1 minut alar
Bilelikden gelen GÜÝÇ
Öýümiziň bagynda asmana syn edip oturşyma, mellegiň bir burçunda ekilen 5 sany sosna agajyna ünsüm çekildi. Owadandylar, güýçlüdiler, uzyn-uzyn boýlary bardy we biziň mellegimize üýtgeşik bir gelşik berip durdylar. Başlaryny asmana ýetirjek bolup ösüp baryşlaryna seredeniňde, bir-birinden güýç alýan ýalydylar.
Kakam bu sosna agaçlaryny näme maksat bilen oturtdyka?! Belki-de, 5 sany goç ogly bu bäş sosnada özlerini görsün diýendir , Belki-de eline ýaňy galam alyp başlan lälik gyzy bulary synlap oýlanma ýazsyn diýen bolmagam mümkin.
Bu agaçlaryň oturdylan ýeri mes toprakdy, edil bäş erkek doganyň aslynyň gowy ynsanlar bolşy ýaly. Bir-birinden gelşikli, owadandylar — edil bäş erkek doganyň hersinde bir owadan ynsan sypatynyň jemlenişi ýaly.
"Näme üçin gözüme bu agaçlar beýle enaýy görünýärkä?" diýip oýlandym. Meniň pikirimçe, bularyň gözelliigi jem bolmakdan, bilelikden gelýän bolmaly. Eger her biri mellegiň aýry burçunda dikilen bolsa, beýle owadan görünmezdi. Hatda güýçli tupanlaryň birinde döwülmekleri-de ahmaldy.
Edil şonuň ýaly, ynsan ogly hem bu ýowuz durmuşda bir-birine goldaw berip, söýenişip ýaşamaly. İsle dogan bol, isle ýat, ýöne şu durmuşda adamyň adama mätäçligi ýalana çykaryp bolmajak hakykat...