Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pikir alyşmagyň peýdasy

1 minut alar

Internetde, dürli edebiýat saýtlaryna agza bolup, olardaky pikir alyşmalara, söhbetdeşliklere içgin gatnaşyp, bahana bilen juda kän zat öwrendim.

Şoň üçinem minnetdar. 

Ýerli-ýerden, düşünýän-düşünmeýän tarapyndan, derekli-dereksiz «kesek oklana-oklana», ýazmagyň üstünde, käte gaharlanyp, käte göwnüm geçip, käte şowly çykan jümlelerden ýaňa başym aýlanyp, käte guwanyp, käte buýsanyp, käte düýbünden elim sowap, ýaman kän işledim. 

Hasylynam gördüm, görýän, belki, nesip edip ýörse ýene-de görerin. 

Özümiňkä-hä şeýlebir dergazap zabun, rehim-şepagatsyz seretmäge, illeriňkä-de şeýlebir dözümsiz, geçirimli garamaga endik edindim.

Öňki çürt-kesik barlyşyksyz gazabym-a bir ýitdi welin, içimiň bukuja ýerinde apalap ýören, ýaman pynhanja öz-özümden badyhowa göwnühoşlugymam, esasly-esassyz ýepbeklene-ýepbeklene iki ýitdi.

Gowudan-gowy, ökdeden-ökde, sözüň jadysyny, dadyny, şirinligini... özümden has ýiti – on, ýüz, müň esse beter syzýanlar bilen tanyşdym, pikir alyşdym.

Suwjuk, nakys, ýuwan jümleleri ýazyp, şondanam serhoş bolup ýören «swetoforsumaklygam» başardygymdan tanap galdym…

...diýip çaklaýan.

Garaz, öte gowy tejribe boldy.

Belki Allam, okyjy, kärdeş, galamdaş, ýürekdeş, pikirdeş, tersdeş-çöwredeşlerim bilen gep alşa-alşa, şol edinen tejribämem, özümiň-de, okyjymyň-da haýryna ýarasyn-da.

Garaz, ýazybermeli.

Belki, «bizden soňkulara ýadygär bolar» :-(. 

Bolmasa-da, rim imperatory Mark Awreliý (ýa-da filosof Lusiý Anneý Seneka :-)) aýtmyşlaýyn: «Etmeliňi bir et, galanam nämbolsa şo bolsun-laý, war-a!».

66 |