuň şäherde doglan we sözüň doly manysyndaky şäherli gyzyna seredip, özüniň henizem obalydygyny nygtaýandygy welin hakykat. Gyzynyň her bir hereketinde diýen ýaly ol şähere durmuşa çykyp näme gazanandygyny oýlaşdyryp görýär. Onuň “Men gyzkam...” diýip başlaýan öwüt – ündewleriniň soňy gyzynyň “hawa, hawa, obada şolar ýaly” diýen jogaby bilen tamamlanýar. Olar, ýagny Ogulboldy daýza bilen gyzy ilkibada göräýmäge biri – birine gapma – garşy adamlar ýaly bolup görünýär. Daşky sypatlary boýunça-da şeýle. Ogulboldy daýza orta boýludan dolmuş aýal. Dem alanda, paşşyk burunlary hyşşyldap ses çykarýar. Semizligi ýa dem gysmasy üçin däl. Ol obadaky syrdam gyzlaryň birikä-de, burnundan ses çykarýardy, sebäbi lukmanlar onuň doglandan burnunda et galandygyny aýdýarlar. Adamsy bolsa: “Zyýany ýok, esasy, dişiňde et galmasa bor” diýip öýlendi. Gyzy Suraý welin ejesiniň tersine, inçemikden uzyn boýly gyz. Olaryň saçynyň, gözüniň, agzynyň meňzeş däldigi hakda aýdyp oturman, diňe ýekeje umumylygynam agzamagymyz gerek. Olaryň ikisem ölemen nahar bişirmegi gowy görýärler. Maşgalabaşy Durdumuhammet aganyň “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýen nakyly ejeli gyzyň aşhananany paýlaşyp bilmedik wagtlary özüçe üýtgedibermesi bar. “Palawy iki zenan bişirmez”, “Iki zenanyň bar ýerinde gohsuz manty iýmersiň”, “Iki zenanyň demlän çaýy çaý bolmaz” we ş.m Onuňam öz hasaby bar. Nahar bäsdeşlikde süýji bişýär. Dört gözli gazlaryny elektron plitalar bilen çalşansoňlar-a, aşhanada “maşyn uruşlaram” başlandy. Bu elektron plita görgüliniň “häzirkizaman” Suraýdan we “geçen asyrdan galan ýadygärlik” Ogulboldudan görmeýän güni ýokdur. Satyn alnaýan günleri-hä onuň başdan geçiren iň agyr günleri bolupdy. Şo demde ýandy, şo demde söndi, peseldi, gataldy, garaz, tas döwlüp hatardan çykypdy. Gaz plitany nähili ulanmalydygyny bilensoňlaram, gulagy dynmady. Umuman, durmuşyň iň kiçijek, hojalyk mesleleri bolsun ýa bolmasyn, eneli gyzyň pikirleriniň çapraz gelýän ýerleri kändi. Olar şo wagtlar ýene ençe ýyllardan soň gyzynyň diňe ejesiniň aýdany boýunça ýöräp, diňe ejesiniň beren öwütlerine eýerjekdigini gümanam edenokdylar. Bu pikir çapraz gelşikleriniň geljekki ýyllaryň agzybirligini timarlaýandygyny, geljekki ýyllaryň asudalygyny üpjün edýändigini bilenokdylar. Akymyň ters ugruna ýüzýän ýaly bolup ýören Ogulboldy daýza gyzynyň akyly goýalyşdygyça, barha özüne meňzäp, agynjak özüne öwrüljek günleriniň bardygyny bilmän kejigýärdi. Olar awtobusdan düşüp, oba barýan uly ýoluň gyrasyndan giren wagtlaram şeýle boldy. Ogulboldy daýza derjigen maňlaýyny sylyp, yzyna düşüp gelýän gyzyna nägile seretdi. Ýöne bir zat diýmekden öňürti uludan demini aldy.

  • Şular ýaly ökjeli köwüşde gatmalymy oba? Mundan beýigini tapmadyňmy? Nädip ýörejek indi? – diýip, köwşüne dümtünip oturan gyzyna ýüzlendi. – Maşyn tutaýyn diýsem, bu ýerden maşynam geçenog-a – diýen wagtynda, Ogulboldy daýza daş – töweregine göz aýlady. Oba haýran galaýmaly baglyk bolup otyrdy. Niredendir bir ýerden horazyň sesi eşidilýärdi, uly ýük maşynynyň şakyrdysy beýleki bir köçäni ýaňlandyryp barýardy. Uly ýoluň gyrasyndaky insizje joýadan şildiräp suw akýardy. Joýanyň uzaboýuna-da kiçiräk, inçejik baglaryň hatary, entek ýaş nahallaryň tirkeşigi bardy. Eger wagtyň ýa höwesiň bolsa, olaryň ýanynda her dürli möjejikleriň sesine, guşlaryň jürküldisine diň salyp oturmalydy.
