Adalatsyzlyk

ÝAŞAÝAN ÖLÜLER JEMGYÝETI Heý, bir pikir edip gördüňizmi, häzirki döwrüň meşhur fantastiki kinolary bolan zombi filmleriniň režissýorlary nämeden ylham alýarka?! Beýle eýmenç hyýally, biri-birine rehimsiz topulýan, pikirlenmekden mahrum, diňe we diňe içki hyrsyny gandyrmak üçin haýwanlaşan toplum barada kino surata düşürmek nireden kellelerine gelýärkä?! Eger-de bir pursatlyk gündelik aladalardan özümizi çykaryp, bolup geçýän zatlara göz bilen däl-de, köňül gözi bilen seretsek — bu filmleriň biziň hakyky durmuşymyza tutulan aýnadygyny göreris. Şu günki jemgyýetimizde adamlar näme…

Biz nädereje adalatly?!

Adalatyñ nämedigini bilmeýän ýok bolsa gerek. "Adalatsyzlyk" diyip zeyrenip görmedigem az-azdyr diýip oýlaýan. Ýöne näme üçindir biz adalatyñ doly manysyna düşünmeýän yaly. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "Adalat" - "Birine ýa-da bir zada bolan dogry, hakyky garaýyş, hakykat"/ "Adalatsyzlyk - "Adalata garşy bolmaklyk, hakykata dogry gelmezlik" diýip düşündiriş berlipdir. Bu düşündirişi giňeldip, biz Adalatsyzlyga "Bir kişiniñ mynasyp bolan zadyny, hakyna, paýyna düşýän zadyny bermezlik ýa-da oña garşy laýyk däl hereketleri etmek..." umuman şular ýaly düşündirişleri berip…

Şükranalyk

Şükür! «Ynsan nämä şükür etmeli?» Bu sowalyň manysyz bolup duýulmagy ahmal. Sebäbi sowalyň özi ýene bir sowaly biziň öňümizde keserdip goýýar: «Ynsan nämä şükür etmeli däl?». Şonuň üçin hem galyplaşan akymyň wekilleri meniň başky sowalymyň diňe bir manysyzlygyny däl-de, eýsem, küfür geplemeklige barabarlygyny ýanjap aýdaýanlarynda-da geň görjek däl. Elbetde, olaryň hem nygtaýşy ýaly ynsan hemme zada şükür etmelidir. Ýöne ynsan şükür etmek diýilýän zadyň kaýyllykdan büs-bütin tapawutly amaldygyny hem hergiz unutmaly däldir. Şükür etmek –…