Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Erkek we Zenan Zehini (Carl Jung)

7 minut alar

*Bellikler: 
• Ýokarsy san bilen belgilenen sözleriň düşündirilişi iň aşakda görkezilendir. OKAMAGA BAŞLAMAZDAN ÖŇ GÖZ AÝLAMAGYŇYZ MASLAHAT BERILÝÄR. 
• Öz peýdaňyz üçin, makalany öz tejribeleriňiz boýunça däl-de, obýektiw bir nokatdan okamagyňyz maslahat berilýär
• Öz peýdaňyz üçin, makalany doly okap, soňra teswir ýazmagyňyz maslahat berilýär

Erkek adam, adatça, animasy we şahsyýeti bilen baglanyşýar. Iş ýerinde (köp manyly iş), ösen personasy¹ bolan erkek adam gowy niýetli, medeniýetli, mylaýym, akylly we ş.m. wagty, öýde tersine bolup bilýär. Galyberse-de, anima² erkekleriñ garañkyda ýatan zenan bölegi bolup, jemgyýetde erkekler üçin ejizlik hökmünde garalýan, basdyrylan impulslar³ we islegleriñ ýygnalýan ýeridir. Persona nähili “ajaýyp” bolsa, anima hem şoñça “ajaýyp” bolmaly bolýar. Başgaça aýdylanda, animada, personanyñ ösüşi bilen deñ wagtda, köp mazmun ýygnaldy we anima hem şol dereje güýçli ösdi. Garañkyda ýygnanan, basdyrylan impuls we islegler erkek adamda öýde gaharly, gödek adam bolmagy bilen yüze cykýar. Bu ýygnanma, köplenç, aýalyna geçirilýär. Bu adamlara özlerini, personalaryny we animalaryny nädip tapawutlandyrmalydygyny bilmek ýeterlikdir.

Şeýle-de bolsa, adama özüni animasyndan tapawutlandyrmak kyn. Aýdyşym ýaly, olar wagt we durmuş dowamynda persona we animasy bilen baglanyşýarlar. Bir kişini biz el, burun, agyz, ayak, gowre we ş.m. görnüşde däl-de, umumy adam bedeni hokmunde görýäris we kabul edýäris. Bu hem şeyle. Animany, personany we özlügiñi aýralykda görüp bilmek añsat däl.

Garañkyda yatan zatlar hemişe yagtylyga, daşyna cykmak isleyar. Olar bolsa hemişe, serpikdirilme, simwollaşdyrma arkaly daşary cykýar. Animasy daşary cykma islegi babatynda agyrlyk edyan ýagdaýlarynda (yagny hemişe diyen yaly) ene, soň bolsa aýaly içki howplardan goraýjy rol oýnaýar. Bu adamyň daşarky howplara⁴ garşy güýçli personasy bolyar, ony şol personasy gorayar. Bu ýagdaýda aýal, erkek adamyň durmuşynda möhüm rol oýnaýar. Kişiniñ anima akyl ýetirişi azaldygyça, persona bilen birleşme artýar, personanyñ garşysyna bolan anima bolsa bütinley garañkyda galyar we aýaly üsti bilen simwollaşdyrylýar, şeylelikde erkek aýalynyñ boynunyñ aşagyna düşýär.
Boýnunyñ aşagynda bolmakdan diýjek bolýan zadym, aýalyň erkek kişini dolandyrmagy däl. Erkegiñ buýsanjy muňa ýol bermez. Has dogrusy, bu, aýalynyň isleglerine, haýyşlaryna garşy durup bilmezligidir. Netijede, jemgyýetiñ "gyz islegleri⁵" diyip atşandyryan isleglerini, özi ýerine ýetirip bilmeýändigi sebäpli, bu islegleri aýalynyñ üsti bilen kanagatlandyrýar. Aýry-aýry däl-de, doly seredenimizde, bu aýalyna mähirli garaýan adama meňzeýär.

Içerki howplar diydigim, daşary çykmaga synanyşýan animany göz öňünde tutýaryn (Sebabi ol cuñlukda, garañkyda basdyrylan) Animanyñ daşky simwoly hokmunde simwollaşdyrylan aýal model bolsa, beýleki tarapdan, erkekleriň öz-özüne garşy çykmazdan, animanyñ şekillendirilip (reformirlenip), daşary çykmagyna mümkinçilik berýär.
Bular her medeniyetde, jemgyýetde üýtgäp biler (meselem Türkmen jemgyýetindäki we Hytay jemgyýetindaki tapawutlar), ýöne umuman birmeňzeşdir.