  • Şeýdip ýöräýmesem – diýip, Suraý ýerinden galdy. Onuň bir aýagynda ökjesi beýik köwşi bolup, beýleki aýagy ýere dökülen çaglyň üstünde agaryp durdy. Gyzynyň şu aralykda-da Güne garalyp ýetişendigine üns beren Ogulboldy daýza mundan artyk eglenmek islemedi. “Aýakýalaňaç ýöre” –diýip, howlukmaç öňe düşdi. Olar barmaly ýerlerine örän çalt ýetdiler, ýöne Ogulboldy daýza ikigatly kaşaň jaýa aňkarylyp durdy. Öňki gezek geleni bäri üýtgäp ýetişen bu jaýda çagalygynyň tas ýarysyny geçiripdi. Ogulboldy daýza üçin ol hemişe bir durkunda – pessejik üçekli ak tam bolup bolup duraýjak ýalydy. Gelin kömelek ýaly seteran ýerleşen jaýlaryň içinden ol hemişe özüne geregini göwnühoşluk bilen tapardy. Gyzynyň:
  • Şu Ahmet daýymlarmy? – diýen soragyna bu gezek elindäki zatlaryny şakyrdadyp, howla girmek bilen jogap berdi.  Howly Ogulboldy daýzanyň dar gursagyny giňeltdi. Edil gabat garşyňda bolsa, kiçiräk mellek ýere ekilen gyzyl güller seni ilkinji bolup garşy alýardy. Ogulboldy daýza şo gülleriň arasynda pasyrdap ýören kiçijek göwräni birbada altmyş ýaşly gelnejesidirem öýtmedi. Ondan – oňa “uçup” ýören göwräniň gelnejesidigini tananda, şunça wagtyň dowamynda hiç bir zadyň üýtgemändigine düşünip kellesini ýaýkady. Gelnejesine kimiň we haçan “tagtabit” diýen lakamy dakandygyny bilmeseler-de, bu lakamyň çepiksije göwredenem beter onuň bir zada ýapyşsa, sypdyrmaýandygyny göz öňünde tutup dakan bolmalydygyny çaklaýardylar. Çypardan jüýkburun gelnejeleri ýerli zenanlaryň birine ne keşp babatda, ne-de häsiýet babatda meňzeýärdi. Ogulboldularyň ata mekandan ir göçüp gaýtmaklaryna-da şo “tagtabit” sebäp bolupdy. Ol diňe äriniň däl, gaýyn atasynyňam sakgalyndan “dişläp” eltisini öýden çykarypdy. Şonda Ogulboldynyň ejesi gyzyna ýat ýerden gelen sary jadygöýem, onuň getiren betbagtçylygynam gürrüň beripdi. Elbetde, çypardan jüýkburun gelnejesi hakda toslanan bu erteki ony aýdanyň ýadyndan çykyp, özi bilen o dünýä gitse-de, Ogulboldy daýzanyň ýadyndan çykmady. Gaýtam, gelnejesi agzalsa, şol sary jadygöý ýadyna düşdi durdy. Häzirem, ýagny gelnejesi ilkibada nokat ýaly bolup, özlerine ýakynlaşdygyça, kem-kemden ulalýan wagtam Ogulboldyny birhili çekinjeňlik duýgusy gaplap aldy. Gelnejesiniň küýkeren göwresini ýerden süýrenip gelýän köwüşleri göterip bilmän, şyrk-şyrk ses edýärdi.
  • Äliksalam, Boldy jan – diýip, ellerini Ogulboldy daýzanyň egnine degren gelnejesi derrew aýrylmak bilen boldy. Şol aralykda Ogulboldy daýza onuň hasam kiçelip, boýunyň indi egninden aşakda, bilinden sähel ýokardadygyna üns berdi. Gelnejesinden çig süýdüň ysy gelýärdi. Boýnundan asan tumary derlän ýakasyna ýelmeşip durdy. “Gözleri peträp dur”- diýip Ogulboldy daýza, pikirini bilmdirmezlik maksady bilen myssa ýylgyran boldy. Gelnejesi şu görnüşde öýüň eýesine däl-de, onuň haýsy hem bolsa bir gizlin ýerinde ýaşaýan jandaryna meňzeýärdi, sebäbi ikigatly kaşaň jaý bilen kybaplaşýan ýeri ýokdy. Ondan, hatda, şo kaşaňlygyň ysam gelenokdy.
