Teswirler (2)

Ýüklenýär...

Şapak wagty.

3 minut alar

GÜN: asman gümmezinde bize iň ýakyn bolan ýyldyzdyr. Günüň 149,9 million kilometr uzakdalygyna garamazdan ara-çägi daş bolsada oňa gözümiz bilen seretsek gözümize zeper ýeter, yöne uzaklygyna garamazdan gyzgynlygy bize ýylylyk yşyk bilen gelýär. Günüň massasy 2*10³⁰ kg agramyna eýedir.

Eger Gün birden ýok bolan ýagdaýynda , Mawy zeminimiz doň halda, onuň dartyş güýjiň täsirinden çykyp Älem boşlugyna tarap hereket eder. A eger Gün nurly şöhlesini saçmasyny bes edip gara girdaba öwrülse (massa üýtgemese) ýene doňar ýöne orbitasynda hereket etmäge dowam eder. Günüň tempraturasy 5700°C barabar bolup Äleme dürli uzunlykdaky elektromagnit tolkunaryny saçýar. Günüň düzüminde 70% Wodoroddan (H), 29% Geliý-den (He), galan 1% bolsa beýleki elementlerden durýandyr. Günden çykan güýçli ionlaşma protonlaryň, elektronlaryň akymy, sekuntda 200-den- 900 km çenli tizlik bilen hereket halynda bolup, ýeriň çägine birnäçe günüň dowamynda gelip ýetýär. Ýeriň beýik we pes bolan ýerlerinde gün batymynyň ajaýyp şapaklaryna gözegçilik etmek mümkindir. Deňizde günüň batyşyny doly synlap bolýar, sebäbi deňiz tekiz gidyär hemem deňiziň üstünden günüň öňüni ýapjak baglar, jaylar we ş.m zatlar yok.

surat: öz şahsy adyma baglydyr. (SİNOP)

Gün reňkiniň şapakda we gündizlerine üýtgemesiniň sebäbi…

Günde bolup geçýän hadysalar, onuň üstünde dörän gara tegmiller, günüň üstünde döreýän güýçli partlamalarda, güýçli magnit akymynyň günüň daş töweregine seçilmesi we ýer şaryna gelip ýetmesi ýeriň atmosferasyna, gidrosferasyna, litosferasyna we janly-jandara täsir edýär. Günden gelýän elektromagnit we konpuskulýar şöhleleri atmosfera täsir etmek bilen ol ýerlerde goşmaça tolkunlar hem döredip ýerdäki ýaşaýyşa şol sanda adamzada täsir edip bilýar. Günüň yşygy atmosferanyň içinden geçen tizligi we atmosferanyň galynlygyndan reňk üýtgeşme sebäp hem bolýar. Göze görünýän şöhleleriň içinde iň uzyn tolkun gyzyl reňk bolansoň päsgelçilikleriň gapdalyndan aýlanyp geçýär, aýlanyp geçen şöhle bolsa gyzyl bolup görünýär, günüň doly tutulmasynda muny görmek bolýar ýa bolmasa aýyň tutulmasynda. Bu hadysa esasan hem infragyzyl şöhläniň, suwuň buglary tarapyndan hem de ultramelewşe şöhläniň ozon gatlagy tarapyndan emilmegi(absorbe) esasynda bolup geçýär. Şol sanda biz hem Gün dogmasy we batmasy, şapaga has ýakyn bolup, sönük we has gyrmyzy ýagtylyk reňkde göreris. Munyň sebäbi Gün şöhleleriniň atmosferamyzda geçen ýolynyň uzynlygy ýa-da onuň galyňlygydyr. Gün batýan wagty Gün şöhleleri gözýetime ýakyn ýerden geler we atmosferada hereket eder. Bu hereket eden şöhläni gözlerimiz gyzyl, gyrmyzy reňkde görer. Gündiz wagty bolsa şöhleleriň uzyn yol geçmez we şöhleleriň tolkunlary gyzyla görä gysga bolar. Muny bolsa gözlerimiz mawy, gök reňk görer. Günüň iň güýçli şöhle saçýan tolkunlary 4300–5000A deňdir.

Surat: https://www.windows2universe.org/sun/spectrum/multispectral_sun_overview.html

Ýagtylyk tolkuny…

EM (elektromagnet)spekt- EM Spektre gysgaça, her tolkun uzynlygyndaky elektromagnit yrgyldylaryň bir ýerde görkezilmesi diýsek, Gamma şöhleleri, X ýa-da Rentgen şöhleleri, Ultramelewşe şöhleleri, Göze görünýän şöhleler, Infragyzyl tolkunlary, Mikro tolkunlar, Radio tolkunlary görnüşinde ýazmak mümkindir.

Görünýän ýagtylygyň adamyň gözüne täsiri, ýagny görünýan dürli tolkun uzunlyklarynyň göze täsiriniň effektiwlygy bilen kesgitlenilýär. Gözümüziň görüş duýgurlugy maksimum λ= 0.555µm bolup ýagtylygyň tolkun uzynlygynyň λ =0.39 we λ =0.77 µm bahalarynda nola çenli peselyär. Ýagtylygyň göze täsiriniň effektiwlygy şöhläniň ýitiligi bilen häsiýetlendirilýär. Bularyň arasyndaky tapawutlary bolsa frekanslarynyň üýtgeşikligindendir. Käbir maglumata görä ynsan gözünde λ = 450–750nm frekansdaky şöhleleri we şol aralykdaky reňk sazlaşygyny tapawut edip bilýär. Mysal üçin şol ýagtylykdaky gözümüze gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, mawy, gök, melewşe (älemgoşaryň şol wagtlar kabul edilen reňkleri) reňkleri saýgaryp bilýäris.

Aşakda görkezilen jedwel-de elektromagnityň spektral aralyklary :

Jedwel-de görkezilen elektromagnit frekanslaryny günlük ýagdaýda Günüň şöhle saçmasy ýaly birnäçe ýerler de hem mysal getirse bolar.

ÇEŞMELER:

  1. https://www.windows2universe.org/sun/spectrum/multispectral_sun_overview.html
  2. https://www.khanacademy.org/science/physics/light-waves/introduction-to-light-waves/a/light-and-the-electromagnetic-spectrum
91 |
|