Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jadygöý

Ajaýyp we aňsat üstünlikli bolmak üçin 5 sany ädim, ýa-da şuňa meňzeş bir zatlar.

9 minut alar

1-nji ädim: Islendik internetde tapan ädimme-ädim üstünlige ýetmek ýaly sistemalary ýa-da makalalary görseňiz, onda olary şol bada ýatdan çykaryň.

Serediň, hawa dogry biziň hemmämiz ullakan öýde, süýji nahar iýip, gymmat bahaly eşikleri geýesimiz gelýär. Ol barada hiç hili şübhe ýok. Ýöne, geliň hakykata seredeliň. Üstünlige ýetmek üçin biz adatdan daşary zat etmeli.

Asyl adyndan belli bolşy ýaly, adaty däl zady etmek üçin biz ilki bilen şol adaty däl zady tapmaly we ondan soňra hem şol zady beýleki adamlardan gowy etmeli. Şonuň üçin ajaýyp üstünlik diňe başgalaryň edenlerine garşy gitmek ýa-da başgalaryň edip bilmejek zatlaryny edip biljekdigiňize ynanmak arkaly gazanylyp bilner. We şu sebäpden hem internetde tapan islendik ädimme-ädim üstünlige ýetmek ýaly zatlaryň hiç haýsy size kömek etmez.

Meselem, pikir edip görüň. Siziň pikiriňizçe Stiw Jobs ýaş wagty Google açyp "Nädip adamlaryň aragatnaşyk ulgamyny döretmeli we ony hem owadan etmeli" diýip gözländir öýtýäňizmi? Elbetde ýok. Ýa bolmasa Tomas Edison kitaphana gidip "Dünýäni üýtgetjek zatlary nädip gurmaly" diýen kitaby gözläp şony okandyr öýtýäňizmi? Jogaby şeýle hem bellidir.

Olar möhüm duýulýan we başga hiç kimiň pikir edip bilmeýän, az pikirlenilýän zatlaryň üstünde işlediler we şonuň üçin hem üstünlige ýetdiler.

Internetde we ençeme kitaplarda köp duş gelýän ulgamlaryň köpüsi "kyssa ýalňyşlygy" diýlip atlandyrylýan terminden ejir çekýärler. Ýönekeý kesgitlemede, bu adamyň ýeten üstünligini, şol üstünlige hiç-hili dahyly bolmadyk wakalara birleşdirmekdir.

Mysal üçin, men Worren Baffetiň ýa-da Albert Eýnşteýniň biografiýa kitaplaryny okadym. Eger başga-da okanlar üns beren bolsalar kitabyň köp bölegi şol şahsyýetleriň ýaşlygy barada. Ýazyjylar ony has hem owadanlap, şol wakalaryň nädip üstünlige sebäp bolandygyny aýtjak bolýarlar.

Ýöne şu ýerde biz iki sany meselä gabat gelýäris:

  1. Kiçijik Albert Einşteýn bilen näme bolup geçen bolsa-da, şol bir wagtda hem şol bir zady başdan geçiren başga-da millionlarça kiçijik oglanjyk bardy, ýöne olar Albert Einşteýn bolup bilmediler.
  2. Görnükli adamyň durmuşynda iki hadysanyň baglanyşykly bolup görünmegi, olaryň baglanyşandygyny aňlatmaýar. Terjimehal olary baglanyşdyrýar, sebäbi ajaýyp kyssa döredýär. Kyssa bolsa asyl hakykaty aňlatmaýar.

Pikir edip görüň, kimdir biriniň terjimehalyna giren wakadan başga şol bir wagtda müňlerçe zat geçipdir, belki başga wakalar has täsirli bolandyr. Şonuň üçin bu kyssa enjamlary ajaýyp kitaplary we şuňa meňzeş ýakymly makalalary ýasasa-da, hakykatdanam ajaýyp üstünliklere itergi berýän zatlary anyklamaga kömek etmeýär.

Ýöne, eger-de üstünlik gazanmak üçin hakykatdanam ilkinji ädim bar bolsa (meniň pikirimçe ýokdur), onda bu şeýle sorag bilen başlardy: Dünýäde az adamyň bilýän we az adamyň pikir edip işlemeýän möhüm zady näme?

Şol soraga jogabyňyz bar bolsa, başlamak üçin gowy ýer bolup biler.

2-nji ädim: “Üstünlik” diýen düşünjäni diňe siziň we başgalaryň döreden zadydygyna düşüniň, hatda "üstünlik näme?" diýen soraga belli bir jogap ýok.

Eger-de psihologiýa ylmynda bir zatlar bilýän bolsaňyz onda düşünmek aňsat bolar, düşünmeýän hem bolsaňyz mesele däl, düşündirjek bolaly.

