Teswirler (14)

Ýüklenýär...
User Avatar

jemgyýetçi

Pedagogika we psihologiýa sertifikaty bilen mugallym bolup bolýarmy?!

3 minut alar

Adamkärçiligiň hatyrasy üçin siziň bilen bir hakykaty paýlaşmakçy.

Uzak ýyllar bäri Magtymguly adyndaky TDU-nyň "Gözleg" ylym-bilim merkezi möhletli okuwlaryň arasynda "Amaly psihologiýa we pedagogika" okuwlary hödürläp gelýär.

Bu okuwa köpler ýaly menem ýazyldym, gatnadym we sertifikaty aldym.

Maňa gaty kän peýdasy boldy. Köp zat öwrendim. Ökde professor-mugallymlar bilen tanyşmak nesip etdi.

Maksadym inžinerlik diplomym bilen mekdepde mugallym bolmakdy.

Diňleýjileriň hemmesiniň pikri şeýledi. Ýagny pedagogiki ugur gutarmadyk bolsaň, şu 3 aýlyk okuwa gatnap alan sertifikatyň bilen mekdepde mugallym bolup bolýar diýen pikir ýörgünli.

Hakykatda bu beýlemi? 

Jogap: ÝOK.

"Amaly psihologiýa we pedagogika" möhletli okuwyny tamamlan dalaşgäre mugallym bolmaga hukuk berilmeýär. Munuň kanuny esasy ýok.

Onda nämä bar bu okuwlar?

Jogap: Bu okuwlar mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş maksatly berilýär.

Emma okuw merkezleri bu hakykaty kän dillendirmeýärler. Sebäbi bu okuwa talap kän we hojalyk hasaplaşykly bu kärhanalara gowy gazanç çeşmesi. 

Oba gidip, mugallym ýetmezçiligi bolan ýerlerde 3-4 ýyl işläp, soňam günleriň bir güni işden çykarylan mugallymlar bar we bolaram. 

Sebäp hünäri pedagog däl.

"Sertifikatym bar-a?" diýilende. "Ol sertifikatyň mugallym bolmaga hukuk bermeýär." jogabyny alýar.

Bu sorag bilen maňa jaň edenler boldy.

Menem muny yzarlap başladym. Çyndanam kanuny esasy ýok eken.

Hatda 2020-njy ýylda ýene bir hakykatyň üstünden bardym. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ygtyýarnama bölüminiň klassifikatorynda "Pedagogika we psihologiýa" ýok eken. Ýagny şol wagta çenli berlen sertifikatlaryň, şol sanda meniň alan sertifikatymyň kanuny esasy ýokdygyny öwrendim. Aňyrsy boş.

Häzir ol sanawa girizilen bolmagy ähtimal. Belli bir zat aýdyp biljek däl.

Uzak ýyllar "Gözleg" monopoliýa bolup işledi. Beýleki okuw merkezlerde bu okuwlaryň açylmagyna rugsat berilmedi. Hat-da Bilim ministrliginiň öz garamagyndaky "Diller dünýäsi" dil merkezine-de.

Ýakynda bolsa Oguzhan adyndaky TITU-nyň düzümindäki möhletli okuwlaryň sanawyna "Amaly psihologiýa we pedagogika" meýilnamasyny tassykladandygyny barada bildim. Isleg köp diýýärler.

"Gözlege" gatnaýan döwrüm TITU-nyň talyplary kändi. Daşary gidýän  müşderilerini TITU öz içine çekdi. Gowy marketing bilen daşardanam adam çekip başlady.

Bu ýerde-de şol duzak dowam edýär.

Mugallym bolup işlemek üçin oba ýerlerinde ýörite rugsat we buýruk ýetik. Ýörite ýazmaça mugallym ýetmeýän ýerlerde rugsat bilenem başga hünärlerdäkileri işe alyp bolýar. Sertifikat gerek däl.

Okuw merkezleri diňleýjilerden gazanç etmek üçin doly hakykaty aýtmazlyga dowam edýärler.

Şu ýerde ýene bir zat ýadyma düşdi. Baş Bilim müdirlikleri "mugallym ýa-da hünärmen ýetmezçiligi" sözünden gaça durýarlar. Hamala bu söz bilen uly jenaýat edilýän ýaly. 

Hakykatda bolsa galp maglumat, ýalňyş statistika, ýarym dogry hasabat jemgyýetde uly jaýryklar emele getirýär.

— "Ýöne sertifikat berýärler-ä?"

— Tölegli okaýan bolsaň, okandygyň barada delilnama bermeli bolar-a

— "Ýöne Bilim ministrliginden ygtyýarnamaly diýýärler-ä"

— Ygtyýarnamasyz okatsa bikanun bolar-da.

— "Şol sertifikat bilen mugallym bolup işläp bolýar diýýäler-ä"

— Merkeziň özi beýle zat diýýän däldir, halk diýýändir. Mugallym bolup işlemäge hukuk bermeýär.

Daşary ýurtda käbir ýurtlarda şeýle programmalar ýuwaş ýuwaş ýatyrylýar. 

Mysal Indoneziýada öňler AKTE-4 sertifikaty bilen mugallym bolup bolýardy. Emma ýalňyşmasam 2010-dansoň bu programmalara ýatyryldy. Onuň ýerine 1 ýyl magistratura okamak şerti getirildi. Ýagny mugallym bolmak üçin sertifikat däl magistratura diplomy ýeterlik.

Eger araňyzda mugallym bolmak isleýän bar bolsa, esasanam sanly ulgam boýunça, degişli bilim edaralaryna ýazmaça ýüz tutuň. Tehnologiýa mugallymlary hemişe gytlyk edýär. Netije berer.

 

556 |
|