2 minut alar
Ömür Ýolunyň Ýolagçysy
Şäheriň galmagally köçelerinden bazara tarap ýöräp barýardym. Birdenem gözlerim garryja, saçlary çalaran, köneje eşikli, ýyrtyjak aýakgaply bir ýaşula düşdi. Daşyndan seredip, 60 ýaşlaryndan geçendir diýip çakladym. Egnine haltadan öz elleri bilen tiken kirlije sumkasyny sallapdyr. Bilmedim, ol sumkanyň içinde näme bar?! Belki, bir döwüm çörekdir, suwudyr... Belki-de içinde birnäçe gyzyl alma bolmagam ahmal. Ýöne ol daýy öz elleri bilen tiken şol çuwal sumkasynda, aslynda durmuşyň iň agyr synaglaryny, üstünliklerini we hasratlaryny göterip barýan ýalydy.
Daýy daşyndan sal-sal görünýärdi. Emma ömür ýüküniň agramyndan ýyrtylan aýakgaplary bilen ýere basýan her bir ädiminde ýaşaýşa bolan üýtgeşik bir yşk bardy. Sumkasynyň kirlidigine garamazdan, arassa wyždanynyň nury alnyndan lowurdap durdy.
Oňa seredip durşuma, birden özümiň garraýşym göz öňüme geldi. Içimdäki pynhan ses: "SEN-DE BIR GÜN GARRARSYŇ..." diýip pyşyrdady. Edil şol sekuntlarda içki dünýämde uly bir ýüzleşme boldy. Her bir işe çyny bilen ýapyşan bu elleriň bir gün haldan gaçyşy, maşgalasy üçin gazanç etjek bolup ylgaýan, ýere dogumly basýan bu aýaklaryň gowşaýşy...
Wagt nähili rehimsiz! Bu daýy hem wagtynda biz ýaly ylgap işländir, halal gazanan puluna iň owadan aýakgaplary alandyr. Emma wagt diýilýän ýowuz we birehim duşman, ony çagalygyndaky şol sadalyga, gowşaklyga we goragsyzlyga gaýtaryp getiripdir.
Eý, ynsan! Bu gün sen nämäni alada edýäň? Kimdir biri kaşaň jaý arzuw edip, başynyň üstünde duran öýüniň barlygyna şükür edip bilenok. Kimdir biri ertekilerdäki ýaly owadan bolmak üçin estetiki operasiýalar etdirip, bar bolan iň uly baýlygynyň — saglygynyň gadryny bilenok. Wagt diýilýän zalymyň garşysynda biziň bu wagtlaýyn aladalarymyzyň bary biderek. Hemmämizem ömür ýolunyň ýolagçysy, dünýä bizdenem galýar. Şonuň üçin, edil şu günüň, şu pursadyň gadryny bilip, her bir demimize şükür bilen ýaşamaly...