2 minut alar
ÝAGYŞ HAKYNDA OÝLANMA
Durnagöz asmanyň edil ortasynda, bir-biri bilen kowalaşýan egri bulutlar görünýär başda. Näme sebäpdenligi belli bolman o ýerden bu ýere ylgaşýarlar. Göýäki garagol çagalar ýaly... Ylgadygy saýyn derlärler, garalaşarlar.
Edil çagalaryň ullakan adam boluşlary ýaly olaram ulalarlar. Ulalmagyň berýän ezýetindenmi, ýa ulalan saýyn durmuşyň ýowuz daraýanlygyndanmy bilmedim, birdenem aglamaga başlarlar. Näçe ulalsalarda göwünleri entek kiçijik çagalaryňky ýalydyr. Sähel zada aglar olar. Biri başladymy, hemmesi goýberer özüni. Sen gök ýarylandyr öýdersiň. Aýnanyň öňünde durup, syzylýan damjalara seredersiň. Soňra içiňden bir ses “Aç penjiräni”diýer. Açarsyň. Ýüzüňe üýtgeşik tämizlik urar ilki, soňra bolsa atlandyryp bolmadyk ys. Öň hiç haçan beýle ys ysgamadyk ýaly,edil ilkinji gezek dem alýan ýaly öýkenleriňi doldurarsyň täsin howadan . Göýäki, hyýalyňda toprak bolarsyň, bulut bolarsyň, ýagyş bolup ýagarsyň . Tämiz howadan dem alyp meý içen ýaly duýarsyň özüňi. Sebäpsiz pikirlenersiň. Näme üçin bu ysyň beýle enaýy ysdygy, näme üçin başga zatda munuň ýaly ysyň ýokdugy. Köp pikirlenmän taparsyň jogaby. Aklyňa ene topraga gömülen ençeme arzuw-hyýallar, ýalançydan öten ne gözel ynsanlar geler...
Kimdir biriniň arman bolan söýgüsi, kiminiň bolsa ýönekeýje mugallym bolmak höwesi, ýene-de biriniň ene topraga gömülen ezizleri düşer ýadyna we edil şol pursat, şol wagtyň özünde gök asman bilen bile aglar doýup doyup. Göz ýaş damjalary ak ýagyş bilen garylyp siňer gider topraga. Ine şeýdip näçe ynsan, näçe gözel hyýaldyr armanlaryny gömer ýere. Megerem, bu lezzetli üýtgeşik ys gözel hyýallaryň, belent arzuwlaryň, toprak astyndaky mährem ýürekli ynsanlaryň ysy bolsa gerek.