1 minut alar
Şükür etmek
Gyzlar bolup ularak märekäniň yzyny ýygnaýardyk. Men gap-gaçlary ýuwýardym. "Gyzymjanyň işi bar, elleriniň çişi bar" diýlişi ýaly, bäş sany gap ýere gaçdy. Olaryň iki sanysy döwülipdir, üçüsine hiç zat bolmandyr. Men üç gabyň sag galanyna şükür etmegiň deregine, ikisiniň döwülenine nalyş etdim. Onýança ýuwýan çäýnegimiň tutawajy elime geldi duruberdi. Men şonda-da : "Muňa-da şükür, beterinden saklasyn " diýmedim, ýene nalyş etdim. Gap-gaçlary ýuwup boldum, ýaňky döwen gaplarynyň bölekleri biriniň bir ýerine giräýmesin diýip toplaýardym welin, elim kesildi. Janym agyransoň şükür etmek göwnüme geldi we men şükür etdim: "Allajan beterinden saklasyn, ýuwýan gaplarymyň barysy döwülen bolsa näme ederdim? Şükür iki gap, bir çäýnek, birem elimiň kesigi diýäýmesem, başga ýetiren zadym ýok..."
Diňe bu zat babatynda däl, hemme zatda hem, her hili ýagdaýda hem ynsan bolanyna kaýyl bolup, gününe şükür edip ýaşamalmymyka diýýän.
Baryna kaýyl bol, şükür et dostum,
Görmänem bilerdik agy- garany.
Şükür, terk etmedi bizi göreçler,
Saýgaryp bilýäris ýoly-ýodany.
Dem alýarys, eşidip dur gulaklar,
El-aýaklar işleýär sag- salamat.
Bu elýetmez baýlyklaryň bedende,
Jemleneni eýse dälmi keramat?!
Iýmäne çörek bar, içere suwam,
Emma käte azrak agyrýar ýürek.
Ýöne şükür, agyrsa-da urup dur
Ýogsa bu güni-de görmezdim gerek?