2 minut alar
Ene Mähri we Perzent Borjy
Asuda awgust gijeleriniň birinde ejemiň mylaýym sesi meni şirin ukymdan oýardy. Ol maňa bir käse suw getirip bermegimi haýyş etdi. Men bolsa süýji ukymdan oýadylanym üçin nägilelik bilen, ýüzümi çytaryp suw getirdim. Ejem suwy içen badyna, onuň mähriban gözlerinden monjuk-monjuk ýaşlar damyp başlady. Şol pursat ejemiň näme üçin aglaýanyny doly aňşyryp bilmedim. Ýöne, boýun alsam-almasam-da, ol gözýaşlaryň meniň çytyk gaşlarymy we nägile nazarymy görendigi sebäpli dökülýändigini içimden duýýardym.
Ejemiň öçügsi gözlerinden damýan ol ajy damjalar meniň ýüregimdäki buzlary şol bada eretdi. Ejemi gujaklap, menem aglamaga başladym. Ýaňyja buzy erän ýüregim bolsa maňa şu sözleri pyşyrdaýardy: “Sen entek ejiz çagakaň ejeňi näçe sapar ukusyndan oýandyrypdyň?! Näçe gijeler oňa uky bermändiň?! Ine, elli ýaşy arka atan ejeň şu gün seni ömrüňde birinji gezek ukyňdan oýardy we bir käse suw getirip bermegiňi haýyş etdi. Ol saňa bu suwy buýrup hem bilerdi, ýöne saçlaryna ak girenine garamazdan, ol senden diňe haýyş etdi. Eger sen bir käse suw üçin gaşyňy çytýan bolsaň, senden nähili perzent bolar?!” Bu mukaddes zatlar barada ozal hiç haçan pikirlenip görmedik aňym bolsa bu soragyň jogabyny tapyp bilmeýärdi...
Eneler — jomart, geçirimi, mylaýym we goraýjy perişdelerdir. Olar çagalaryny nähili bolsalar, şeýle-de kabul etmegi hem-de ymgyr söýgi bilen söýmegi başarýan giň göwünli ynsanlardyr. Şunça oňat häsiýetleri özünde jemlän bu mähriban perişdeleriň waspyny umumylaşdyryp, «Eneler beýikdir!» diýsek, asla ýalňyşmarys. Hawa, eneler beýikdir we biz — perzentler olaryň öňünde ömürboýy borçlydyrys. Biz bütin ömrümizi olaryň hyzmatyna bagyş etsek-de, enelerimiziň öňündäki mukaddes borjumyzy doly ödäp bilmeris.