2 minut alar
AGAÇLAR HEM ÝADAÝARLAR
Ýadawlyk...
Bu kynçylyklardan doly, rehimsiz durmuşda her kim bir zatdan ýadaýar. Kimdir biri garynjalar ýaly dynuwsyz işlemekden, kimdir biri bolsa tutuş ýyl ýapraklaryny göterip, ahyrsoňy ýadawlykdan olary saraldyp ýere gaçyrýan agaçlar mysaly — ýaşaýşyň göze görünmeýän agyr ýüklerinden ýadaýar.
Elbetde, garynjalar täsin hem görelde alarlyk jandarlar, emma meniň sary ýaprakly agaçlar hakynda pikirlenesim gelýär... Görýäňmi, ýaňy pyntyk ýaryp, ýaşyl ýaprak gögerip ugranda, agaç öz egnine ýüklenejek ýüküň agramy hakynda hiç oýlanmaýar. Çal baldaklaryndan owadan ýaşyl ýapraklaryň çykyp barýanyna tolgunyp: "Men hiç wagt ýadamaryn bu enaýy zatlary göterip" diýýän ýalydyr. Emma wagt geçdigi saýyn, her zadyň gyzygy gaçýar. Şol owadanlyk wagt bilen bilelikde egnine ýük bolmaga başlaýar we saralan ýapraklaryňy birme- bir ýere gaçyrmaly bolýarsyň...
Aslynda her bir agaç — bir adamyň ömrüni ýatladýar. Kiçijik çagakaň ýa-da mekdep okuwçysykaň nähili hezildi! Bar aladaň oýunjakdyr, bolmasa-da matematikadan aljak bäşligiň. Bir salymdan töweregiňe seredýärsiň; wagt geçipdir, ulalypsyň... We ol çagalyk aladalaryndan has uly, agyr aladalaryň içinde, käte aýakýalaňaç, çäresiz bir ýagdaýda duransyň.
Ýöne durmuş näçe kyn, näçe ýadawlyklara doly bolsa-da, ýaşamaly... Bu ýowuz durmuşyň rehimsiz darbalary ruhyňy ýadatsa-da, öz güýjüň bilen aýak üstünde durmagy başarmaly. Egnimizdäki ýapraklar saralyp düşse-de, köklerimiz topraga berk ýapyşmaly. Sebäbi adam ogly näçe ýadasa-da, näçe ejizlese-de, öz ykbalynyň eýesi bolup, kynçylyklara garşy döz gelmäge mätäçdir...
Edil agaçlaryň ýapraklarynyň agramyna döz gelip, iň soňunda miwe berýän wagty , çeken bar kynçylyklaryna degişi ýaly; adam hem durmuşyň yükleýän ýüküniň aňyrsynda rahatlygyň, şatlykly günleriň, ene-ata bolmagyň we sagdyn ýaşamagyň berýän lezzetini duyup ýaşamaly.
Agaçlar her ýyl ol ýapraklaryň agramyny götermäge razydyr. Näme üçin?! Sebäbi kynçylyklardan soňra ynsana peýdaly miwelerini berjekdigini bilýär. Adamzat hem bu durmuşyň ýüküne döz gelmeli. Näme üçin?! Geljekde ynsanyýete peýdaly bir miras, hayyrly bir yz galdyrmak üçin...