Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

2 minut alar

ÝAŞAÝAN ÖLÜLER JEMGYÝETI

Heý, bir pikir edip gördüňizmi, häzirki döwrüň meşhur fantastiki kinolary bolan zombi filmleriniň režissýorlary nämeden ylham alýarka?! Beýle eýmenç hyýally, biri-birine rehimsiz topulýan, pikirlenmekden mahrum, diňe we diňe içki hyrsyny gandyrmak üçin haýwanlaşan toplum barada kino surata düşürmek nireden kellelerine gelýärkä?!

Eger-de bir pursatlyk gündelik aladalardan özümizi çykaryp, bolup geçýän zatlara göz bilen däl-de, köňül gözi bilen seretsek — bu filmleriň biziň hakyky durmuşymyza tutulan aýnadygyny göreris.

Şu günki jemgyýetimizde adamlar näme üçin ýaşaýarlar?

"Kimiň üstüne topulsamkam? Kimden näme alyp bolarka? Kimi öz bähbidim üçin ulansamkam?" diýen soraglar bilen hereket edýärler. Puluny goýara ýer tapmadyk baýlar garybyň jübüsindäki bäş manadyna göz dikýär. Ýetimiň hakyny iýip, garny köýnegine sygmaýan binamyslar köpelýär... Gündelik durmuşymyzda görýän bu wakalarymyz, aslynda zombi filmlerindäki sahnalardan hem has ýürekbulandyryjy dälmi eýsem?

Niýetleri däl, ruhy eýýäm zombileşen bir toplumda ýaşaýarys.

Iň esasy zat bolsa, kinolardaky şol wirusyň ýokaşma pursadydyr:

Filmlerde wirus ýokaşmadyk sanlyja adam zombilerden gaçýar. Ýöne sagdyn adamy zombi bir gezek dişlese, ol hem az wagtdan zombä öwrülýär we öňünden çykana rehimsiz topulmaga başlaýar.

Biziň jemgyýetimizde hem ýagdaý edil şeýle dälmi?

Aramyzda gününe kanagat edip, adamy adam hökmünde sylap, dostlugyň we söýginiň gadryny bilip ýaşaýan, "wirus ýokaşmadyk" arassa kalply ynsanlar bar. Ýöne olaryň duýgusyz, dünýä gözlerine sygman, garynlaryna gapgarjak bolup ýören bir merhemetsiz tarapyndan jany ýakylsa, tiz wagtdan: "Bu dünýäde ýagşylyga ýer ýok eken" diýen düşünjä gapylýarlar. Erbetlige bolan gahar we ýigrenç olary hem erbetleşdirýär. Şeýdip, wirus olara-da ýokaşýar...

Emma erbetler köp diýip, olaryň hataryna goşulmak — ynsanlyga hyýanatdyr!

Edil şol filmlerdäki ýaly, arassa galan ynsanlaryň sany az hem bolsa, merhemetsiz, harsydünýä we doýmak bilmeýän bu toplumyň garşysyna öz tebigatymyzy, ýagny ADAMÇYLYGYMYZY ýitirmän göreşmelidiris. Sadalyk ýa-da maddy taýdan pesräk ýaşamak däl, ýüregiňdäki merhemetsizlik adamy duýgusyz bir ölä öwürýär.

|