Aýallarda persona ejäniñ üsti bilen elde edilýär. Eje bu ýerde personanyñ nahili bolmalysyndaky rol modelidir. Animus⁶, ayallaryñ cunlugynda yatan "erkek islegleri⁷" bolup, kakanyñ üsti bilen simwollaşdyrylýar. Erkek hereketlerini jemgyýetiñ kabul etmejegi sebapli, erkeklerdaki yaly, aýalyñ özi bu isleglerini kanagatlandyryp bilmeyär. Şol sebapli ol islegler, kakasynyñ, soñra bolsa ärinin üsti bilen kanagatlandyrylýar.

Aýallarda käbir kompleksler⁸ bolýar. Aslynda kompleksler hemmede-de bolyar, emma diñe aýallara (gyzlara-da) yörite kompleksler bolyar. Ol söýgini ýitirmek gorkusy. Bu esasan yoldaşynyñ ýada kakasynyñ söýgüsi bolup çykyş edyar. Şeylelikde, muňa garşy käbir çäreleri görýär. Bu çäreler adamsyna gözegçilik etmek, soraga çekmek (hasabat soramak, ol ya da beyleki eden zady/zatlary hakynda) ýa-da ýoldaşyna hyzmat etmek bilen söýginiň ýitmezligini üpjün etmek, gabanjaňlyk we başgalar bolup biler. Görşümiz ýaly, çäreleriň köpüsi aýalyň, erkegiñ söýgüsini aýlawly ýollardan ýitmezligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu, aýallaryň ýanýoldaşlaryna söýgüsini ýitirmek gorkusyny dogry aýdyp bilmezligi bilen baglanyşykly. Ýagny muny özlerine sorasañ aslyýetindäki ýaly aýdyp bilmeýärler we özleriniň erkekleriñ söýgüsini ýitirmäge gorkýandyklaryny 40 böker yöne boýnuna almaz. Bu olaryñ ejizlik diýip pikir edýän zatlarydyr (ýagny, erkegiň soygisini ýitirmekden gorkmak we ş.m. ejizlik hökmünde). Erkek adamy özünde saklamak we söýgini ýitirmezlik synanyşygynyň iň ýokary nokady newroz ýa-da psihoza çenli baryp biler. Mysal üçin, erkek henizem söýýänligi barada illüziya, mazohizm (ýoldaşynyň diyen-islän zadyny etmek we özüni (egosyny) pida etmek arkaly) ýa-da şizofreniýa. Elde saklamagyñ egoistiki görnüşi hem ulanylyp bilner (meselem, zorluk ulanmak)

Erkeklerdäki gorky bolsa erkek buýsanjy (Türkçe, "gurur", Iňlis dilinde “pride”) bilen baglanyşykly. Taryhy sahnada, erkekleriñ ýitirme, ýenilme gorkusy bilen sepleşikdäki buýsanjyny şeyle beýan edip bolar: Erkekler we aýallaryñ gadym döwürdaki derejelerini bilýärsiniz. Şoña laýyklykda, Erkek ozüne degişli zatlara eýeçilik edýär we olary goraýar. Goramak bu erkek üçin içden gelýän borç ýalydyr. Aýaly we çagalary (has hem gyz çagasy) bu nobatda ilkinji goralmaly zatlardyr. Bu olaryñ özüni gorap bilmeýänligi üçin däl, eýsem, olaryñ ellerindäki bu gymmatlyklary alyp biljek başga howplaryñ (köplenç başga erkekleriñ) bolmagyndadyr. Erkekler şol sebapli güýçli bolmak, güýçli görünmek bilen kelläni bozandyr. Muny ozlerine sorasañ kabul etmezler belki, emma bir birlerine bolan garşylyklary, sähel zat bolsa uruşmaklyklary, olaryñ güýç babatda bir-birini yeñmek isleginden ybarat. Ýogsam, hapa sögünmek fiziki urşy doredip biljek bir sebäp däl. Erkeklerde yeñilme we erkeklik derejeleriniň peselmegi yaly gorkular hem bolanlygy sebäpli, munuñ ýaly (hapa sogunme meselem) ýagdaýlarda, diñe, uly bolmadyk itiş-kakyş we sögünçler bilen boldy edilýär. Ayallarda-da garşydaşlyk bolyar. Gyzlaryñ, "owadan bolmak", "estetika" bolan islegleri özara garşydaşlygy oýarýar.

Iki jynsdaky bu garşydaşlyklar absolýut bolmaýar elbetde. Potansiýal bir howp döremese, bu kişiler bir biri bilen dos, jora bolmagy bilen galýar. Emma, meselem, bir otaga, bir synpa, halka açyk ulaga, umuman, adamlaryñ toplanan ýerine girenlerinde iki jynsda-da otagdaky kişileri özleri bilen deñeşdirmek, garşy jynslaryna göz gezdirmek we saylamak ýaly ýarym özygtyýarly zehin hereketleri bolup geçýär.

