...

Gülgüne G

@gulgune

Maskalaryň aňyrsyndaky hakykat: Hakyky ýüzümizi ýatdan çykarýarysmy? Jemgyýetimiziň bitmek bilmeýän agyr ýaralarynyň birine barmak basmak isleýärin. "Maska" diýlende, ilki bilen teatr sahnalarynda ulanylýan serişdeler, ýagny oýunçylaryň öz keşbine girmek üçin dakynýan emeli ýüzleri göz öňüme gelýärdi. Ýöne soňra düşündim welin, maska diňe teatr üçin niýetlenen däl eken. Ol adamlaryň gündelik durmuşda dakynýan "ikinji ýüzüne" öwrülipdir. Iň bolmanda, teatrdaky oýunçylaryň maskasynyň aňyrsynda hakyky ýüzüniň bardygyny bilýäris. Emma durmuşda duş gelýän käbir adamlaryň bir maskasy düşse, ýerine…

ÝAŞAÝAN ÖLÜLER JEMGYÝETI Heý, bir pikir edip gördüňizmi, häzirki döwrüň meşhur fantastiki kinolary bolan zombi filmleriniň režissýorlary nämeden ylham alýarka?! Beýle eýmenç hyýally, biri-birine rehimsiz topulýan, pikirlenmekden mahrum, diňe we diňe içki hyrsyny gandyrmak üçin haýwanlaşan toplum barada kino surata düşürmek nireden kellelerine gelýärkä?! Eger-de bir pursatlyk gündelik aladalardan özümizi çykaryp, bolup geçýän zatlara göz bilen däl-de, köňül gözi bilen seretsek — bu filmleriň biziň hakyky durmuşymyza tutulan aýnadygyny göreris. Şu günki jemgyýetimizde adamlar näme…

Göwün baýlygy – tükenmejek hazyna Şäheriň owadan köçeleri bilen ýoldaşym ikimiz ýöräp barýardyk. Ýoluň iki gyrasynda boý alýan kaşaň jaýlar şähere üýtgeşik bir tertip hem-de gelşik berip durdy. Hatta käbir öýleriň howlusynda ýurdumyzda duş gelmeýän palma agaçlary bardy. Beýle ajaýyp öýlerde ýaşamak bize nesip edermi-etmezmi, o ýeri belli däl... Biziň ýaly köp maşgalalarda hem ýagdaý şeýledir. Ýöne men bu hakykaty oýlap hiç gamlanmadym. Şu döwürde doň çüýşe ýaly sowuk, giň, beýik we kaşaň ymaratlaryň içinde…

AGAÇLAR HEM ÝADAÝARLAR Ýadawlyk... Bu kynçylyklardan doly, rehimsiz durmuşda her kim bir zatdan ýadaýar. Kimdir biri garynjalar ýaly dynuwsyz işlemekden, kimdir biri bolsa tutuş ýyl ýapraklaryny göterip, ahyrsoňy ýadawlykdan olary saraldyp ýere gaçyrýan agaçlar mysaly — ýaşaýşyň göze görünmeýän agyr ýüklerinden ýadaýar. Elbetde, garynjalar täsin hem görelde alarlyk jandarlar, emma meniň sary ýaprakly agaçlar hakynda pikirlenesim gelýär... Görýäňmi, ýaňy pyntyk ýaryp, ýaşyl ýaprak gögerip ugranda, agaç öz egnine ýüklenejek ýüküň agramy hakynda hiç oýlanmaýar. Çal…

Bilelikden gelen GÜÝÇ Öýümiziň bagynda asmana syn edip oturşyma, mellegiň bir burçunda ekilen 5 sany sosna agajyna ünsüm çekildi. Owadandylar, güýçlüdiler, uzyn-uzyn boýlary bardy we biziň mellegimize üýtgeşik bir gelşik berip durdylar. Başlaryny asmana ýetirjek bolup ösüp baryşlaryna seredeniňde, bir-birinden güýç alýan ýalydylar. Kakam bu sosna agaçlaryny näme maksat bilen oturtdyka?! Belki-de, 5 sany goç ogly bu bäş sosnada özlerini görsün diýendir , Belki-de eline ýaňy galam alyp başlan lälik gyzy bulary synlap oýlanma ýazsyn…

