Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

jemgyýetçi

Ýaşlar çalt döwülýär...

5 minut alar

Täze proýekte başlapdyr ýaşlar: makalam.com . Tüweleme, gutlaýaryn! Öňünden aýdaýyn, uzak ömürli däl. 

Entuziazm bilen açylyp, soň ýapylýan saýtlar, priloženiýeler kän. Bulam şolardan biri. Muny höwesiňizi ýykjak bolup aýtmaýaryn. Tejribäme esaslanýaryn. 

Munuň birnäçe sebäpleri bar. Men şu wagt ýadyma düşen belliklerimi ýetireýin: 

1) Bu proýektler köplenç ýaşlar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar, ýola goýulýar, ýöredilýär. Ýaşlykda ideýalar güýçli emosiýa we duýgylar bilen başlaýar. Emma belli bir ýerden soň ol ot oçýär. Ýaşlar köplenç öňüne çykan kynçylyklar we böwetler hakynda diňe şykaýat edýär. Olary ýeňip geçmeli diýip hasap etmeýär. Başga bir söz bilen aýdylanda "Ýaşlar çalt döwülýär!" 

2) Käte ähli böwetleri ýeňip geçýär, proýekti belli bir ýere getirýär. Soň bolsa "indi näme etmeli?" soragynda galýar. We proýekt durýar. Munuň sebäbiniň biri ol arzuwyndaky proýekti amala aşyrdy, içindäki egoizmi kanagatlandyrdy. Indi oňa täze maksatlar gerek. Ýa-da monetizing (ýagny gazançly ýagdaýa getirmek) meselesini çözüp bilmedi. Gazanç bolmasa durmuşyňam, proýektiňem dowam etmejekdigine göz ýetirýär. Şol sebäpli başga işe ýa-da biznese başlaýar. 

3) Monetizing ýa-da maliýeleşdiriliş bolmasa proýektiniň ýöremejekdini boýun alman, öz proýektine "aşyk" bolanlar "däli" startup-çylar hem bar. Bular güýçli biznes analitik bilen işleşmese kellesi diwara degýänçä çykdajy etmäge dowam eder. Käbir proýektler üstünlige ýetýärem. Emma inkär etmegiň netijesi hökmünde boş howada kürek bulaýanlar ýol almaýar. Dänmäge-de namys edýär. Töweregindäkiler bolsa iýmän, içmän, öýlenmän ýören boş adam ýaly baha berýär. Garyp, pukara, pulsuz ýaşap geçen suratkeşler ýaly. 

Aýtsaň aýdyp oturmaly. Uly tema. Şuny ylmy iş hökmünde-de üstünde işläp bolar. Emma muňa wagty sarpetjek adamyň aýlyk günlügi üçin serişde tapylsa... 

Sorag: Onda näme beýle proýekteri etmeli dälmi? 

Jogap: Ýok, gaýtam etmeli! 

Men özüm geçen tejribäme esaslanyp saýt, kanal, akkaunt açasy gelýänlere öňler "Näme etjek açyp? Barybir taşlaýaň?" diýip höwesini ýykardym. Ýalňyşan ekenim .... Şu wagt bolsa "etmeli" diýýän. Esasy zat 0 ýa-da gaty az çykdajy edip barlap görmegi maslahat berýärin. Ilki bilen mugt serwerler, mugt instrumentleri ulanmagy dogry hasap edýärin. Eger öň şol we şoňa menzeş proýekt edilenem bolsa edibermeli. Bu ýerde öňküleri görüp, olaryň hödürlemedik funksiýalaryň ýa-da usullaryň üstünde-de işläp bolar. Ýa-da bolmasa hiçkimiňkä seretmän öz kellesindäki pikir bilen gitmeli. Käte başgalaryň eserlerine seredip, adam işden sowap bilýär, ýa-da olaryň pikrinden täsirlenip original üýtgeşik ideýalar ýitip gitmegi mümkin. 

Ýaşlarda pul bolmasa-da, wagt bar. Şular ýaly proýekti işläp taýýarlanyň-da tejribe gazanýaň. Mysal üçin: 

1) Hard skills. Programmirleme, dizaýn, kontent ýaly ugurlarda başlangyç pikir döreýär. Aslynda başlangyç däl, gowy derejede. Hersiniň aýratyn işdigine göz ýetirýärsiň. Programmadaky işleýän algoritm kombinasiýalary, klaslar, library-ler, obýektler; dizaýnda reňk psihologiýasy, brend politikasy we elementler, mobil we desktop wersiýalary; kontentlerde sözlem strukturalary, photo we wideo redakdirleme. Söz baýlygyňam artýar. 