Arzuwlaryňyzyň köpüsi aslynda arzuw däl, olar diňe özüňizden gaça durjak bolýan ýeterliksizlik duýgularyňyzyň hyýaly we artykmaç öwezini dolmakdyr. Düşünmediňiz gerek? Onda açyp gowy edip düşündirjek bolaly.

Baýlyga ýa-da şöhrata aşa isleg bildirýän adamlar baýlyga ýa-da şöhrata eýe bolmagyň arassa şatlygy bilen hyjuwlanmaýarlar. Köp adamalaryň psihologiki aňynda belli bir mesele bar, ol hem özlerini ýeterlik däl duýmazlyk üçin ýeterlik zatlar bilen doldurjak bolýarlar. Meselem, ýaş wagtyňyz maşgalada dürli dawa, ýa bolmasa mekdepde gözi ýanyp duran halamaýan mugallymyňyz belli bir ýagdaýda size öz täsirini ýetirýär.

Näme bolsa-da, her birimiz çagalykda emosional ýaralary başdan geçirýäris (ýa-da şowlulyk gazananlaryň biri bolsaňyz, onda bilmedim). Şol ýaralar dünýäni haýsydyr bir hyýaly görnüşde, jadyly görnüşde egilen ýaly, dünýäni gödek, adalatsyz ýaly görmegimize sebäp bolýar. Şol ýaralar pula we wagtlaýyn gowy zatlara aşa baha bermegimize sebäp bolýarlar. Bu gapma-garşylyklar soňam belli bir ýagdaýda ejir çekmegimize sebäp bolýar.

Netijede, “üstünlik” baradaky kesgitlemelerimiz, bu öz dünýämizi nähili görşümizden gelýändir. Ýaşlykda puluny gerekmejek zatlara sarp edýän şahsyýet bilen ýaşan çaga soňra ulanandan soň pul we maddy baýlyga huşsuz aşa üns berip özüni ýitirýär. We şonuň netijesinde, her gezek aýlyk alanyňyzda özüňi betbagt duýup, siz hiç kime gerek däl ýaly duýgular bilen gurşalýaňyz. Ýa bolmasa-da käwagt çaga maddy zatlara aňy gidip, ogurlyk etmäne hem başlaýar. Her kim däl, ýöne asyl manysyny düşündirmek üçin mysal.

Belli bir ýagdaýda üstünligiň kesgitlemesi siz üçin köp we ummansyz pul gazanmak ýaly bolup görünse-de, bu ýagdaý diňe öz beýniňizde özüňizi ynandyrmak üçin bolup geçýän prosesdir. Köp adamlaryň üstünlik kesgitlemesi pul bilen hiç-hili baglanyşygy ýok, şonda-da olar bagtly we sagdyn durmuşda ýaşaýarlar. Diýjek bolýanym, pul ýa-da şöhrat, söýgi diýen manylarda hiç-hili üstünlik ýok. Ony diňe biziň beýnimiz we aňymyz üstünlik hökmünde kabul edýär.

Tüýs dogry okadyňyz. Biziň özümiz biz üçin "üstünligiň" nämedigini aňymyz bilen düzýäris we ony kabul edenden soňra öz durmuşymyzy şol öz düzen kesgitlemämize garşy ölçäp ýaşaýarys. Ýöne has dogrusy, köplenç bu "üstünligiň" kesgitlemesi bize maşgalamyz, daşky gurşawymyz we medeniýetimiz tarapyndan berilýär.

Çaga wagtymyz töweregemizdäkileriň hemmesi abraý-hormat, bilim ýa-da pul bilen gyzyklanýandygyny görýäris we şonuň bilen hem ulalýas ("Illeň çagasy ot ýaly pul gazanyp maşgalasyna kömek edýär" diýen sözler ýadyňa düşýärmi?). We ulalandan soňra birnäçe ýyl geçýär we biz şol adamlaryň kesgitlemesi bilen ýaşandygymyzy ýatdan çykarýarys ýa-da çaga wagtymyzdaky ýetip bolmajak ýatlama bolup galýar. Şol sebäpden hem üstünlige şol gören adamlaryňyzyň kesgitlemesi däl-de, dünýäniň işleýşi şeýle diýip özümizi ynandyrýarys.

We birnäçe wagt soň, durmuşda dürli kesgitlemeleri bolan adamlar bilen ýa-da siziň "gymmatly" kiçijek kesgitlemäňiziň manysynyň ýokdugyny görkezýän adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda, özüňizden gidip, gahar atyna münmäge başlaýaňyz. Diýjek bolýanym, şunça ýyllap özüňizi kesgitlän bu zadyň hakykatdanam ýok bolsa, ömrüňizde näme edip geçdiňiz we näme etmekçi?

Bu pikir köplenç özümi-de belli bir derde saldy...

3-nji ädim: Öz-özüňi kesgitlemegiň düýbünden esassyz we siziň oýlap tapandygyňyza düşünmek bilen bar bolan umytsyzlyga boýun boluň.