  • Ýaňyja süýdi guýup boldum-da – diýip, gelnejesi sözüni soňlaman, öýe mürähet etdi. – Siz giriberiň öýe, menem, ynha, barýan, Boldy jan – diýensoň, ol öýüň gapysyny açdy. Şo bada Suraýa gözi düşüp, “Tüweleme” diýdi. Ýöne Suraý  göz degriläýjek ýaly, daýzasynyň deňinden çalt geçenini kem görmedi. Umuman, çekinjeňlik duýgusy diňe ejesi bilen çäklenmedik borly. Olar  öýüň arassa otaglaryny gözlerine sygdyryp bilmän, şol synladylar oturdylar. Ähli zatlar düýn satyn alnan ýaly täzedi, göze gelüwlidi. Ýerli – ýerinde goýlandy. Gözüň ýagyny iýip barýan türkmen halylary diýjekmi, barhatdan tikilen tutulary diýjekmi, biri – biriniň dowamy bolup, köşk ýaly kaşaň otagy emele getirýärdi. Millilik bilen döwrebaplygyň ajaýyp sazlaşygydy. Şular ýaly otagyň bolsa dagy içinden çykman oturjakdygyny pikir edende, Ogulboldy daýza gelnejesiniň bu otaga iň bärkijesi geçmeýäninem güman edenokdy. Gelnejesi uzak garaşdyrman geldi. Şol ikaralykda eýýäm çaý demläp gelendigi onuň, hakykatdanam, üýtgemändiginden, galjaňlygyndan, birwagtky işjanlylygyndan habar berýärdi. Hawa, bu sypatlaryň nebse däl-de, myhmansöýerlige hyzmat edýän wagtlary kalbyňa hoş ýakyp, ýaýraberýärsiň. Ogulboldy daýza-da biraz öwrenişdi. Gelnejesine: “Biz üçin azara galmasana, gel ýanymyzda otursana” – diýdi. Suraý bolsa, çaýyň gapdaly bilen uzadylan süýji-kökelere aşaklyk bilen göz gezdirýärdi. Şäher dumuşynda pampazadyr ak süýjülere seýrek, asla duş geleňok diýen ýalydy. Kökelerem toýa-tomga alnyp gidiläýmese, adaty durmuşda seýrek iýýän, köpleriň-ä asla iýmeýän kökeleridi. Ýöne bu kökeleri uruş döwrüniň ýa açlygyň azabyny çeken adamlar gowy görýärdiler. Suraý kaşaň otagdaky bu mürähete sowuk-sala seretdi. Diňe ejesi: “Duzdan uly bolma” – diýip, gözüni alardansoň, islese- islemese, bir togalak kökäni alan boldy. Ýöne ol bally kökänem zordan iýýän gyzjagaz, diňe bir gyrasyndan dişläp goýaýdy.
  • Hawa, Boldy jan, gelip dogry edipsiň. Gelibermeli şeýdip, arasynda. Daýyň pahyr soň ýaramady. Kän kösendi görgüli. Jaýy jennetden bolsun neressäň. Seň kakaňam kän ýatlady soňky döwürler neressejigim. Gitjegini bilendir-dä. Özüňiz gowumy? Bolýar-la şo gowy bolsaňyz. Bizem Döwranjan bilen şo gidip oturşymyz. Gyzyňmy bujagaz? Tüweleme, goçak gyz bolaýypdyr. Nämä iýeňok kökeden? Al, al-a, iý – diýip, ol kökeleri Suraýyň öňüne süýşürdi. Onuň hereketlerinde nähilidir bir dabaralylykmy, gabaralylykmy duýulýardy. Umuman, onuň özündenem beter oturan ýerinden göwnühoşdugyny aňlamak boljakdy. Ol “Şükür, şükür, gelneje” diýip, jogap berýän Ogulboldy daýzanyň ýanynda hanym ýaly görünýärdi. Sözlerini ynam bilen aýdýardy. Arasynda gözleri bilen öz diýeniniň edilmelidigini düşündirýärdi. Şonda Ogulboldy daýza aljyrap, ýene gyzyna “iýiber” diýip yşarat edýärdi. Birsyhly ümsüm hal-ahwal soraşmagyň asuda ýoly bilen, öwrendikli ýoly bilen gidip oturanlar “waý, myhman geldimi?” diýen sese ziňkildäp gitdiler. Gelnejesiniň bada-bat ýüzi üýtgäp, dodaklary öz ýanyndan müňküldedi. Ol “hawa, myhman geldi” diýýän bolmalydy. Otuz ýaşlaryndaky dolmuş zenan maşgala gara gözlerini ýaldyradyp, gadyrly salamlaşdy. Onuň örän şähdaçyk zenandygy gülüp duran gözlerinden görünýärdi. Şeýle bolansoň, Ogulboldy daýza-da ýylgyrmagyny goýman, gyzy Suraýam tanyşdyryp ýetişdi. Gelnejesiniň ýeke gelnini bir toýunda gören bolaýmasa, onam ýöne daşyndan bir synladymy, synlamadymy, Ogulboldy daýzanyň ýadynda galmandy. “Ine, şu gelnejeň gelni” diýseler tanajak gümany ýokdy. 
