Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

GIJIGEN AÝGYT

4 minut alar

 “Magtymguly,  ne  bar  içmek-iýmekden?
 Jan  jesetden  gider,  et  hem  süýekden;
 Göz  görmekden  galar,  til  hem  diýmekden,
 Tilim  tibrinerkän,  söýlemäýinmi?”

  Magtymguly-Pyragydan 

“Şäherçä kino gelipdir” diýen habar ýaýrandan, uly-kiçi ýüzüne ak mata gerlen bina bakan eňdiler. Ejesiniň köýneginden ýapyşyp barýan kiçijik oglanjyk gök meýdançada ösüp oturan ajaýyp serwi agajyna täsin galyp seredip geçdi. Onuň öňünde täze dünýä açylan ýaly boldy.

Kino gidip durka-da oglanjyk jadyly duýgulara batyp otyrdy. Ekrandan ýaňlanýan bir aýdym tomaşyçylary heýjana saldy. Oglanjyk ejesine şeýle diýdi:

– Eje, men şu heňe ondanam gowy aýdym düzerdim!

– Düz-dä – diýip, ejesi aýdyma berlip oturyşyna başdansowma jogap berdi.

– Şol ýerde bir serwi bar. Men häzir şonuň ýanyna baryp düzeýin.

– Otursana! – diýip, ejesi onuň egninden basdy.

Şondan on bäş ýyl dagy geçdi. Indi adamlar kinony täze salnan teatr jaýynda görýärdiler. Ýene şol film, şol aýdym gidip durdy. Ýaş gelni bilen zalda oturan ýigit ýerinden gobsundy:

– Bilýärmiň, ezizim, men şu heňe mundanam gowy aýdym düzüp bilerdim! Şol ýerde bir ajaýyp serwi bar, şonuň astynda otursam hökman düzerin.

– Oýnuňy goýsana! – diýip, tutuş ünsüni aýdyma berip oturan gelin käýindi.

Şondan otuz ýyl dagy ötdi. Indi kinoteatra kän gidilmeýärdi. Kinony her kim öýde, telewizordan görýärdi. Şol gadymy, şadyýan aýdymly filmi hezil edip görüp oturan gyzyna atasy şeýle diýdi:

– Gyzym, islesem men  ondanam gowy aýdym düzüp bilerdim! Bir serwi bar, şonuň ýanyna barsam hökman düzerdim.

Gyzy kakasynyň bu degişmesine diňe çala ýylgyryp oňdy.

Ýene otuz ýyla golaý wagt ötdi. Ol adamyň ejesi hem, aýaly hem birmahal ýurduny täzeläpdi, gyzy bolsa epeý aýaldy.

Bir gün gojanyň agtygy wideo şekilleri görkezýän enjama bir köne filmi goýup seredýärdi. Tanyş aýdym ýaňlandy. Goja bu gezek sesini çykarman, aýagyny zordan süýräp, hiç haçan aýak basmadyk ýerine ugrady.

Serwi hem garrap, onuň diňe ýekeje şahasy göklügine galypdy.

– Näme üçin hasrata batdyň? – diýip, guşlar gartaň daragtdan  soradylar.

– Birmahallar men syrdam ýaşyl serwidim. Meniň saýama şahyr gelmelidi. Ol meniň müşk-anbarly howamdan, şahalarymyň pyşyrdysyndan, guş-gumrularymyň owazyndan ylhamlanyp, ajaýyp nagmalary döretmelidi. Onuň dili  bilen älem-jahan zybana gelip, many saçmalydy. Ine, ol geldi. Emma indi onuň kalby tebigatyň kalbyny diňlemekden, gözelligiň diline düşünmekden mahrum. Sebäbi bu diňe çagalykda, ýaşlykda, kämillikde mümkin. Onsoňam, men hem garrap, töňňe bolup galdym. Ýyllar duşdan geçdi.

– Ol, näme, çalşyrgysyz adammydy? Gelmese, onuň ýerine başga birini tapyp bolmadymy? – diýip guşlar soradylar.

– Sungatda hiç kimiň ýerini çalşyryp bolanok-da – diýip, serwi düşündirdi – Onda her kimiň öz ýoly bar. Eger sungatda kimdir biri öz ýoluny geçmese, şol ýol ömürbaky geçigsiz galýar. Kimdir biri öz döretmeli eserini döretmese, şol eser owal-ahyr döredilmän galýar. Biriniň ýasamadyk önümini başga birine ýasadar ýaly sungat diýleni önümçilik kärhanasy däl ahyry.

“Men bu dünýä gury gelip, boş gitdimmikäm? Bu dünýä bermeli zadymy bermän barýarmykam?” diýip, lampa özüni ýere goýberen goja kişi gara toprakly zemine seretdi.

– Eý, ynsan ogly, men saňa diňe mümkinçilik eçildim. Sen özüňe berlen mümkinçiligi hakykata öwren bolsaň, ol seniň öz-özüňe saýlan ykbalyň, özüňe eden ýagşylygyň  bolardy, emma  maňa näme berip bilerdiň? – diýip, baky juwan we baky gözel  dünýämiz oňa jogap berdi – Eger sendenem müň esse kämil boljak şahyr saý-sebäp bilen bir jümle döretmän, dymyp gidende hem, meniň barlygymdan ýekeje zerräm kemelmezdi. Öz-özüme lezzet bermek üçin men özümi oýunça we tomaşaça, aýdymça we diňleýjä, şahyra we okuja bölüp, şirin söhbetler gurýaryn. Ýogsam oýunçam, oýnam, tomaşaçam men; aýdymçam, aýdymam, diňleýjem men; şahyram, şygram, okujam men. Ýagyp geçen bulut  öz ýagmyry bilen, ýagman geçen bulut hem öz suwy bilen ýene meniň hut özümdirin. Ol buludyň suwlan ýa-da suwlamadyk zemini hem ýene meniň özümdirin. Onsoň iki arada meniň ýitirýän ýa-da gazanýan zadym näme? Adam oýun görkezen bolsa, aýdym aýdan bolsa, şygyr sözlän bolsa, şol oýun görkezen, aýdym aýdan, şygyr sözlän mendirin. Sen dyman bolsaň, diýmek, seniň kalbyňda we diliňde men dymandyran. Özüňi günäläp, azara galma. Sungat – kyn iş, ony üstüne almak hiç kimsäniň borjy däl.

– Emma men – Adam! Saňa dil bitirmek, sözletmek mümkinçiligini, şeýlekin keramatly peşgeşi  maňa eçilen bolsaň, sen isleseň-de, işlemeseň-de men dymmaly däldim, meniň dilimde seniň zybanyň many saçmalydy. Munuň saňa ähmiýeti bolmasa, meniň özüm üçin has möhümdi. Men bolsa başga ykbaly saýladym.

Bu gezek oňa jogap berip, köşeşdiren tapylmady. Ümmülmez dünýä ony eýýäm unudan ýaly dymýardy. Belki ol özüniň sahyr edip ýaradan başga bir parçasynyň  has  belent  ykbaly  saýlap,  dile gelmegine garaşyp diňşirgenýändir.  
 

80 |