Gir
Makala
#aňýetirmek

Şredingeriň pişigi

@bagabat · 28-nji maý, 2024 · 1 minut alar28 maý · 1 minut alar

Kwant fizikasynda, “Şredingeriň pişiginiň effekti” diýilýän aňlatma bar.

Bu näme we onuň “mesgesine” haýsy “mürepbäni” çalyp iýmeli?! :-) 

Awstriýaly fizik Erwin Şredinger (Şrödinger, Şrýodinger), 1935-nji ýylda şeýle abstrakt hyýaly eksperimenti teklip edýär:

“Pişigi, içinde pişik degip bilmez ýaly edilen dowzahy enjam goýlan polat seýfde ýerleşdireliň. Geýgeriň ölçeýjisine radioaktiw jisimiň dänejigi goýlan. Ol dänejik şeýlebir az welin, bir sagadyň dowamynda diňe ýekeje atom bölünip, dargabam biler, edil şonuň ýaly-da dargamanam biler. Eger-de atom dargasa Geýgeriň ölçeýjisi sinil turşusyndan doly aýna gapjagazy döwýän çekiçjigi herekete girizer. Bu ulgamy bir sagadyň dowamynda özbaşyna gözegçiliksiz goýsak, biz aýdyp bileris: “Eger-de şu wagtyň dowamynda ýekeje atom hem dargamadyk bolsa, onda pişik diri”. Birje atomyň dargamagy bolsa pişigiň zäherlenmegine getirerdi. Ulgamyň tolkun funksiýasy (ψ-funksiýa) bolsa, muny, şol birwagtyň özünde diri we öli pişik, birmeňzeş möçberlerde garylyp-gatylan hem-de seýfiň içine çalnan (ýaýran) diýip aňladardy”.

Düşündiňizmi?

Men-ä ýok :-).

3

3 jogap

Göz öňüne getiriň, pişigi ýapyk gutuda goýduk. Bu gutuda partlamak mümkinçiligi gaty az bolan bomba bar. Bomba ýarylsa, pişik öler. Ýöne partlamasa, pişik ýaşamagyny dowam etdirer. Indi gutyny açman pişigiň nähili ýagdaýdadygyny bilip bolmaz. Yagny biziň üçin pişik şol bir wagtyň özünde hem ölen hem diri ýalydyr. Bu geň ýagdaýa "kwant superpozisiýasy" diýilýär. Bu synag, örän kiçi bölejikleriň özüni alyp barşyny düşündirmek üçin ulanýan kwant fizikasynyň hem uly jisimlere degişlimi? diýen soragy döredýär. Şeýlelik bilen, atom ýaly gaty kiçijik bölejik bir wagtyň özünde birden köp ýagdaýda bolup bilse-de, pişik ýaly uly jisim bir wagtyň özünde birden köp ýagdaýda bolup bilermi?

"Şredingeriň pişiginiň effekti” diýilýän aňlatma bar." jümlesi ýalňyş we gaty bulaşykdyr. Şrýodingeriň pişigi "effekt" (täsir)'däl-de, kwant mehanikasynyň paradokslarynyň biridir.

Terjime edilen käbir zatlata düşünmek kyn. Esasanam bu ylmy makaladyr ýazgylara degişli. Emma siz ylym bilen makaladyr we oýlanmalaryňyzy sazlaşdyrmagy başarýaňyz.

3