2 minut alar
ULALSA-DA ULALYP BILMEDIK ADAMLAR
Şu gün işde uly ýygnak boldy we hemme işgärler mejlisler zalyna üýşdi. Maňa-da iň yzky hatardan ýer ýetdi we geçip oturdym. Şol pursat töweregime seredip, näme gördüm diýseňizläň?!
Fiziki ýaşy boýunça 45–50-ä ýeten, resmi kostýum-balak ýa-da gelşikli uniformalary geýen, saçlaryna eýýäm ak düşüp başlan, emma ruhy dünýäsi, entegem 4-5 ýaşly çaganyň özdiýenli gurşawyndan çykyp bilmedik adamlar... Iň kiçijik bir kynçylyk ýüze çykanda, arkasyna gizlenip biljek bir ene-ata, has dogrusy, goýberen ýalňyşlygynyň günäsini ýüklejek bir bahana gözleýän ynsanlar.
Aslynda, bular erbet adamlar däl. Tüweleme, päk ýürekli, giň göwünli ynsanlar. Emma ulalmak diýmek — diňe bir işe gidip-gelip, öýe aýlyk getirmek ýa-da öýüň gazynyň, togunyň, suwunyň töleglerini wagtynda tölemek dälmikä diýýän. Real durmuşda ulalmak — JOGAPKÄRÇILIK duýmakdyr.
Adam ogly haçanda ýalňyşlyk goýberen wagty, günäsini hiç kimiň üstüne oklaman, şol ýüki öz egnine alyp bilende, biriniň göwnüni ýykanda, şol göwün eýesinden ötünç soramagy başaranda we her bir aýdan sözüniň yzynda durup bilende- hakyky manysynda ulalýar. Ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilik edip, olaryň egnine wagtynda jogapkärçilik ýüklemezligi, şol çagalaryň 50 ýaşa baran halatynda-da çaga bolup galmagyna sebäp bolýar.
Gynansak-da, biziň ýaşaýan bu owadan dünýämiz şu hilli "ULALSA-DA ULALYP BILMEDIK" adamlardan dolup-daşmaga ýakyn. Eger-de bu ýagdaýyň göwrümini azajyk hem bolsa azaltmak islesek, edil şu wagtky eden her bir hereketimizde, aýdan her bir sözümizde jogapkärçilik duýmagy öwrenmeli we öwretmeli...