2 minut alar
Akyl satmak bazary: Özümizde ýok akyly kime satýarys?!

Näme üçin başgalaryň durmuşyna bolan gyzyklanmamyz öz durmuşymyza bolan gyzyklanmamyzdan ýokary? Näme üçin başgalaryň ýalňyşlyklaryny derňemekden ajaýyp lezzet alýarys? Näme üçin "akyl satmak" başarnygymyzy şeýle ýokary derejede ösdürdik?
Bu soraglaryň jogabyny tapmak köpler üçin aňsat düşmese gerek. Sebäbi hemmämiz nebsimizi "suwarýan" biçäreler we betbagtlar toplumy bolandygymyz üçin, öz durmuşymyz, öz ýalňyşlyklarymyz we öz kemçiliklerimiz bilen ýüzleşmekden ejiz gelýäris. Göýä biz bu ýalançy dünýä ýokardan seredýäris, akyl satýan adamlarymyz bolsa biziň gözümizde has aşakda duran ýaly. Emma aslynda, bir adamyň başga bir adamdan kän bir tapawutly, ýagny üstünlikli tarapy ýokmyka diýýän.
Sebäbi biziň jemgyýetimizde görelde alarlyk asylzada zenanlaryň we erkekleriň gytlygy döredi. Iň gowy "men" diýenimiz hem, geçmişdäki adaty bir adam bilen deň geler-gelmez. Bu bulama-bulaşyklykda her birimiz: "Ýok, men erbet adam däl, hanha ol barýan mendenem beter, şony hem ýer göterip ýör" ýa-da "Meniň bir tanaýanym kezzap hem binamys bir adamdy; ýogaldy, jaýladylar. Şony kabul eden ýer, meni ikielläp kabul eder" diýen ýalňyş düşünjelere aldanýarys.
Jemgyýetiň körleşip barýandygy hakykat. Emma biziň geçmişdäki görelde almaly şahsyýetlerimiziň rowaýatlary we hekaýalary entek ýaşaýar ahyry! Diýmek, akyl satmak başarnygymyzy bir gyra goýup, entek akyl almak, ýagny dogry ýerden dogry görelde alyp, hakyky adam bolup ýaşamak üçin umyt yşygy bar.
Taryh kassetamyzy 10 asyr yza saralyň... Belki ondan hem aňyrraga saryp bilsek, has peýdaly maglumatlary öwrenip, özümizde gowy häsiýetleri jemlemegimiz mümkin. Taryh gatlaryna siňip giden Altyn Jan hatynyň, Togrul begiň, Osman begiň, Bala hatynyň görelde alarlyk asylzada sypatlarynyň ýüzden birini özümizde jemlemegi başarsak hem, jemgyýetimiz hakyky jemgyýet bolmak üçin uly bir ädim äderdi.
Geliň, indi başgalaryň durmuşyna emi-ýomy bolmaýan kazylar bolmakdan el çekeliň! Özümizde ýok akyly bazara çykaryp satmalyňda , kalbymyzyň törüne geçip öz ruhumyzy ýonmaga başlalyň. Çünki bir adam özüni düzelden güni, tutuş dünýäniň düzelmegine , gözelleşmegine bolan umyt döremäge başlar. Biziň taryhymyzda, ganymyzda şol asylzadalaryň ruhy bar — diňe we diňe şol ruhy ýaňadan oýarmak üçin birazajyk gaýrata galmagymyz gerek...