1 minut alar
Bilelikden gelen GÜÝÇ Öýümiziň bagynda asmana syn edip oturşyma, mellegiň bir burçunda ekilen 5 sany sosna agajyna ünsüm çekildi. Owadandylar, güýçlüdiler, uzyn-uzyn boýlary bardy we biziň mellegimize üýtgeşik bir gelşik berip durdylar. Başlaryny asmana ýetirjek bolup ösüp baryşlaryna seredeniňde, bir-birinden güýç alýan ýalydylar. Kakam bu sosna agaçlaryny näme maksat bilen oturtdyka?! Belki-de, 5 sany goç ogly bu bäş sosnada özlerini görsün diýendir , Belki-de eline ýaňy galam alyp başlan lälik gyzy bulary synlap oýlanma ýazsyn…