...

Babageldi Joraýew

@ylmy.goldaw
Mugallym (talyp)

Kitapsöýer, höwesjeň ýazyjy we spiker. Oýlanma we içgepletme ýazmagy halaýaryn. Filosofiýa, psihologiýa ýaly jemgyýetçilik ylymlary bilen gyzyklanýaryn. Ele almagy halaýan temalarym döwrüň ahlak meseleleri, söýgi we ynsanara gatnaşyklaryň psihologiýasy, şahsyýeti ösdürmek meselesi.

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Haçandan bäri ýazmak içimden gelenokdy. Näçe gezek ýazaýyn diýip stol başyna geçdim, her gezeginde içimden bir ses "häzir däl" diýýärdi. Bu gün bolsa şol ses "ine şu wagt, ýaz pikiriňi gaýgyrman" diýýär... Bu gün gozgasym gelýän tema "ynam". Adam näçe ýönekeý, näçe sada bolsa, şonça-da ynanjaň bolýar. Hemişeki ýaly, ýene dessine özüme geçeýin: sadalyk edip, her göz-gaş oýnadana ýürek berdim, sadalyk edip içimdäki hakykaty daşyma çykardym, sadalyk edip käte üstümden güldürdim, sadalyk edip, her kömek…

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Sen bolmasaň...

Sensiz men ýaşap bilerinmi? - Hawa elbetde, sensiz hem ýaşap bilerin... Dogry söze dogry diýmeli, sen howa däl ýa-da suw däl, sen şatlyk, sen buýsanç, sen güýç, sen goldaw, sen ylham... A men kim? - hiçkim diýsem ýerlikli boljaga meňzeýär, ýöne - Bilemok... Sen bolmasaň durmuşymda kän zat üýtgär. Belki käbir halaýan zatlarymy ýigrenerin, belki käbir halamaýan zatlarym maňa golaý bolar. Belki sensizlik meni kämilleşdirer - ýöne bir zady anyk bilýän, ol hem sensizligiň meni…

Sen bolmasaň...

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Biz kim?! - Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan. Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr... Näme üçin we nädip beýle? - Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok! Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Ýazmasy kyn düşen hat...

Ýok, men Kerim aga öýkünjek bolamok, hakykatdan hem şu gezek maňa ýazmak gaty kyn düşdi... Sebäbi? Çylşyrymly, düşündirip bilmesem gerek... Hawa, bu gezek hat ýazýaryn makaladan beter... Hatyň eýesi anonim, käbir A şahs, goý B bolsun, bu kän bir möhüm däl. Hatyň mazmuny şeýleräk: -Edep başy salamdyr, salam bolsun, gurgunmyň?! Bizde hemme zat öňkülik, gara, ak we çal. Hemme zady üç reňki goşup alyp bolýar. Seniň reňkli dünýäňden nä habar? Reňkler öçenokdur diýip umyt edýärin!…

Ýazmasy kyn düşen hat...

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Näme zada barlyk diýip bolar? Bar zadyň hakykatdan hem bardygyny nädip bilmeli? Gyzykly soraglar gerek?! Barlyk sözi, anyk düşündiriş bererden çylşyrymly söz. Ol düşünje, aňladylýan ýagdaýa görä giň hem-de dar manyda ulanylýar. Giň manyda barlyk bu – biziň daş-töweregimizi gurşap alýan OBÝEKTIW reallykdyr (ideal hem material barlyklaryň ählisi degişli). Dar manyda alynanda, duýgy organlary bilen alynan maglumatlar esasynda aňymyzda peýda bolýan şöhlelenmedir ( SUBÝEKTIW häsiýetli) Barlyk düşünjesiniň esasy kriteriýalary wagt, giňişlik we hereketdir. Eger bir…

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Şu gün bilen ýaşamaly - diýilýär. Şu gün haçan? Düýnki şu günmi ýa ertirki şu gün? Her günem "şu gün" bolup bilermi? Ýa-da belki düýnki gün "şu gündir"?.. Şu meselä men şeýleräk seredýärin: şu gün diýilen zat bolman biler; ki düýniň täsiri hemişe bar, ertiriň täsiri hem şeýle. Bu mende hemişe şeýle bolupdy. "Pursaty ýaşa" jümlesini kän eşiden hem bolsam "pursatda ýaşamagy" başarmadym. Köplenç, özümi iki zadyň arasynda elewräp ýören sergezdan ýaly duýýaryn. Ne belli…

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

- Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda... "Geçmiş ömürler"... Biraz bu film hakynda ýazasym geldi. Çuň manyly we kän zadyň üstünde oýlanmaga mejbur eden filmlerden biri. "- Eger bir adam beýleki biri bilen duşuşan bolsa, onda olary geçmiş ömürleriniň birinde inýen baglandyr..." Ine, şu sözlem "Geçmiş ömürler" filminiň pelsepewi tarapyny doly beýan edýär. Film aslynda durmuşyň manysy, bagt, iş durmuşy, arzuwlar, "men-iň" gadyry, ruhy gymmatlyklar…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

Klero (II bölüm)

Hawa... Ol uka batdy, elbetde ýerinda başga biri bolsa ol hem uklardy... Oglanjyk bolsa pejiň gapdalyndaky oturgyçda oturyp ýolagçyny synlaýardy... Eýsem bu ýolagçy kim? Oglanjygyň gözi bilen bu nätanyş myhmany tanalyň: edil şu wagt ol aýratyn bir älemdi, adam emma başga adam, hemmeler ýaly däl, üýtgeşik adam. Onuň sudury zemin gözelliginden däl, onuň özi hem zeminli däl, megerem ol arşdan gelen bolsa gerek... Başga biri bolsa oňa adaty gyzjagaz diýerdi, emma oglanjyk üçin ol aýratyn…

Klero

Bu bir meňzetme... Käte şeýle-de bolaýýar! Uly tokaýda ýalňyz öýjagaz... Öýüň içinde täsin bir oglanjyk; göräýmäge adaty ýaly... Onuň hem saçlary bar, özem altyn öwüsýär, sarymtyl bugdaý reňkli; onuň hem burny bar, ne uzyn, ne-de kelte, ne inçe, ne-de ýogyn, adaty bir burun; onuň hem gözleri bar, goňur, asman ýyldyzlary ýaly şöhle saçýar, hamala diýersiň iň bagtly adam; onuň hem gaşlary bar, ne has ýogyn, ne has inçe, ýöne welin ussat suratkeş çekendir diýersiň; onuň…

Göwün - süňkden gaty, etden ýumşak...

Adam bolaýşyňy diýsene?! Her zady göwnüňe alyp ýörsüň! Nämä gerek şu?! *** Adam bolaýşyňy diýsene?! Hiç bir zady ýüzüňe-de alaňok! Göwün bir barmy sende?! Iki ýagdaý, biri - biriniň tersi... Ýöne ikisi hem şol bir adama degişli, ýagny bize degişli... Eýsem, göwne degmek näme diýmek bolýar? A göwün näme bolýar? - Oýlanyp gördüňizmi? Belki oýlanansyňyz, belki-de ýok. Belki ýürek, kalp, göwün, köňül - hemmesine birzat ýaly seredýänsiňiz? Eger şeýle bolsa - sizi geň galdyryp bilerin…