Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

çopan oglanjyk

Är-aýal gatnaşygyndaky çaprazlyk döwürleri

5 minut alar

Är-aýal gatnaşyklarynda esasan hem iki döwürde ýiti çaprazlygyň ýüze çykýandygy mälimdir. Onuň birinji döwründäkisine psihologiki, ikinji döwründäkisine seksual gatnaşykdaky çaprazlyk diýilýär. 1. Psihologiki çaprazlyk köplenç ýaş çatynjalaryň bilelikde ýaşap başlan ilkinji ýyllarynda ýüze çykýar. Ýaş juwanlaryň hüý-häsiýetleri, gündelik durmuş endikleri, edep-terbiýesi, pikir-garaýyşlary biri-biriniňkä çapraz gelýär. Durmuşykino ýaly diňe gowulykdyr, süýjülikdir, şadyýanlykdyr öýden ýaş çatynjalaryň öňünden her dürli näsazlyklar, päsgelçilikler, özara düşünişmezlikler, öýke-kineler, kemsitmeler çykyp başlaýar. Ozal eje-kakanyň aladasy bilen gurşalyp ýören ýaşlara, bir-biregiň diňe gowy taraplaryny görüp, söýgiň jadysy bilen bir-birege ýüzlenip ýören ýaş çatynjalara bu zatlar garaşylmadyk «şarpyk» ýaly bolup görünýär. Şu döwürde ýigit bilen gelne ýakyn hossarlarynyň kömegi, ýardamy möhümdir. Eje-kakalar olara öwüt-ündew etmeli. Munuň ýaly öýke-kineleriň her kimiň durmuşynda-da gabat gelýändigini düşündirmeli. Ownuk-uşak dawa-jenjel zerarly göwne sowuklyk salmagyň gerek däldigini nygtamaly. Aglaba, türkmen maşgalalarynda bu hut şeýle-de edilýär. Ýaş çatynjalar wagtyň geçmegi bilen birek-birege içgin öwrenişip, bilelikde maşgalanyň keşigini çekip, perzentleri dünýä inip, durmuş atly derýa goşulyşyp gidýärler. Käbirleri bolsa, ilkinji psihologiki çaprazlyk döwründe «buz üstünde tozan arap» nikany bozýarlar we soň-soňlar ýalňyşyna düşünip, puşman edip gezýärler. 2. Seksual çaprazlyk döwri, bu är-aýalyň 40 ýaşa golaý döwründen soňky durmuşyna degişlidir. Şu döwürde är-aýallaryň arasynda seksual islegiň kanagatlandyrylmazlygy zerarly maşgalada her hili dawa-jenjeller döräp başlaýar. Doktor Batterfiod: «Seksual gatnaşyklary är-aýalyň arasynda kanagatlanma döredýän köpsanly ýagdaýlaryň diňe biridir, ýöne şol kadaly bolmasa, başga hiç bir zat kadaly bolup bilmez» diýýär. Şol sebäpli hem maşgala durmuşyndaky seksual çaprazlyk döwrüniň çylşyrymly döwürdigini unutmaly däl. Seksual kanagatlanmany başga ýerden gözlemeli däl-de, birek-birege has içgin düşünişmäge, ýagny är-aýalyň arasyndaky gizlin gatnaşyklarda birek-biregi kanagatlandyrmagyň dürli görnüşlerini gözlemeklige çalşylmalydyr. Şeýle edilende seksual çaprazlygyň bu ýaşlardaky kynçylygy ýeňlip geçilýär. Şonuň ýaly-da, şu ýaşlarda birek-birege öwrenişip, öňki mähirli gatnaşyklar kütelişýär. Är-aýalyň hersi öz ýanyndan akyllysyrap, biri-birini äsgermän, kemsidiji, gödek sözler aýdyp günäni ýanýoldaşyndan gözleýär, bir kemçilik tapaýsa dagy säginmän ýüzüne basýar. Mähir, hormat, sylanyşyk ýaly ýokary adamkärçilik taraplar ýitip başlaýar. Nitejede, är-aýalyň arasyndaky dartgynlyk maşgalanyň törüni eýeleýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda aşakda görkezilenlerden ugur almak zerur: – maşgala durmuşyndaky gaýtalanyp durýan birsyhly düzgünlere täze, oňaýly üýtgeşiklikleri girizmeli; – maşgala bolup dag çeşmelerine, tebigatyň gözel ýerlerine ýa-da göwnüňi göterýän ýerlere, teatrlara gitmek ýaly dynç alyşlary gurnamaly; ruhy lezzeti baýlaşdyrmaga çalyşmaly; ruhy göýdükligi ýeňmeli; – birek-biregiň islegine dogry düşünmeklige çalyşmaly; – birek-birege bolan sylag-hormaty unutmazlyga endik etmeli; – birek-birege kämilleşmäge, erkinligini duýmaga ýol bermeli; – birek-biregiň halyndan habar alyp durmaly, ruhy goldaw bermeli: – birek-birege täze-täze ukyplaryňy we başarnyklaryňy görkezmeli, birek-birege gerekdigiňi duýup, maşgalada wagtyňy hoş geçirmeklige çalyşmaly. Aýallardan tapawutlylykda erkek