...
7Makalalary
0Halan makalalary

Didar Agayew

@bagabat

1 minut alar

Ürkdi gitdi

Elden, ol-a emel eken, Eýse, indi erk-de gitdi. ...Elli ýaş ─ tüýs neme... eken, Gitdi, menden görk-de gitdi... Aýby ýok, munuň hiç aýby, Asla, ýok öýlenjek gaýgym. Çal ýeller başdan aýagmy, Çaňy bilen örtdi gitdi. Ýat boldy hoşzyban dilber, Ýada düşse, ýürek dilner. Asal-asal sözlän diller, Ajysyny pürkdi gitdi. Ömrüm şemdir ─ ýyldyr-ýyldyr, Öçüp barýar. Niçik ýyldar?! Duşdan göç geçirip ýyllar, Böwrüme bir dürtdi gitdi. Goşgy goşýan ─ göwne melhem, Getirýär ol biraz pul hem...…

Ürkdi gitdi

1 minut alar

Bir gün...

Görüpsiň sen, Heniz görülmedik bir üýtgeşik gyz. Indi bolsa maňa gürrüň berýärsiň: «Birden gaýyp boldy, galdym men ýalňyz». Örtenýädiň hasam, ýetirsem häsin, Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin. «Gözlärin gijeler, gözlärin gündiz, Asyl göz öňümden gidenok gözi. Ynan, beýle gözi görmändim şindiz, Asyl özgelerden üýtgeşik özi». Men seni ýylgyryp, diňläp otyryn, Kä başymy atyp, kä başym ýaýkap. Diýýäň: «Zaryn çekip, ömrüm ötirin, Topragy bagyrtlap, bagrymy oýkap». Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin, Maňa seň sözlerňi diňlemek nä…

1 minut alar

Öz ynanan zatlarym / goşgy

Bahana agtarma, çäresin agtar, «Türkmen» diýdir bitmez işi bitir-de. Yhlas et, zähmet çek, iş bitir ---- magtan! Öwünewer onsoň git-de-getir-de. Her bir işe ýapyş ýüregiň bilen, Yhlasyňda hiç kemterlik bolmasyn. Demir ýaly erkiň bolsun içiňde, Çagaňda-da hiç kemşermek bolmasyn. Gul deý işle, gum sowrup depäňden, Dünýä işlemäge gelen ýaly bol. Dynç alaňda dynç al, alan şekilli, Ýedi pyşdyň han-beg bolan ýaly bol. Ýere bagryn baglan ata-babalaň, Taryh şaýat, ýedi yklymy baglapdyr. Başyňny goý, başyň ile…

Öz ynanan zatlarym / goşgy

13 minut alar

Nägehan yşk / hekaýa

Muny oňa, meýlis başlansoň dosty aýtdy. Şol bada-da, çagalykda “salýut” edişleri göz öňüne gelip gitdi. ...Gün ýaşansoň, assyrynlyk bilen öýden otluçöp gabyny çilerdiler. Soňam, ululaň gözýeterinden çekilip, tomaşa gurnardylar. Otluçöpüň birini çyzaga-da, ol tutaşan badyna gutujygyň içine dykyp, güýjüň ýetdiginden ýokarylygyna oklap goýberersiň. Karton gap, al-asmanda bir “pažž” eder-de, ýalpyldap gider... Bolany. Bezzatlar üçin bar keýpem, şol ýeke pursatlyk “pažž”-da... ***** ...Dosty, şum habaryny, yllabir dünýäsygmaz syr aýdýan mysaly, gulagyna çawuş çakanda, oňam göwnüne bolmasa,…

Nägehan yşk / hekaýa

10 minut alar

Modernizm we minimalizm: Bir şygryň anatomiýasynda

Edebiýatyň we sungatyň bu iki akymynyň hem usullarynyň ulanylyşynyň mysaly hökmünde peýdalanmakçy bolýan şygrymyza geçmänkäk, şu seljerme düşnükli bolar ýaly, ilki bilen bu adalgalaryň (terminleriň) nämäni aňladýandygy hakda gysgaça durup geçeliň. Mälim bolşy ýaly, islendik edebi eseriň haýsy stilde, haýsy usulda döredilendigi we onuň edebiýatyň haýsy akymyna hem döwrüne degişlidigini kesgitlemek üçin eseriň poýetikasy seljerilýär. Poýetika näme? Poýetika – bu “şygryýet sungaty” (ποιητική) diýen grek sözünden gelip çykyp, edebiýatyň nazaryýetiniň bölegi bolup, onda şygryýet, şygryýet…

Modernizm we minimalizm: Bir şygryň anatomiýasynda