Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

2 minut alar

Maskalaryň aňyrsyndaky hakykat: Hakyky ýüzümizi ýatdan çykarýarysmy?

Jemgyýetimiziň bitmek bilmeýän agyr ýaralarynyň birine barmak basmak isleýärin. "Maska" diýlende, ilki bilen teatr sahnalarynda ulanylýan serişdeler, ýagny oýunçylaryň öz keşbine girmek üçin dakynýan emeli ýüzleri göz öňüme gelýärdi. Ýöne soňra düşündim welin, maska diňe teatr üçin niýetlenen däl eken. Ol adamlaryň gündelik durmuşda dakynýan "ikinji ýüzüne" öwrülipdir.

Iň bolmanda, teatrdaky oýunçylaryň maskasynyň aňyrsynda hakyky ýüzüniň bardygyny bilýäris. Emma durmuşda duş gelýän käbir adamlaryň bir maskasy düşse, ýerine derrew ikinjisi, hatda üçünjisi peýda bolýar. Adamlar şeýle bir gatbar-gat maska dakynyp ýaşaýarlar, olar eýýäm öz hakyky ýüzlerini we özbaşdaklygyny bütinleý ýatdan çykarypdyrlar.

Men maskalaryň käbir görnüşlerine belli bir derejede düşünip bilýärin. Meselem, kimdir biri ideal hasaplaýan adamyna meňzemek üçin maska dakynsa, wagtyň geçmegi bilen şol keşbe öwrenişip, belki-de, hakykatdan-da şol beýik adama öwrülip biler. Ýa-da içindäki erbetligi gizlemek üçin "gowulyk maskasyny" dakynan adam, wagtyň geçmegi bilen şol maskanyň astynda öz içindäki erbetligi doly ýok etmegi mümkin. Bu ýagdaýlara belli bir derejede umyt bilen garap bolýar.

Emma hiç hili ylalaşyp bolmaýan, ynsanyň mertebesine asla gelişmeýän ýene bir maska görnüşi bar: Ýaranjaňlyk!

Näme üçin adamlar kimdir birine ýaranmak üçin özlerini gara ýere çenli kiçeltmelikä? Kimdir biri başlygyna, ýene biri bolsa "haçanam bolsa bir wagt peýdasy deger" diýen tamakinlik bilen wezipeli birine ýaranmak üçin sypaýyçylyk we ýaranjaňlyk maskasyny dakynýar.

Elbetde, durmuşda aýak üstünde galmagyň kyndygyna düşünýärin. Ýöne hakyky sylag-hormat bilen ýaranjaňlyk asla deň zatlar däldir. Sylag-hormatyň çägi ýokdur we ol diňe mynasyp bolanlara goýulýar. Ýaranjaňlyk bolsa diňe hususy bähbit üçin oýnalýan arzan oýundyr. Öz hakyky şahsyýetimizi we mertebämizi ýitirip, ýeňil ýollar bilen üstünlik gazanmaga çalyşmak — bu biziň özümize, öz ruhumyza edýän iň uly hyýanatymyzdyr.

"Bäş barmak deň däl" diýlişi ýaly, belki-de, bu meselede ýaranjaňlaryň günäsi azdyr. Asyl günä — şol ýaranjaňlary höweslendirýänlerde, olary öz töweregine ýygnaýanlardadyr. Süriniň öňüni çekip barýan "goç" her kime görelde bolmalydyr. Eger-de şol "goç" öz töweregine hakykaty aýdýanlary däl-de, diňe ýaranjaňlyk edýänleri jemlese, onda ol ilki bilen öz şahsyýetini we mertebesini ýitirdigi bolýar. Çünki hakyky lider öz töwereginde ýaranjaňlyga garşy galyň diwarly gala gurup göreşmegi we hakykaty hemme zatdan ýokary tutmagy başarmalydyr.

Isle şol agzalan "goç" bol, isle-de süriniň iň yzyndaky... Bu ýaranjaňlyk meselesi barada ýeke galanyňda özbaşyňa oýlanyp görmek hiç kime zyýan bermez diýip pikir edýärin. Çünki duşmanyňy tanaman, ony ýeňip bolmaýar. Ilki bilen, biz içimizdäki şol ýaranjaňlyk maskasyny dakynan BIZ bilen ýüzleşmelidiris. Nurana keşbimizi gizleýän ähli emeli ýüzleri sypyryp taşlap, hakyky özümiz bolup galmagy başarsak — ana şonda dünýä öz hakyky gözelligine gowuşar.

|