Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

2 minut alar

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat...

Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy!

Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk bolup bilmez!


Eşidesim gelýän arzuwlar haýsylar?! Aslynda, olar arzuwam däl, beýik Perwerdigäre sygynma diýsek has ýerlikli bolar. Olar, ynha şular: iliň gözünde mertebeli adam bolaýyn, ynsanlaryň köňlünde ýer edineýin, ömrümi bisarpa geçirmekden saklanaýyn, ýakyn dost, ýürekdeş syrdaş we wepaly ýar bolaýyn, abraýly maşgalanyň eýesi bolaýyn, döwletli ojagyň oduny bolaýyn, halkymyň, il-günümiň adamysy bolaýyn we ýene kän zat, we bu ýolda Özüň maňa ýardam eýle...

Bilmedim, kim nähili kabul etdi?!.. Bilmedim, kimde nähili pikirleri döretdi aýdanlarym. Ýöne, maksadym, döwrümizde halk arasynda ýalňyş bir zatlaryň dowam edýändigini açyp görkezmek. Gymmatlyk nämede?! Täzeden bir gözden geçirsek-mi diýýän bütin halk bolup?


Aýtsaň, aýdara zat kän! Şu wagtlar köpimiz baý we üstünlikli bolmak hakynda arzuw edýärkäk, käbirlerimiz ynsan bolmak derdinde, ýogundan bar eýlemek derdinde. Köpimiz baýamak we şahsy ösüş hakynda kitap okaýarkak, käbirlerimiz ruhy gymmatlyklar hakynda kitap okaýar... We, şu wagt, durmuşdan gürrüň açylan wagty, akyl ýetiren hakykatlarymyň käbirlerini paýlaşmak isleýärin:

- Bize berlen wagt ýaşamak üçin hem şeýle uzyn, hem şeýle gysga... Bir ömüre sygdyryp boljak zatlaryň hetdi-hasaby ýok. Emma alyp gidip biljek zadymyz hiçlikdir, goýup gitjeklerimiz bolsa bize bagly!


- Pul tapylýar, adam ýerini manat dolduranok. Göwün boşlugyny "dollardan" edilen elýaglyk bilen ýapyp bolanok. 


- Ruh kirlenenok, ynsan kirlenýär. Ruh kirlenenok, nebis ýuwunýar. Ruh kirlenenok, ruh utanýar, öýkeleýär.


- Adama berip biljek zadymyz juda kän, bir-birimize gowy zatlar bereliň. Iň bolmanda gowy düşünje we güler ýüz.


- "Bilýärin" diýmek bilen bilýän zatlarymyzy hem bilmekligi bes edýäris. Şu meselede özüme Sokraty etalon tutunýaryn.


Ýene-de köp, ýazsam köpeler-gider. Galanyny özümiz tapalyň, özümiz ýazalyň! Bir-birimizi biz düzetmeli. Bir-birimize biz kömek etmeli. Daşky gurşawyň we dünýä medeniýetiniň özgerýän döwründe türkmençiligiň bizden başga sygynmaga ýeri ýok. ÖZümize özümiz eýe çykalyň! Ýaşyma görä aksakalsyraýan ýaly görünýän hem bolup bilerin, emma birimiz şu zatlary aýtmasa kim aýtsyn? Bu meň dilim däl, ylhamyň dili. Bular meň sözlerim däl, göwnümiň sözleri. Bulary men ýazmadym, ýazdyrdylar...

Joraýew Babageldi

02.02.2024ý

362 |