...

Merdan Ataýew

@merdanjaya
jemgyýetçi

mugallym, žurnalist, inžener, telekeçi, jemgyýetçi

Pedagogika we psihologiýa sertifikaty bilen mugallym bolup bolýarmy?!

Adamkärçiligiň hatyrasy üçin siziň bilen bir hakykaty paýlaşmakçy. Uzak ýyllar bäri Magtymguly adyndaky TDU-nyň "Gözleg" ylym-bilim merkezi möhletli okuwlaryň arasynda "Amaly psihologiýa we pedagogika" okuwlary hödürläp gelýär. Bu okuwa köpler ýaly menem ýazyldym, gatnadym we sertifikaty aldym. Maňa gaty kän peýdasy boldy. Köp zat öwrendim. Ökde professor-mugallymlar bilen tanyşmak nesip etdi. Maksadym inžinerlik diplomym bilen mekdepde mugallym bolmakdy. Diňleýjileriň hemmesiniň pikri şeýledi. Ýagny pedagogiki ugur gutarmadyk bolsaň, şu 3 aýlyk okuwa gatnap alan sertifikatyň bilen…

Hakyky baýraga mynasyp gahrymanlar

Adama sarpa, hormat, sylag serpaý ýaşaýarka edilse, zähmetiniň gadry dirikä bilinse, elbetde, has gowy. Konstitusion hukuk esasly jemgyýetde-de döwlet sylaglarynyň kanuny esasda düzgünleşdirilmegi hem dogry zat. At gazanan işgär, halk ýazyjy, "Altyn asyr" bäsleşiginiň ýeňijisi, "Watana bolan söýgüsi" medalynyň eýesi, zähmet weterany, Ýaşlar baýragynyň eýesi ... Bu sanawyň soňy ýok ... Emma bu sylaglary alýanlar çyndanam jemgyýetde uly iş bitirýän adamlarmy? Ýa-da resmi proseduralary, hat peteklerini jemläp hödürlenen dalaşgärler muňa mynasyp bolýarmy? Elbetde dalaşgär hökmünde…

Ýaşlar çalt döwülýär...

Täze proýekte başlapdyr ýaşlar: makalam.com . Tüweleme, gutlaýaryn! Öňünden aýdaýyn, uzak ömürli däl. Entuziazm bilen açylyp, soň ýapylýan saýtlar, priloženiýeler kän. Bulam şolardan biri. Muny höwesiňizi ýykjak bolup aýtmaýaryn. Tejribäme esaslanýaryn. Munuň birnäçe sebäpleri bar. Men şu wagt ýadyma düşen belliklerimi ýetireýin: 1) Bu proýektler köplenç ýaşlar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar, ýola goýulýar, ýöredilýär. Ýaşlykda ideýalar güýçli emosiýa we duýgylar bilen başlaýar. Emma belli bir ýerden soň ol ot oçýär. Ýaşlar köplenç öňüne çykan kynçylyklar we…