Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

Kömek Gerekmi?

2 minut alar

“Salawmaleýkim agam! Ýolda dursuň welin maşynyňa bir zat boldumy? Kömek gerekmi?”

“Salam uýam! Öý işleriňi edip bileňokmy? Kömek gerekmi?”

“Salam Eje! Şu wagt dükana geldim welin öýe gerek zat barmy?”…

             "Sen hemme kişä kömek edesiň gelýändir welin olar seniň kömegiňe mätäçmi? Sen her kim bilen gatnaşmak isleýän bolup bilersiň welin olar isleýärmi? Sen elmydama dogrynyň tarapynda welin seni bu herekediň üçin goldaýan barmy?…

Seniň bu optimistligiň töwerekdäki käbir(bir topar) adamy birahat edýär we wagtyň geçmegi bilen saňa-da täsir edýär. Sebäbi olar özleriniň edip bilmeýän ýa-da amala aşyryp bilmedik zatlaryny başga biriniň başarandygyny görmek islänok, onun başarmagyny hem islänok. 

Onsoň 3 adamyň seniň dogry eden zadyňa ýalňyş diýmekleri seniňkini hem ýalňyşa öwürýär. Şeýlelik bilen 3 ýalňyş 1 dogryny äkidýär ýöne sen bulara seredip umydyňy üzäýme! Kä wagt bilgeşleýin ýalňyşan bol. Goý olar “ Bäää bu hem ýalňyşýan ekenow” diýsinler.

Men saňa oturan ýerimden motiwasiýa berýän ýaly bolýan welin näme edeýin men pahyry diňleýän barmy? Meniň elimde güýjim ýok, seniňki ýaly ne wagtym bar ne ýaşym! Bar elimden gelýän zat kiçiräk maslahat!

Ýaňy seniň ýanyňa gelmänkäm ýolda kellämde köp zady pikirlenip gelýärdim welin artyp galan şu wagt hiçisi ýadyma düşenok. Indiki gezek sen geläý bize, özem agşam gel.Gelnejeň hem saňa süýji Işlekli bişirip berer, soňundan gökje çaý başynda sögüşeris wiý jedelleşeris"…

                                         

37 |
|