Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

çopan oglanjyk

Şemalyň görnüşleri

1 minut alar

Şemalyň görnüşleriniň we häsiýetleriniň türkmen dilinde atlandyrylyşy:

1) Aňzak - şatlama sowuk, gurak aý az, şemally aýaz.
2) Bady-hazan - gyş şemaly (käbir ýagdaýlarda güýz şemalam diýýärler), hazan ýeli.
2) Bady-saba - ertir bilen ösýän mylaýym şemal, säher şemaly.
3) Bady-säher - daň şemaly.
4) Bat - şemal, ýel.
5) Çapgyn - içiňden geçip barýan ýelli, örän güýçli şemally, kesip barýan sowuk ýada aýaz.
6) Öwüsgin - ýuwaşjadan öwüsýän şemal, wagtal - wagtal öwüsýän, kä güýjäp, kä ýuwaşaýan şemal.
7) Saba - Mylaýym ýel, ýakymly ösýän şemal.
8) Sazakýaran - Gyşyň soňky aýlarynda ösýän sowuk şemal.
9) Seleň şemaly - salkyn, mylaýym şemal.
10) Sörtük - Gündogar tarapdan öwüsýän ýakymsyz gyzgyn ýada sowuk şemal. (esasan tomus we gyş aýlary bolýar)
11) Şemal - Çalaja öwüsýän ýel, öwüsgin.
12) Tepbet - Howurly gurak şemal, epgek.
13) Ýel-guz - Ýel, şemal.
14) Esin - Ýel, şemal.
15) Ruzgär - Ýel, şemal.
16) Sergin - mylaýym şemal.

68 |
|