1 minut alar
Göwün baýlygy – tükenmejek hazyna

Şäheriň owadan köçeleri bilen ýoldaşym ikimiz ýöräp barýardyk. Ýoluň iki gyrasynda boý alýan kaşaň jaýlar şähere üýtgeşik bir tertip hem-de gelşik berip durdy. Hatta käbir öýleriň howlusynda ýurdumyzda duş gelmeýän palma agaçlary bardy.
Beýle ajaýyp öýlerde ýaşamak bize nesip edermi-etmezmi, o ýeri belli däl... Biziň ýaly köp maşgalalarda hem ýagdaý şeýledir. Ýöne men bu hakykaty oýlap hiç gamlanmadym.
Şu döwürde doň çüýşe ýaly sowuk, giň, beýik we kaşaň ymaratlaryň içinde ýaşap hem, göwnünde kör köpügi bolmadyk, içki dünýäsi garyp, ruhy ýetim adamlar az däl. Aslynda, adamy amala aşmadyk arzuwlary däl, kalbyndaky kanagatsyzlyk garyplaşdyrýar.
Men we ýoldaşym bolsa göwnümiziň baýlygyna, kiçijik hem bolsa ýylyjajyk ojagymyzda rahat uklap, şükür bilen oýanýandygymyza bütin kalbymyz bilen begenýäris. Biziň üçin hakyky we tükenmejek baýlyk – ine, şudur! Bir çümdüm hözir – müň tylladan gymmatdyr!
Dogry, hemmeler bol-elin durmuşda patyşalar ýaly ýaşap bilmez, emma bar zadyňa kanagat edip, durmuşyň saňa eçilen hakyky hazynalaryny görüp bilmek – iň uly sungatdyr. Göwnüňi baýatmak, ol ýerde özüňe degişli patyşalyk gurmak her kimiň öz elindedir.