Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Sokrates We Üç Elek

1 minut alar

Bir gün Sokratese ýolda biri duşup, 

-Seniň dostyň hakynda bir zat aýtmakçy- diýipdir.

Sokrates elini oňa galdyryp,

-Dur, bu aýtjak zadyňy ilki üç elekden geçireýin- diýip saklapdyr.

Kişi oňa bolýa şeklinde başyny egipdir.

-Aýtjak zadyňy anyk dogrylygyny bilýärmiň?- diýip Sokrates birinji elegi orta goýýar.

-Ýok. Menem eşitdi-diýipdir.

- Birinji elekde galdyň. Ikinji elegi orta goýýaryn. Aýtjak zadyň dostym hakynda gowy zatmy?- Sokrates sorapdyr.

-Ýok-diýipdir.

-Ikinji elekde hem galdyň. Üçünji elegi orta goýýaryn. Aýtjak zadyň maňa peýdasy boljakmy?- diýmiş.

-Ýok- diýip kişi başyny ýaýkapdyr.

-Onda näme sebäpden aýtjak bolýarsyň- diýip Sokrates ýoluna dowam edipdir.

 

Siziň pikirňizde Sokrates dogry edipdirmi we näme üçin?

 

80 |
|