Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

1990-nji ýyllaryň ýaşlary bilen Z nesliniň arasyndaky tapawutlar.

2 minut alar

1990-njy ýyllarda ýaşlygyny geçiren nesil häzirki ýaşlara (Z nesil) garaňda biribiri bilen  has köp sosial aragatnaşykda bolupdyr. Hazirki nesilde sosial aragatnaşyk internet torunyñ üsti bilen amala aşýar. Elbetde internet torunyň ýaýbaňlaşmagy netijesinde uzakdaky adamlar bilen aragatnaşyk sakalamak aňsat boldy. Bu tehnologiýanyn elbetde köp peýdasy boldy, emma onuň bilen bilelikde zyýanlary hem boldy. 
1990-njy ýyllaryň yaşlary daşarda has köp wagt geçirýärdi. Häzirki yaşlar olara garaňda daşarda az wagt geçirýärler olaryň köp bölegi köplenç öýden az cykýar we wagtlarnyň köp bölegini internetde geçirýärler. Muňa mysal Ýaponiýa tehnologiki taýdan ösen döwletdir we ýaponiýada ýaş ýetginjekleriň arasynda hiçhilli öýden çykmazdan oýun oýnaýan ýaşlar bar. Ylmy barlaglaryň netijesinde şeýle ýaşlaryň özüne ynamy pesdigi anyklanyldy. 

 
Internetdäki programmalaryň ýaşlaryň gyzyklanýan ugurlaryny özlerinden öwrenip, sonra olaryň öňüne şol temalardan maglumat görkezýär, bu bolsa ýaşlary özüne çekýär. Olaryň arasynda zyýanly programalar bolup ol programalaryň esasy zyýany wagt öldürmegidir. Ol programalary näçe köp wagt ulanylsa ulanyja şonça mahabat görkezýär bu bolsa programmanyň eýelerine pul gazandyrýar, netijede şol programmalaryň esasy maksady ýaşlary güýmemek bolup durýar. Emma peýdaly programlar hem bar olar esasan maglumat beriji programalardyr, emma olaryň ulanyjylary beýlekiler ýaly köp däldir. 
Ylmy barlaglaryň netijesinde häzirki ýaşlaryň (Z nesli) 1990-njy ýyllaryň ýaşlaryna garaňda has az töwekgelçilik edýändigi anyklandy. Emma ,, Z’’ neslinde 1990-njy ýyllardaky ýaşlara garaňda geljege bolan gaýgy has köpdür. 
Bulardan başga-da häzirki nesliň ekran başynda köp wagt geçirmegi olaryň göz saglygynyň 1990-njy ýyllaryň nesillerinden pes bolmagyna getirdi. 
Häzirki wagtda maglumata elýeterlilik geçmiş ýyllara garaňda örän aňsatdyr. Häzirki ýaşlar 1990-njy ýyllaryň ýaşlaryna garaňda has köp maglumat kabul edýär. Emma zyýanlyny peýdalyny saýgarmazdan köp maglumat kabul etmek peýdalymy? diýen soraga jogap tapmak kyn.
Umuman 1990-njy ýyldaky ýaşlardan häzirki ýaşlar düýpli tapawutlanýar. Elbetde, häzirki ýaşlaryň ene-atasynyň köp bölegi ýaşlygy 1990-njy ýylda geçen adamlar. Häzirki nesillerde öndürijilik, döredijilik geçmiş nesillere garaňda köp. Emma bu başarnyklaryny sosial torlarda peýdasyz zatlar üçin ulanýan ýaşlar köp. 

214 |
|