Teswirler (21)

Ýüklenýär...
User Avatar

EÝ, MÄHELLE, GÜNDELIK GEPLEŞIKLERDE ULANÝAN SÖZLERIMIZ AZALÝAR !

2 minut alar

 

 

 

Türkmen dilinde jemi 50.000 sözüň bardygyny bilýärsiňizmi ? Wikipedia öz resmi web-saýtynda bu barada belläp geçipdir. Gyzyklanýanlar üçin çeşmesi aşakda görkezilendir.

 

Türkmen dilimiziň baýdygyna garamazdan, günlük ulanýan sözlerimiziň sany 300 ýa-da 400-i geçýän däldir diýip pikir edýärin. “Munuň sebäbi nämedenka?” - diýip özüňize sorap gördüňizmi? Menem şu soragy özüme köpden bäri soraýaryn. Aşakda käbir jogaplar bilen özümi kanagatlandyrmaga synanyşdym. Garaýyşlaryňyz bar bolsa goşant goşup bilersiňiz!     

 

Soňky döwürlerde kitap okaýanlaryň sany barha azalýar diýip köp ýerden eşidensiňiz. Elbetde, muňa baglylykda öwrenýän sözlerimiz hem azalýar. Sebäbi, köp sözi adam bir zatlary okamagyň üsti bilen öwrenýär. Okamazlygyň netijesinde söz baýlygy hem artmaýar. Adam okadygyça täze sözler bilen tanyşýar we bu sözler onuň aňyna ýerleşýär. Şeýlelik bilen okaýan adamyň gepi-sözi, sözlem düzüşi we ol sözleri ulanyşy beýleki adamlardan derrew tapawutlanýar. Üns beriň, indi, köp ýerlerde sözleri doly ýazman olary hasam gysgaldyp başladyk. Soň bolsa “bu söz nähili ýazylýardyka?”- diýip öz-özümize soramak bilen bolýarys.

 

“Muňa belki birzatlar sebäp bolan bolmaly” - diýip, oýlanma ilki başlamda size ýatladypdym. Men şeýleräk netijä geldim:

 

1-   Kitap okaýanlaryň sanynyň juda azalmagy,

 

2-   Sosial ulgamyň durmuşymyzda giňden ornamagy we söz baýlygymyza negatiw täsir etmegi,

 

3-   Çagalaryň öz ene dillerini doly öwrenmezden öňürti, daşary ýurt dillerine geçmekleri,

 

4-   Öňki döwürlere görä mümkinçiliklerimiziň köpelmegi we olaryň bizi peýdaly zatlardan uzaklaşdyrmagydyr.

 

Çeşme: https://en.wikipedia.org/wiki/List_of_dictionaries_by_number_of_words

255 |
|