Teswirler (3)

Ýüklenýär...

Yyldyzlaryñ emele gelşi ✨

2 minut alar

Asman gümmezimizde gijelerine bezeg berýän, ululy-kiçili ýyldyzlaryñ bizlere göz gyrpyshyny görmek mümkin. Yyldyzlaryñ emele gelmegi üçin bir näçe milliýon ýyl gerek bolýar. Ortaça 400milliard ýyldyz galaktikamyzda, ýagny Akmaýanyñ ýolynda her ýylda ortaça 1-2ýyldyz dogulýar. Ÿyldyzlar emele gelmegi üçin galaktikalardaky ýyldyzalara gaz-tozana baý bolan gaz- tozan bulutlarydyr. Şeýle sredadaky maddanyñ ortaça 90%-I gaz halynda bolup, olaryñ 70%’i Wodoroddan (H ýa da H2), 28%’i Geliýdan (He) we galan 2%’i Kislorod, Uglerod ýa da Azot ýaly agyr elementlerden emele gelýär.
✨Ÿyldyzlaryñ dogulşyna we ölümlerine ýakyndan iki esasy fiziki ululyga täsir edýän sebäpleri:
 1. Dartyş güýji 

2.Basyş (pressure).
 

Dartyş güýji, ýyldyzlaryñ emele gelmegi üçin gerekli bolan maddanyñ bir merkezde toplanmagyna sebäp bolýan güýçdir. Mysal bersek: Dünýämiziñ atmosferasyny gözöñüne getirsek, ýeriñ Dartyş güýji hemme zady çekşi ýaly howany hem özüne çekýär, ýöne howanyñ hemmesi ýer ýüzüne ýelmeşip, ýapyşyp durmaýar. Munyñ sebäbi bolsa Basyşdyr. İlki başda bulutdaky maddalaryñ bir merkezde jemlenebilmesi üçin Dartyş güýji basyşdan güýçli bolmalydyr. Bir merkezde toplanmaga başlaýan madda mukdary artdykça ol ýerdäki dartyş güýji hem artar, basyş bolsa muña rugsat bermez we merkezde ýygnanmaga baslaýan maddany merkeziñ daşyna iter. A eger şert ýerine ýetse, madda merkeze tarap akmaga başlar. Bu ýagdaý dowam etdikçe dykyzlaşan agyrlyk merkezine tarap ymtylýan madda-da artar we basyş hem de dartyş güýji artar. Basyşyñ artmagy bilen Tempratura hem ýokarlanar. Tempraturasy ortaça 10mln Kelvine ýetende termoýadro täsirleşmesi başlar. Mundan soñ Ÿyldyz Wodorod “ýakyp” öz energiýasyny özi öndürmäge başlar. 

✨Belli bir ýerden soñ Dartyş güýji bilen basyş deñleşýär. Bu güýçleriñ deñ agramlylygyny sazlaýan, iñ ideal simetriýa eýe bolan şekil şar şeklidir. Şonuñ üçin ýyldyzlar we planetalar “togalakdyr” . Elbetde oklarynyñ daşyndan aýlanma tizligine görä şekilleri üýtgär.

77 |
|