Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

NÄME ÜÇIN EJE?

4 minut alar

Mämmet öýlän işden öýüne geldi welin ony ejesi Senem daýza garşy aldy. Garşy aldy diýlende gazly jaýda yzyna öwrülmän “Geldiňmi oglum?” diýip seslendi. Mämmet ony eşitmedem, göni öz otaglaryna girip gitdi. Mämmediň gelni Humaýyň atasy öýüne gidenine eýýäm bäş gün geçipdir. Eýsem ony öýlerine Mämmet taşlap gaýdypdy ahyry. Özem “Men saňa gel diýip habar edýänçäm geläýmegin!” diýip gaýynlary bilen sag bollaşman gaýdypdy. Şonda Humaý utanjyndan ýer ýarylyp içine girip bilmän gözüne ýaş aýlap galypdy.
Mämmet bilen Humaýyň durmuş guranyna eýýäm bir ýyl geçdi. Başda bularyň ikisem güler ýüzli, aktiw we pozitiw adamlardy welin toýdan soň bar şadyýanlyklary gün günden azalyp başlady. Humaý işe gidip geleninden soň öýüň hyzmatlaryny etmeli, Mämmet bilen özüniň aýlyk kartlary gaýyn enesinde durmaly, bir zat satyn almaly wagty öz gazanýan pullarynyň ujundan diläp almaly, ulumsy eltisi Gülbahar bilen oňuşyp ýaşajak bolmaly. Näme üçin? Sebäbi ol kiçi gelin. “Türkmeniň kiçisi bolanyňdan orsuň gürjüsi bol!” diýleni. Dogry,durmuş bir egzamen welin edil bu derejede kyn bolmaly dälä ýa-da durmuş “ Gel şu nä dereje çydamlyka?”diýen ýaly kem kemden kynçylyklaryň dozasyny artdyrýan ýaly.

Mämmediňki hem aňsat däl. Işdäki adamlary diňlemeli, öýe gelse öýdäkileri diňlemeli. Çözgüt tapmaly däl diňe diňlemeli. Sebäbi adamlar öz meselelerine çözgüt tapylmagyny islänoklar, aslynda käbiri şol meselelerine şeýle bir baglanypdyrlar welin bir gün çözgüt tapylmagyndan gorkýarlar.
Eýýäm bäş gün, bäş gün geçdi. Mämmet nahar iýesi gelmese-de ejesi Senem daýzanyň şol iňirdisine çydaman saçaga oturdy.

– Eje hany beýlekiler?
– Kakaňa toýa gitdi!
– Kimiň toýuna?
– Işdeşi Atamyrat porsy gyzyny çykarýarmyş.

– Agam bilen gelnejem?
– Gelnejeň podnosa nahar guýyp öz otaglaryna alyp gitdi….

Mämmet birdan gaharlandymy ýa agysy tutdymy gözünden ýaş akdy.

– Wiýýýý oglum! Bu nä boluş? Näme boldy?

– Eje näme üçin beýtdiňizaý?

– Toba etdim? Näme edipdirin men?

– Näme üçin meni diňlemediňiz? Men size toý üçin bergi etmäliň diýdim, sen gitdiň Maral daýzamdan 70 gramlyk kardinal aldyň, Nartäç gelnejemden bäş müň dollar karz aldyň. Süridäki mallary satdyrdyň. “Işdeşlerim näme diýer? Waý hemme kişiňkiden üýtgeşik bolmaly, her kim agzyny açyp galmaly!” diýdiň edeniňi etdiň, towugyňa tok diýilmedi. Indi kakam görgülem ýadapdyr saňa goşulanok. Ohow saňa haý küş diýýänem ýoga. Düşünýän özüňe edilmedik zatlary çagalaryňa edesiň gelýändir welin aýagymyz uzyn-da ýorganymyz kiçi dälmaý eje? Indi Humaý ikimiziň bäş müň manat aýlygymyz bilen toýuň bergisini nädip üzmeli?

– Janymyz sag bolsa üzeris oglum, darykma!

– Seniň özüňem bilýäň eje ýalňyşandygyňy welin boýun alasyň gelenok. Şunça berginiň içinde men nädip bagtly bolmaly? Şol gyzyly yzyna ber diýýän welin “Men täze gelnimiň boýnundaka degmerin” diýip gedemlik edýäňä. Başga jaýa göçüp Kwartirant ýaşajak diýýän welin oňa-da rugsat bereňoga. Ohow özüň janly şaýada iki eltiniň bir howluda oňuşmaýanyna. Baýramsoltan gelnejem seni sygdyrmada wagtynda. Indi senem enemiň hereketlerini gaýtalaýaň, bilemok özüň bilýäňmi ýa bilip edýäňmi?

– Wah men guraýynla, men guraýyn!
– Edil enemiň gürrüňleridä. Ohow janym ejem indi garraýaňyz siz! Şony kabul edäýiň! Kakama kabul edip bir gyra çekilip oturdy welin sen gidişýäň döwür bilen!

– Öteräk geçýän bolaýma han ogul?
– Öte geçýän däldirinlaý eje! Wah seni bir gezejik daşary ýurda aýlap gaýdaýsaň. Başga-da üýtgeşik, ýönekeý durmuşlaryň bardygyny görkezip bilsedim. Biz aslynda ýalňyşypdyryslaý. Daşary ýurda biz okuwa gitmeli däl ekenik. Siz daşary ýurda işlemäne gitmeli ekeniňiz wagtynda. Biz üýtgänimiz bilen sizi üýtgetmäne güýjümiz ýetjek däl ekeni ýöne siz üýtgän bolsaňyz bize güýjüňiz ýeterdi meniň pikirimçe!

– Humaý gelin haçan gelýä indi? Atasy öýünde köp galyberse halanmaz!

– Şol gelniňä entek entekler geläýmez eje. Ilki öz aramyzdaky razborkalarymyzy çözmeli. Onsoňam kim halamaz eje? Il günmi, garyndaşlarmy, sizmi? Ohow il gün näme diýer diýip öýdenem çykyp boljak dälow indi.
– Hany bol töwir edip ber, meniň işim bar!

Mämmet ulydan demini aldy-da “Bismillahirrahmanirrahim….”
Adam garradygyça çagalaşýar, kejirleşýär. Düşünişmek kynlaşýar. Ýaşlyklarynda edip bilmedik zatlaryny çagalarynyň etmegini, öz ýetip bilmedik arzuwlaryna perzentleriniň ýetmegini isleýärler emma özleriniň beren kararlary bilen. Ine şujagaz ýerde ýalňyşylýar. Özleriçe hemme zady hasaplaýarlar emma gynansak-da döwrüň üýtgemek tizligini hasaplap bilenoklar. Döwür öňe geçýär ruhlar, pikirler yza galýar….


 


 

115 |