adamyň 40 ýaşa golaýlanda çagalaryny okatmak, gözli-başly, öýli-işikli etmek ýaly borçlar, maşgalada ýüze çykýan dürli meseleler babatdaky aýalynyň igençleri uly bir hupbat bolup, onuň başyndan inýär. Şu krizis döwründe olaryň hereketleri azalyp, birneme garyn salýar, fiziki taýdan gowşaýar, saçy düşüp ýa agaryp başlaýar, gözleriniň nury öçüşýär, ýüzlerine az-kem ýygyrt düşýär. Şunuň ýaly gowşamanyň öwezini dolmak üçin olar spirtli içgilere, ýaş aýal maşgalalara gyzygyp başlaýarlar. Şu ýaşda erkek adam ruhdan düşmän, tersine, özüni ele alyp, maşgalasy üçin täze-täze sepgitlere ýetmeklige çalyşmaly. Maşgalada abraýyny saklap, çagalaryna görelde bolup, maşgalanyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmäge erjellik bilen çemeleşmeli. Bu işleri amala aşyrmak üçin bolsa fiziki taýdan taplanan bolmaly, ruhubelent bolup, öz daş keşbiňe seretmeli, hojalykdaky ýüregedüşgünç, birsyhly günleri üýtgetmek üçin işden boş wagtlarda maşgalaň bilen dynç almaga gitmeli, maşgaladaky agzybirligi, maşgalanyň il içindäki öňden gelýän abraýyny saklamaly. Şu döwürde aýal maşgalanyň ýanýoldaşyna düşünmegi, goldaw bermegi, hemaýaty örän wajyp bolup durýar. Aýal maşgala bu ýaşda özüni diňe çagalaryna, hojalyga bagyş etmän, eýsem, özüne hem serenjam bermelidir, göze ýakymly görünmelidir. Ykjamdan arassa, göze ýakymly geýinmek ýaly häsiýetlere endik etmelidirler. Jemläp aýdanyňda, är-aýal durmuşyndaky seksual çaprazlyk döwründe köp aýallar asyllylygy, sabyrlylygy, päk ýürekliligi, ýanýoldaşyna, öý-ojagyna şeksiz wepalylygy bilen maşgalanyň agzybirligini, abadanlygyny gorap saklamagyň nusgasyny görkezýär. Käbir aýallar bolsa şu döwürde belli sebäbe görä, ýüze çykan nägileligini, dawa-jenjelini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirýär. Ýanýoldaşyny kemsidip, göwnüne degip, onuň infarkt, kellä ganinme ýaly kesellere uçramagyna sebäp bolýarlar. Erkek adamlaryň köpüsi bolsa, şular ýaly maşgala ýagdaýa düşenlerinde mejbury ýagdaýda araga-şeraba özüni urýarlar. Dawa-jenjel tutup ýören aýallar newroz, göwüsde howply täze döremeler ýaly kesellere uçraýarlar. Şu döwürde käbir aýallaryň gizlin ýagdaýda öz ärlerine ikilik edýänleri-de bolýar. 
Seksual çaprazlyk döwründe ençeme ýyl bilelikde ýaşan, birnäçe ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdiren är-aýallaryň aýrylyşýanlary hem ýüze çykýar. Sebäbi, alynýan maglumatlaryň aglabasynda nika bozmalaryň köpüsi seksual gatnaşygyň näsazlygy zerarly ýüze çykýar diýip bellenilýär. Şonuň üçin şu döwürde iki tarapyň hem özlerinde uly jogapkärçiligi duýmagy, parasatly netijä gelmäge çalyşmaklary möhümdir. Aýal maşgalalarda 50 ýaş töwereklerde klimaks döwri başlaýar. Bu döwürde aýal maşgalalar gaharjaň, aglagan, özüne erk edip bilmezek, oňşuksyz bolýarlar. 
Hamala ýanyp barýan ýaly duýgy peýda bolup, olary der basýar, howsala düşýärler. 
Şu ýagdaýda olar nähili kyn hem bolsa, özlerini ele almalydyrlar. Ýanýoldaşynyň bolsa aýalynyň ýagdaýyna düşünmegi we oňa goldaw bermegi örän zerur bolup durýar. 
Maşgala mukaddes hasaplanylýar. Ynsan öz bagtyny agzybir, abadan maşgaladan tapýar. Şeýle maşgalada önüp-ösýän perzentler hem kemally adamlar bolup ýetişýärler. Agzybir maşgala ýurduň, döwletiň hem daýanjydyr. Bagtly maşgalany gurmak, berkitmek, gorap saklamak är-aýal gatnaşyklarynyň ähli babatda kämilligine, sazlaşyklylygyna gös-göni baglydyr. Häzirki döwürde adamlar är-aýal gatnaşyklarynyň dürli meseleleri hakynda köp okaýarlar, bilýärler. Çünki bu möhümdir. Maşgalany gorap saklamak, durmuşda bagtyýar ýaşamak üçin biziň her birimiziň aladalanmagymyz gerekdir.

Çeşme: A. Nohurow, A.A. Nohurow-Maşgala psihologiýasy, 2011 Aşgabat.

2015 |
|