Ýeňiş

Merdan Ataýew@merdanjaya
1 minut alar

Ýeňiş baýramynyň simwolikasynda ýalňyşmak!

1945-nji ýylda faşizme garşy Beýik Ýeňişiň bellenilýän güni mynasybetli georgiýa lentasyna dakýanlary, sosial ulgamda şol lentanyň şekli bolan gutlaglary paýlaşýanlary kän görýäris. Ýalňyşmaly däl! Georgiýa lentasy we baýragy Kafkaz we Merkezi Aziýada rus tsar goşunynyň ýerli ilata garşy alyp baran gyrgynçylygynda "öňe çykan" serkerdelere berlen baýrak. Ýagny, Gazawatda, Gyzylsuwda, Gökdepede türkmen çagalarynyň, zenanlarynyň, parahat halkyň ganyny döken ganhorlaryň sylagy. Üns beriň, beýleki doganlyk ýurtlar georgiýa lentasynyň reňklerini asla ulanmaýarlar. Men rusofob ýa-da panturkist däl. Dünýäniň…

Yaran Yagmur@yaran
1 minut alar

Ýeňiş taýýarlygy söýýär / Tymsal

Ir säher bilen meýdanda atyny gezdirip ýören ýaş ýigit ýoldan geçip barýan goja seýis bilen salamlaşandan soň ondan haýyş edýär: − Menem atymy çapyşyga taýýarlamakçy, atam. Kyn görmeseňiz maňa kömek bolar ýaly bir ýekeje maslahatyňyzy beräýiň! − Sen atyňy näçe aýlawa salmakçy? − Sekiz aýlawa. − Beýle bolsa sen ony on iki aýlawa taýýarla, şeýtseň baýrak alarsyň, oglum. Meniň ýekeje maslahatym, ine, şu. Eýsem-de bolsa, bu degerli maslahat diňe seýisçilige degişli däldir. Durmuş atly ullukan…