Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Ýeňiş taýýarlygy söýýär / Tymsal

1 minut alar

Ir säher bilen meýdanda atyny gezdirip ýören ýaş ýigit ýoldan geçip barýan goja seýis bilen salamlaşandan soň ondan haýyş edýär:

− Menem atymy çapyşyga taýýarlamakçy, atam. Kyn görmeseňiz maňa kömek bolar ýaly bir ýekeje maslahatyňyzy beräýiň!

− Sen atyňy näçe aýlawa salmakçy?

− Sekiz aýlawa.

− Beýle bolsa sen ony on iki aýlawa taýýarla, şeýtseň baýrak alarsyň, oglum. Meniň ýekeje maslahatym, ine, şu.

Eýsem-de bolsa, bu degerli maslahat diňe seýisçilige degişli däldir. Durmuş atly ullukan bäsleşigiň islendik görnüşinde-de ýeňiş diňe taýýarlygy söýýär. Ýeňiş üçin hakyky taýýarlyk  –  artykmajy bilen görlen taýýarlykdyr. 
 

55 |
|