2 minut alar
ÝAŞAÝAN ÖLÜLER JEMGYÝETI Heý, bir pikir edip gördüňizmi, häzirki döwrüň meşhur fantastiki kinolary bolan zombi filmleriniň režissýorlary nämeden ylham alýarka?! Beýle eýmenç hyýally, biri-birine rehimsiz topulýan, pikirlenmekden mahrum, diňe we diňe içki hyrsyny gandyrmak üçin haýwanlaşan toplum barada kino surata düşürmek nireden kellelerine gelýärkä?! Eger-de bir pursatlyk gündelik aladalardan özümizi çykaryp, bolup geçýän zatlara göz bilen däl-de, köňül gözi bilen seretsek — bu filmleriň biziň hakyky durmuşymyza tutulan aýnadygyny göreris. Şu günki jemgyýetimizde adamlar näme…