Aslynda, bularyñ barsy, häzirki döwrebap dünýä jemgyýetine häsiýetli, indi bolsa muny gadymy, jemgyýetiň bir kişi üstünden has hem täsirli, has hem basgyn bolan döwürlerine ýerleşdirip görüñ. Elbetde, gylyç çekip uruşmaly, aýallaryñ öýde ikinji orunda durmasy, erkekleriñ gyzmalygy, aýallaryñ gysganclygy manyly bolup duryar.

Erkeklerde-de öñüni alma çäreleri newroz we psihoza çenli baryp biler. Tapawut erkek adamyň buýsanjynda bolup biler. Mysal üçin, aýallaryny egoistlik bilen elde saklamak, erkeklerde, mazohizmden has ähtimal bolup biler. Elbetde, olary kesgitleýän başga faktorlar hem bar.

Erkekleriň we aýallaryň ikisinde-de "goragçy" rolunda bir ýanýoldaş ýada ene-ata ýok bolsa-da, jemgyýetiň normlaryna görä impulslaryny basyp, içerki we daşarky howplardan goranyp bilýärler.

Sözler:
Persona - jemgyýet adamlary bellibir rola zorlayar. Galan rollary we oña degişli hasiyetleri adamlara gadagan edýär. Jemgyýetiñ bu basgysyna gorä adamlar özlerinde, jemgyýetiň isleyşi boyunca bir maska döredýärler. Bu bolsa olary, güýçli, akylly, üstünlikli we ş.m. edip görkezmäge ýaraýar. Galan, jemgyýetiñ garşy çykjagy isleg we hereketler içe tarap basdyrylýar.

Anima - bu erkegiñ, içe basdyran zenan tarapyny añladyar. Adamlarda islegler, impulslar jynsa, yaşa, sosial derejä, wezipä we ş.m. garamazdan, daşary çykmaga ugrukýar. Emma, personada aydyşym yaly, jemgyýet her zada "bor" diýip duranok. Kim bolmanda ýolda gyzyl köýnekli bir erkek görmek islär? Şol sebapli erkeklerde, jemgyýet tarapyndan ejizlik hasap edilyän ähli islegler we hereketler animada jemlenýär. Emma onuñ daşary çykmaga, özüni görkezmäge rugsaty bolmaýar. Şol sebapli, bolşy yaly däl-de, reformirlenip, täze forma girip, şeýdip çykyar. Munuñ esasysy bolsa, makalada aýdylyşy ýaly, eje yada ayalynyñ üsti bilen çykmagydyr.

Impuls - hyjuw/isleg. Meselem, nahar iýmek impulsy (aç wagtyñ has hem täsirli bolyar). Impulslar (yada islegler) adamlar tarapyndan ilki bilen derñelyär, soñra  hereket gornüşinde, kanagatlanmak üçin daşary çykyar. Derñelende jemgyýet görüşi we kişiniñ ahlak kadalary göz önünde tutulyar. Eger laýyk gelse daşary cykyar, laýyk däl bolsa, icerde galyar yada reformirlenip çykýar.

Daşky howplar - bu jemgyýet tarapyndan jezalandyrylmak, masgaralanmak, ýazgarylmak, üstüňden gülünmek we ş.m. bolup duryar.
Icki howplar bolsa wyždan duygusy, gahar, impulsar we ş.m. agdyklyk edende doreyan huzyrsyzlyk. Iki durli howp hem bir duygyny, yagny gaýgyny oyaryar. Ol hem adamy bu meselani çözmage ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär.

Gyz islegleri - munuñ bilen, islegleriñ, hereketleriñ gyzlaryñky diyip atlandyrylyan bolegini añladyaryn. Meselem halki gyzyl koynekli oglan mysaly muña gowy gabat gelýär.
Şeyle hem erkek islegleri-de bar. Olar erkekleriñki diyip añladylyan islegler, hereketlerdir. Olara mysal edip, futbol oynamak, uruşmak, maşyn sürmek we ş.m.

Animus - bu edil erkeklerdaki yaly, gyzlaryñ jemgyýet tarapyndan kabul edilmejek isleg we hereketleriniñ basdyrylýan yeri.

Kompleks - bu esassyz gorkular ýa-da aladalar sebäpli dörän emosional mesele. Bular koplenç kişiniñ hasiyetiniñ düzüm bolegi bolup gidýär.

 

82 |
|