2) Teamwork. Proýekti ýola goýan soň, proýektiň eýesi ýeke işlemekden ýadaýar. Topar gerekdigine düşünýär. Emma topar ýygnamak hem aňsat däldigine düşünýär. Ilki bilen mugt işgär ýa-da partnýor tapmaly bolýar. Olam pikirdeş bolmasa bolmaýar. Umumy proýekt işlenende pikir konfliktleri hem bolýar. Herkim öz tarapyna çekjek bolýar. Komanda alan adamyň haçan seniň diýeniňi eder? Haçan-da saňa doly ynansa ýa-da oňa eden işi üçin hak tölense. 

3) Communications. Adamlar bilen gepleşmek ukyby artýar. Başgalaryň pikirlerini ýazgarmazlygy, olara hormat goýmagy öwrenýär. Käwagt proýektiň hatyrasy üçin, partnýoruň hem hut özüniň ýalňyşyp tejribe gazanmagyna mümkinçilik döredýärsiň. Menmenlik etseň uzak gitmejegine düşünýärsiň. 

4) Guramaçylyk we project management. Proýektiň planlamak işini, resurslary we işgärleri dolandyrmagy öwrenýärsiň. Bir proýektiň bölekleriniň näçe wagt aljagyny çaklamak, çykyp biljek meseleleri öňden görmek ukyplary döreýär. Netijesiz proýektlerden uzak durup başlaýar. Tehniki ýumuş ýazmagy öwrenýärsiň. 

5) Müşderi bilen gatnaşyk. Zakazy howlukman işlemegi, müşderi bilen dialogy ýola goýýarsyň. Täjirçilik işinde müşderileriň ýagdaýyna düşünip, tekliplerde olaryň göz ýetiriş we meseläni biliş ýagdaýyny göz öňünde tutmagy öwrenýärsiň. Kyn kliýentleri öňünden aňyp başarýarsyň. Durman zakaza üýtgeşme girizmegi talap etjek müşderileriň boljagyny başdan geçirýäň. Soňlugy bilen tölegsiz üýtgeşmäni çäklendirip, belli bir gezekden soň bolsa tölegli esasda dowam edýärsiň. Käbir zakazlary netije bolmajagyny bilýäniň üçin almaýarsyň. Onam kliýentiň göwnüne degmän "Häzirlikçe zakazymyz köp. Iki aýdan habar tutaýyň" diýen ýaly sypaýyçylykly jogap bermegi hem özleşdirýärsiň. 

6) Öňünden hakujy tölegi almagy öwrenýäň. Hakujynyňam proýekt ýatsa-da, otkaz bolsa-da yzyna berilmeýändigini... 

7) Bir programmany ýa-da priloženiýäni işläp düzmek bilen işiň tamamlanmaýandygyny öwrenýärsiň. Mysal üçin onlaýn market we kassa apparat gurnalanda nomenklaturalar (haryt görnüşini) ýeke ýeke girip oturmalydygyna, onlaýn okuw platformasy üçin wideo kontentleri ýazga alyp işlemegiň özbaşyna uly işdigine, habar we bildiriş portalynda ýörite kontentçi we moderator gerekdigine göz ýetirýärsiň. Ýagny priloženiýe öz özünden harytlaryň suratlaryny, maglumatyny we bahalary ulgama girilmeýändigi, kontentiň asmandan ýagmaýandygyny äşgär bolýar. 

Aýtsaň, aýdyp oturmaly ... 

Ýaşlar, sizi höweslendirjek bir zat aýdaýyn. Ýurdumyzda häzirki wagtda uly proýektleri işläp taýýarlaýan we meniňem ýaşlygymda (häzirem gaty garry däldirin) bile işlesen bir dostumyň animasiýa studiosy ýene-de biriniň bolsa IT kompaniýasy bar. Ýene bir dostumyň bolsa dizaýn studiosy bar. Gyzykly tarapy olar şu makalam.com ýaly mugt proýektler bilen başlady. 

Elbetde ol proýektler talyp ýyllarynda bir synanşykdy. Bir gün uly kompaniýalara öwrüljekdigi aklymyzdanam geçmeýärdi. 

Meniň özüm täze proýekte başlamaýaryn. Başgalarynyň proýektine goldaw berýärin. Şoň ömrüni uzatmak we esaslandyryjylarynyň has köpugurly tejribe gazanmaklary üçin. Şeýle-de höweslerini berkitmek üçin. 

We ýeke özüm işlemeýän, hemme zady özüm etjek bolmaýan. 

Meniň gazanan tejribäm şu makalany ýazmaga güýç berdi. 

Makalam.com uzak ömürli däl diýdim. Eger ömri uzak bolsa, onda meniň sözlerim höweslendirendigidir. Eger ömri gysga bolsa "aýtdym-a size" diýmäge pursat barka aýdyp galanym bolar-da...

710 |
|