Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

jemgyýetçi

Ýeňiş baýramynyň simwolikasynda ýalňyşmak!

1 minut alar

 

1945-nji ýylda faşizme garşy Beýik Ýeňişiň bellenilýän güni mynasybetli georgiýa lentasyna dakýanlary, sosial ulgamda şol lentanyň şekli bolan gutlaglary paýlaşýanlary kän görýäris.

Ýalňyşmaly däl!

Georgiýa lentasy we baýragy Kafkaz we Merkezi Aziýada rus tsar goşunynyň ýerli ilata garşy alyp baran gyrgynçylygynda "öňe çykan" serkerdelere berlen baýrak. 

Ýagny, Gazawatda, Gyzylsuwda, Gökdepede türkmen çagalarynyň, zenanlarynyň, parahat halkyň ganyny döken ganhorlaryň sylagy.

Üns beriň, beýleki doganlyk ýurtlar georgiýa lentasynyň reňklerini asla ulanmaýarlar.

Men rusofob ýa-da panturkist däl. Dünýäniň bugünki ýagdaýynda ähli halklaryň bilelikde ýaşamak üçin ähli şertleriň dörändigine ynanýaryn.

Georgiý medaly we lentasy sowet döwründe hiç ýokdy. Men öz çagalymdan bilýän. Kommunist režim ýykylandan soň Russiýa Federasiýasy öňki tsar imperiýasynyň abraýyny dikeltmäge başlady. Şol sanda rus jemgyýeti georgiý lentasyny 9-njy maýyň simwolikasy hökmünde öňe sürüp ugrady. Mundan bihabar ýaşlar hem bu hereketi gaýtalaýar. Rus metbugaty bulary görkezip "beýin ýuwmaga" we yzyndan "sowatsyz sürüleri" yzyndan "süýräp" alyp gitmäge dowam edýär. Aslynda georgiý lentasynyň 9-njy maý bilen dahylly ýeri ýok.

9-njy maý – bu diňe bir ruslaryň ýeňişi däl. Bu ähli GDA döwletleriniň halklarynyň faşizme garşy göreşde agzybirlikde gazanan üstünligidir.

Meniň bu belligi etmek bilen, ýaşlary öz töweregindäki wakalara biperwaý bolman, öz taryhy şahsyýetine buýsanyp ýaşamaga çagyrýaryn.

289 |
|