Şükür

Göwün baýlygy – tükenmejek hazyna Şäheriň owadan köçeleri bilen ýoldaşym ikimiz ýöräp barýardyk. Ýoluň iki gyrasynda boý alýan kaşaň jaýlar şähere üýtgeşik bir tertip hem-de gelşik berip durdy. Hatta käbir öýleriň howlusynda ýurdumyzda duş gelmeýän palma agaçlary bardy. Beýle ajaýyp öýlerde ýaşamak bize nesip edermi-etmezmi, o ýeri belli däl... Biziň ýaly köp maşgalalarda hem ýagdaý şeýledir. Ýöne men bu hakykaty oýlap hiç gamlanmadym. Şu döwürde doň çüýşe ýaly sowuk, giň, beýik we kaşaň ymaratlaryň içinde…

Ömür Ýolunyň Ýolagçysy Şäheriň galmagally köçelerinden bazara tarap ýöräp barýardym. Birdenem gözlerim garryja, saçlary çalaran, köneje eşikli, ýyrtyjak aýakgaply bir ýaşula düşdi. Daşyndan seredip, 60 ýaşlaryndan geçendir diýip çakladym. Egnine haltadan öz elleri bilen tiken kirlije sumkasyny sallapdyr. Bilmedim, ol sumkanyň içinde näme bar?! Belki, bir döwüm çörekdir, suwudyr... Belki-de içinde birnäçe gyzyl alma bolmagam ahmal. Ýöne ol daýy öz elleri bilen tiken şol çuwal sumkasynda, aslynda durmuşyň iň agyr synaglaryny, üstünliklerini we hasratlaryny göterip…

Şükranalyk

Şükür! «Ynsan nämä şükür etmeli?» Bu sowalyň manysyz bolup duýulmagy ahmal. Sebäbi sowalyň özi ýene bir sowaly biziň öňümizde keserdip goýýar: «Ynsan nämä şükür etmeli däl?». Şonuň üçin hem galyplaşan akymyň wekilleri meniň başky sowalymyň diňe bir manysyzlygyny däl-de, eýsem, küfür geplemeklige barabarlygyny ýanjap aýdaýanlarynda-da geň görjek däl. Elbetde, olaryň hem nygtaýşy ýaly ynsan hemme zada şükür etmelidir. Ýöne ynsan şükür etmek diýilýän zadyň kaýyllykdan büs-bütin tapawutly amaldygyny hem hergiz unutmaly däldir. Şükür etmek –…