Teswirler (14)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Seni gowy görýärin, sebäbi...

2 minut alar

Biz kim?! 

- Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan.

 Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr...


Näme üçin we nädip beýle? 

- Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok!

Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin özüme ýakyn duýýanlygymdan başlardym...


Ýadyňdamy, ilki tanyşanymyzda dünýä nusgawy saz sungaty hakynda gürrüň edipdik. Şonda diýipdim, "şu gyz üýtgeşik". Soňra, bilmedim, ünsümi çekdiň, seni tanasym geldi. Tanadykça haladym, haladykça baglandym... Haýran galdym kalbyň tämizligine, köňlüň açyklygyna we ýönekeýligiňe. Meni daşky keşbiňden beter ruhy dünýäň özüne çekdi. Seniň ol giň dünýagaraýşyň içinde özümiňkä meňzeş penjire gördüm, wakalary melanholik, arzuwçyl we optimist tarapdan görkezýän bir penjire. Ana şol penjiräni tapanym bäri göz ýetirdim, aslynda ikimiz şol bir nokada seredýäris. Arzuwlaryň meňkä meňzeş, durmuşdan garaşýanlaryň meňki ýaly. A men seni tanap başlanym bäri geljegimi sende görýän...

Aslynda daşky keşbiň hem meni özüne çekipdi, esasan hem gözleriň... Düýpsiz umman ýaly gözleriň... Olara her seredemde wagt we giňişlik meniň üçin manysyny ýitirýär.  A saçlaryň? Mundan öň hiç bir gyzda duş gelmedim seniňki ýaly saçlara... Aslynda olara "saç" diýmek hem gelşenok, tüýs "syrmaşyk" diýerlik saçyň bar. Özem ýöne-möne syrmaşyk däl, bägüller bilen bezelen, gül açýan we owadan ysly syrmaşyk ol. A men hemişe şol saçlary örmegiň arzuwynda... Ýene-de kän zat aýdardym sen hakda, emma il-gün bar, göz-dil bar we başgalar bar. Goý olar seni görmesin, görküňe göz degmesin! - menem seni gabanmaýyn!


Sen meň üçin kim? Men seň üçin kim? Maňa diýseň gyzykly... Bulara jogabym ýok, emma men seniň üçin ojak bolasym gelýär, saňa: "Öýüm seniň ýanyň" diýesim gelýär. Men hakda nämeler pikir edýärkäň?!..

P.S. Soňky soraglar jogapsyz galdy. Biraz şahsy ýazgy... Has şahsy bolandygy üçin tankyt etmezligiňizi haýyş edýärin.

"Ýaşlyk etdik, ýalňyşdyk" diýilýänimikä bu ýagdaý?!

Joraýew Babageldi "Ýetilmedik arzuw"

Aşgabat 2024ý

412 |