Döredijilik

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!.. Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar! Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir…

Juma aga we men / hekaýa

Halypa žurnalist, ussat ýazyjy, nakgaş Juma Hudaýguly agaň ýagty ýadygärligine Anyg-a ýadymda däl. Ýöne, ýalňyşmasam, Juma aga bilen men, takmynan 87-nji ýylda, heniz gögele oglankam tanşan bolmaly. Bissimylla, mekdebiň bosagasyndan ätlänimiz bäri dostum bar, oňam türkmendilçi kakasy (...bardy, pahyr. Iman baýlygyny bersin!). Şolaň öýündäki kitaphana-da obaň ölçeginde äpet. Şo döwürler elýetmez saýyrdyň bedewe deňelýän ýaşyl “altynjyň ýatagy” – mähnet ulaghanaň üç diwaram “tä dabanyndan depesine” çen, uzaboýuna kitap münderlenen tekjelerdi. Öýlerine kitap sorap barsam, kakaly-ogul…

Juma aga we men / hekaýa

Derman / hekaýa

Ilkinji kitaby neşir edildi. Otlanlaryny hasaba almaňda 20 ýylyň zähmeti. Owal-a ýazmak – dert. Okalmagy ondanam beter. Indem munça ýyllyk yhlasy wysal bolansoň, egsilmekden geçen, derdi goşalandy: “okalarmy, okalmazmy...”. Beýleki tarapdanam begenjinden ýaňa içini it ýyrtýar. Daşyndan jinnekçe syr bermezlige çalyşýar. Irräkden endik edilen “öz şatlygyňy özüň zäherlemek” edähetini aýagaldygyna “işledýär” ( çünki, nijema gördi: bagtly adam akmak görünýär ). Şeýdibem ýüzüni, şobir “şortumşuk režimde” saklamaga dyrjaşyp, şunça jan çekýär. Emma, barybir, gursagynda giden heýjaneleklik.…

Ylym, döredijilik we gaýtawul

Takmynan 28-29 ýaşlarymdadym. Ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşdym. Temam hukuk nigilizminiň öňüni alyş çäreleri bilen baglydy. Ýaşuly hukukçy, sosiolog, filosof alymlardan, professorlardan ybarat eminler toparynyň öňünde öz ylmy işimi gorap çykyş etmeli boldum. Nutuga başladym... ...welin, oturanlaryň arasynda yzgytsyzrak görünýän bir, sosiologiýa (jemgyýeti öwreniş) ylymlarynyň doktory, professor, ylmy-barlag institutlarynyň birinde bölüm müdiri, gürlemäge goýman, al-petimden aldy: -Sen näme-how, özüň-ä bir agzyndan süýt ysy gitmedik gögele welin, özüňi alyp barşyň edil professor ýaly-la! Kimlere näme öwretjek bolup…

Ýanymda göterýän depderçämden pikirler... (

Siz hemişe yhlas edip işlän zadyňyzy alyp bilmersiňiz. Ýöne beýlekileriň saňa goýan we beren zadyna razy bolsaň hemişe şolary alarsyň. Siz işlemäni birden öz standartlaryňyzdan geçýän zat döredip bilmeýäňiz. Döredijilkde iki düzgün: Hezil edip işleýän adam ýeňýändir. Pellahana barýan ýol/Dagyň depesine çykyş progresiň iň gyzykly ýeridir. Başlamak üçin batyrlyk + tebigy taýdan saňa aňsat gelýän zada ünsüňi berip işläp bilmek + şol işde tutanýerlilik edip sabyr bilen kiçi ýeňişlere ýetmek + işlemek = Ine siziň…