  • Meniň daýzam jan zordur – diýip, dolmuş gelin gaýyn enesiniň arkasyna kakdy. Şol aralykda Ogulboldy daýza bakyp, gözünem gyrpyp ýetişdi. Bu, megerem, onuň öwrendikli hereketi bolmalydy. – Täze köýnek tikdirdim-de, şony göräýin diýdim. Daýza, süýdi bişirdiňmi? – diýende, ol derrew ýüzüni üýtgetdi. – Häzir Omar janam geler. Agşamlygam-a etmeli borus – diýip, ol ýerinden turmaga hyýallandy. Ýöne onuň “agşamlyk etmeli borus-y” “ sen agşamlyk edäý” diýen yşarata çalymdaşdy. Şo barmana, dolmuş gelniň gözi saçakda duran süýji – kökelere kaklyşdy. – Waý muny – diýip, ol çaltlyk bilen beýleki otaga geçdi-de, gymmatbahaly şokoladdyr gury iýmişlerden doly mejimäni myhmanlaryň öňünde goýdy. Daýzasynyň alarylyp seredýän gözleri gelni yzarlap, eli mesgedir gowurdakly gelýän wagty tas büdüredip ýykypdy. Ýöne ol gaýnenesine barmysyňam diýenokdy. – Alyň, alyň, iýiň – diýip, elindäkileri myhmanlaryň öňüne uzadýardy. – Daýza, şol otlaryňam indi başyny bogup aýyrmasaň, sary göle zat goýjak däl ondan – diýibem ornaşdy-da, getiren zatlaryna ilkinji bolup elini uzatdy. Dolmuş gelin göz edip iýýän ýaly, gaty görkezijilik bilen mesgeli çöreginiň bir gyrasyndan gädýän wagty Suraýdyr Ogulboldy daýza biri – birine seredişdiler. Suraý-a uzak saklanmady. Bally kökeleriň birinden dişledi. Nätjegini bilmän, oýkanjyrap oturan Ogulboldy daýza-da şeýdäýmek galdy. Ol diňe zordan ýerinden turup, küýkerip barýan gelnejesiniň arkasyndan seredip galdy.  Olar uzak gürrüň etselerem, ýatda galanlary ýa galjaklary az-azdy. Gürrüňleriň hörpi, esasan, şäher durmuşynyň aýratynlyklary baradady. Dolmuş gelin şähere göçäýmek meýliniň bardygyny, çagalarynyň şäheri küýseýändigini mälim etdi. Gün guşluk bolsa-da, öýe girmedik gelnejesiniň indem girmejegini aňlan Ogulboldy daýza garaňkyny bahanalap turarman boldy. Olar howla çykanlarynda, etegini suw sil edip, okara ýuwmak bilen başagaý gelnejesini gygyryp diýen ýaly çagyrdylar. Bolmasa, ol ýerinden turup, mal ýatak tarapa hyýallanýardy. Elinde-de gap-gaçlardan toplanan galan –gaçak gök önümler bardy.
  • Gelneje sag otur – diýip, Ogulboldy daýza näme üçindir müýnürgäp aýtdy. Ol mundan artykmaç bir zatlary diýip, gelnejesini ynjadaryn öýdüp howpurganýardy. Ýöne gelnejesiniň öýkelemek, gaty görmek ýadyna düşenokdy. Gelnine üns bermediksirän bolsa-da, onuň bar wagty sussy basylýandygy duýulýardy. Şol sebäpden onuň gaýratlylyk bilen sag bollaşmak isleýän pursaty ýasama bolup çykdy. Munuň şeýledigini onuň özem aňlap, derrew howla girmek bilen boldy. Ogulboldy daýza görenlerine ynanmaýan ýaly, yzyna gaňrylyp seredende, äpet howlynyň içinde bir gysym bolup, küýkerip barýan gelnejesine gözi düşdi

Ýolboýy Suraý ejesiniň nämä böwrüni diňläp gelýändigine düşünmedi. Ondan birnäçe sapar gaýtalap :”Näme bolýar saňa?” – diýip sorady. Ogulboldy daýza daşyndan  “Hiç zat” diýse-de, içinden ahmyr çekýärdi. Gelnejesi zerarly öýden çykarylyp, birnäçe wagtlap jaýyň sergezdançylygyny çekenlerini ýatlanda, özleriniň juda bärden gaýdandyklaryna düşünip, hyrçyny dişledi.

  • Eger kökäni iýesiň gelmeýän bolsa, iýäýmegin. Sen bir biziň ýalňyşymyzy gaýtalama! – diýip, ol gyzynyň bu sargydyny aňryýany bilen ýerine ýetirjekdigine ynanyp aýtdy.

 Bägül ATAÝEWA

37 |
|