Güýç

Bilelikden gelen GÜÝÇ Öýümiziň bagynda asmana syn edip oturşyma, mellegiň bir burçunda ekilen 5 sany sosna agajyna ünsüm çekildi. Owadandylar, güýçlüdiler, uzyn-uzyn boýlary bardy we biziň mellegimize üýtgeşik bir gelşik berip durdylar. Başlaryny asmana ýetirjek bolup ösüp baryşlaryna seredeniňde, bir-birinden güýç alýan ýalydylar. Kakam bu sosna agaçlaryny näme maksat bilen oturtdyka?! Belki-de, 5 sany goç ogly bu bäş sosnada özlerini görsün diýendir , Belki-de eline ýaňy galam alyp başlan lälik gyzy bulary synlap oýlanma ýazsyn…

Kömek Gerekmi?

“Salawmaleýkim agam! Ýolda dursuň welin maşynyňa bir zat boldumy? Kömek gerekmi?” “Salam uýam! Öý işleriňi edip bileňokmy? Kömek gerekmi?” “Salam Eje! Şu wagt dükana geldim welin öýe gerek zat barmy?”… "Sen hemme kişä kömek edesiň gelýändir welin olar seniň kömegiňe mätäçmi? Sen her kim bilen gatnaşmak isleýän bolup bilersiň welin olar isleýärmi? Sen elmydama dogrynyň tarapynda welin seni bu herekediň üçin goldaýan barmy?… Seniň bu optimistligiň töwerekdäki käbir(bir topar) adamy birahat edýär we wagtyň geçmegi…

Döwrebap adam

(hekaýa) Käwagt ýazyň soňky aýynda howanyň petişdigine garamazdan, gara bulutlar asmany tutýar-da, gelişleri ýaly duýdansyz ýagyş ýagdyrýar. Şabyrdap ýagýan damjalar eýýäm gardyr ýagyş baradaky pikirlerini unudyp ýetişen adamlarda alasarmyk duýgy oýarýar. Şol äm-sämlikden açylyp ýetişmänkä-de, är-aýalyň urşy ýaly gysgajyk ýaz ýagşy “Hamana bolman ekenim” diýýär-de, ýol ugrunda ýaňy gögeren ýaşyl otlara, ýagyş ýagandan soň, edil ýag dökülen ýaly ýalpyldaýan gara ýola siňip gidýär. Ýagşyň, mümkin, öz ysy ýokdur, ýöne ol ýaşyl otlara siňenden soň, gara…