Teswirler (0)

Ýüklenýär...

ÝÜK (Ýaşaýyşyň Üýtgemejek Kadasy)

2 minut alar

Hawa, dumuş kynçylyklar bilen gurşalan bir ýaryş meýdançasydyr. Her kim ýa bir başgasy bilen ýa-da özi bilen elmydama ýaryş içindedir. Eýsem bolmasa näderdi..? Ýaşabilmezdi…-mikä? Belki, gysga möhletleýin, ýöne müdimi däl.

Her bir adamda aram-aram, garaşylmadyk ýagdaýda öz barlygyn görkezip durýan egnimizdäki kynçylyklaryň, başga bir manyda – ýükleriň aslynda mydama hem biziň omuzlarymyzda duranlygynyň, ýöne biz onuň külpetini we ynjalyksyz agyrlygyny aýratyn pursatlarda, ýagny özümizi ruhy we bedeni taýdan ýadaw duýan halatymyzda syzyp bilýändigimize göz ýetiren pursatymyzda, belki-de şol ýükleriň durmuşymyzdaky gaýrygoýulmaz aýratynlyklaryň öňdebaryjysydygyna düşüneris.

Hawa, ýagdaýy çylşyrymlasdyrdym. Gysgaçasy, ýer ýüzünde her kimiň öz ýüki, durmuşa bagly galmak üçin ýüpi bolmalydyr. Ýüklerimiz bizi dünýeden doýurman eýsem dünýede doýurmalydyr.

Uzatmak islämok, belki başga wagt bu mowzuga has içgin girişerin, oňa çenli bolsa, zametkada ýitip galan, özümiňem düýn tötänleýin duşamda bir wagtlar ýazanym ýaduma düşen goşgymy paýlaşaýyn şu tema babatynda:

Ýük

Omuzlarda göterip ömür ýükün,
Bir adam, barýar, ýoklykdan barlyga…
Dert gerek bolsa, onda ite dökün,
Ýöne, ruhy düşmändir naçarlyga. 

Baky çeşme besleýärdi ruhyny,
Ol ýetimdi, ýöne ýesir hiç däldi.
Köñlündäki ýatmaz ala-gohuny
Dyndarmaga hiç haçanam giç däldi. 

Ol, nusgalyk atady çagalarna,
Ýörelgesi diñe şolañ bagtydy,
Çydamaz zürýadynyñ aç galarna
Olar doýsa dünýe oña ýagtydy. 

Ol enedi, çagañ mährini çeken
Uýady ol, käte uýadyñ ýapýan.
Kä jigi, kä aga şol omzy çöken,
Ýöne hersinde men şol ýükü tapýan. 

İsle uýa, isle jigi ýa aga,
İsle ene, ýa ata, hiç parhy ýok,
Ýükli omza şu setirler sadaga,
Şol egniñ, şol gerşiñ belli nyrhy ýok. 

"Hemme–adam, hemme çekýär zorlugy…"
Diýýän we zeýrenmekden edýän heder
Doklugy duýmarsyñ görmän horlugy,
Diñe ýokluk barlygy taýsyz eder! 

Ýöne çökse-de dik durar şol egin,
Görkezmekden ýüz dönderer ýüküni
Kä-ler nogsan diýse-de, ol bolelin,
Melleginde miwe berer eke:ni. 

Ol, asyl tüýs zähmetsöýer eken:i,
"Kynçylygyñ ejizlikdigin" bilýän
Ol diýýän ynsanym bärde ýekemi?
Ýok, ol ähli ýerde hem göze ilýär! 

Ol, sen, ol, men, ol ählimiz bolmaly,
Şeýdip ýükü ýeñletmeli kökünden,
Diýip: "Biz paýlaşdykça dert solmaly,
Adam üçin ýük çekmekden ökünmen!"

Ýükleri paýlaşdykça ýeňlär. Birek birege egin berişeliň!

22 |
|