ULALSA-DA ULALYP BILMEDIK ADAMLAR Şu gün işde uly ýygnak boldy we hemme işgärler mejlisler zalyna üýşdi. Maňa-da iň yzky hatardan ýer ýetdi we geçip oturdym. Şol pursat töweregime seredip, näme gördüm diýseňizläň?! Fiziki ýaşy boýunça 45–50-ä ýeten, resmi kostýum-balak ýa-da gelşikli uniformalary geýen, saçlaryna eýýäm ak düşüp başlan, emma ruhy dünýäsi, entegem 4-5 ýaşly çaganyň özdiýenli gurşawyndan çykyp bilmedik adamlar... Iň kiçijik bir kynçylyk ýüze çykanda, arkasyna gizlenip biljek bir ene-ata, has dogrusy, goýberen ýalňyşlygynyň…

Şükür etmek Gyzlar bolup ularak märekäniň yzyny ýygnaýardyk. Men gap-gaçlary ýuwýardym. "Gyzymjanyň işi bar, elleriniň çişi bar" diýlişi ýaly, bäş sany gap ýere gaçdy. Olaryň iki sanysy döwülipdir, üçüsine hiç zat bolmandyr. Men üç gabyň sag galanyna şükür etmegiň deregine, ikisiniň döwülenine nalyş etdim. Onýança ýuwýan çäýnegimiň tutawajy elime geldi duruberdi. Men şonda-da : "Muňa-da şükür, beterinden saklasyn " diýmedim, ýene nalyş etdim. Gap-gaçlary ýuwup boldum, ýaňky döwen gaplarynyň bölekleri biriniň bir ýerine giräýmesin diýip…

ÝAGYŞ HAKYNDA OÝLANMA Durnagöz asmanyň edil ortasynda, bir-biri bilen kowalaşýan egri bulutlar görünýär başda. Näme sebäpdenligi belli bolman o ýerden bu ýere ylgaşýarlar. Göýäki garagol çagalar ýaly... Ylgadygy saýyn derlärler, garalaşarlar. Edil çagalaryň ullakan adam boluşlary ýaly olaram ulalarlar. Ulalmagyň berýän ezýetindenmi, ýa ulalan saýyn durmuşyň ýowuz daraýanlygyndanmy bilmedim, birdenem aglamaga başlarlar. Näçe ulalsalarda göwünleri entek kiçijik çagalaryňky ýalydyr. Sähel zada aglar olar. Biri başladymy, hemmesi goýberer özüni. Sen gök ýarylandyr öýdersiň. Aýnanyň öňünde durup,…

Ömür Ýolunyň Ýolagçysy Şäheriň galmagally köçelerinden bazara tarap ýöräp barýardym. Birdenem gözlerim garryja, saçlary çalaran, köneje eşikli, ýyrtyjak aýakgaply bir ýaşula düşdi. Daşyndan seredip, 60 ýaşlaryndan geçendir diýip çakladym. Egnine haltadan öz elleri bilen tiken kirlije sumkasyny sallapdyr. Bilmedim, ol sumkanyň içinde näme bar?! Belki, bir döwüm çörekdir, suwudyr... Belki-de içinde birnäçe gyzyl alma bolmagam ahmal. Ýöne ol daýy öz elleri bilen tiken şol çuwal sumkasynda, aslynda durmuşyň iň agyr synaglaryny, üstünliklerini we hasratlaryny göterip…

Ene Mähri we Perzent Borjy Asuda awgust gijeleriniň birinde ejemiň mylaýym sesi meni şirin ukymdan oýardy. Ol maňa bir käse suw getirip bermegimi haýyş etdi. Men bolsa süýji ukymdan oýadylanym üçin nägilelik bilen, ýüzümi çytaryp suw getirdim. Ejem suwy içen badyna, onuň mähriban gözlerinden monjuk-monjuk ýaşlar damyp başlady. Şol pursat ejemiň näme üçin aglaýanyny doly aňşyryp bilmedim. Ýöne, boýun alsam-almasam-da, ol gözýaşlaryň meniň çytyk gaşlarymy we nägile nazarymy görendigi sebäpli dökülýändigini içimden duýýardym. Ejemiň öçügsi…