Adamlaryň köpüsi “üstünlik” kesgitlemeleriniň esasan emosional gowşaklygy sebäpli döredilendigine düşünýän hem bolsalar, ony dogry hasap edip boýun almaýarlar. Bu birnäçe sebäplere görä şeýle bolýar. Birinjisi, ömrüňiziň aglaba bölegini sarp eden zatlaryňyzyň köpüsiniň puja çykandygyna düşünmek. Ikinjisi, gaty köp alada eden zadyňyzyň aslynda möhüm däldigine düşünmek gaty gynandyryjy. Üçünjisi bolsa, eger bütin ömrüňizi alada bilen geçiren zatlaryňyzyň ähmiýeti ýok bolsa ... bäh... onda, hiç zat möhüm bolmasa näme etmeli?

Hawa, üstünligiň kesgitlemeleriniň diňe özbaşdak ýa-da siz we töweregiňizdäki adamlar tarapyndan döredilendigine düşünmegiň özi hem sizi krizise salyp biler. Taryhy taýdan seretsek (meniň özüm taryhçy, belki taryh mugallymym okap begener) köpleriň 40-50 ýaşlarynda bu tejribesi bar, ol hem “orta durmuş krizisi” hökmünde tanaldy.

Diýeli, bütin ömrüňizi üstünlik, gowy jaý, 2 sany çaga hökmünde kesgitleýärsiňiz. Ol ýere barmak üçin ýigrimi goşmaça ýyl işleýärsiňiz, soň bolsa bir gün oýanyp, islän zadyňyza ýetendigiňize düşünersiňiz... we şonda-da siz ýigrimi ýyl mundan ozal edil şol bir samsyk ýaly duýmaga başlarsyňyz. Başga bir zat duýmaýarsyňyz. Öňküsi ýaly bizar we aladaly bolýarsyňyz. Siz henizem özüňizi yzygiderli sorag edýärsiňiz we şübhelenýärsiňiz. Özüňizi henizem lapykeç we ynamsyz duýýarsyňyz... dogrusy öňki wagtdan üýtgän zat diňe şol lapykeçlikler we ynamsyzlyklaryň görnüşi.

"Bäh... hemme eden işlerim we näme üçin?! Indi näme etmeli?" diýip gygyrmana başlabermeli ýagdaý. Bu soragy bereniňizde dogry jogap bolup biler diýip pikir edemok, ýöne ýalňyş jogap hökman bar. Ol hem: "Öňkülerimden has köp işlemek we islemek."

Üstünligi bütin ömri pul diýip kesgitlänleriň köpüsi orta ýaşyna ýetýär, köp pul bilen oýanýar, krizisi başdan geçirýär we jogaby "has köp pul bolmaly" diýen netijä gelýär. Ine, şeýdip, hemişelik emosional garyplykda ýaşaýan millionerler dünýä gelýär - näme etselerem hiç haçan ýeterlik däl.

Bular ýaly adam bolmajak bol - diýip mugallymym köp aýdardy. Belki şu wagt hem aýdýandyr.

Bu “hiç haçan ýeterlik däl” netijede dünýädäki üstünlikleriň, puluň, statusyň, abraýyň, şöhratyň, güýjüň, öwgüleriň kesgitlemesi bolup biler. Elmydama ýetmeli köp zat bolar. Şonuň üçin hiç wagt ýeterlik ýaly duýulmaz. Bu gaty ýadadýan, yzy gutarmaýan stadionyň daşyndan ylgamak ýaly bolup görüner, ýöne näçe ylgasaňyz hem yzy ýokdur.

4-nji ädim: Iki sany "Ýunus" çigidini alyň (ýa häzir näme moda bolsa) we ýany bilen "Goşa Çynar" hem goşuň. Hemme zat gül ýaly bolar.

Krizisiň düýbüne atylanda dünýäni gutarýan ýaly duýmak aňsat. Arassalygyň we mukaddesligiň binýady bolup, köp ýyllap dowam eden bu ajaýyp idealyňyzyň, öz hyýallaryňyzyň ýene bir hyýalydygyny görkezdi. Netijede, özüňizi ugrukdyryjy duýýarsyňyz. Hemme zady sorag edip başlaýarsyň. Umytsyzlyga düşýärsiň. Asla hiç zadyň manysy ýok ýaly duýýarsyň.

Emma soň bir zat bolýar. Durmuş dowam edýär. Işden alan aýlygyňyz kartyňyza geçip dur. Pula bir zatlar satyn alyp bolýar. Doglan günler gelip-gidip dur. Dynç alyşlar henizem gyzykly. Düýnki gören türk seriýalyňyzam olar ýaly erbet hem däl.

Dur, dur, bir sekunt saklanyň... durmuş aslynda beýle aýylganç hem däl.

Ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne şübhesiz "Bäh, gowy durmuşda ýaşamak üçin üstünligiň kesgitlemesini tapmaly diýen zat ýok eken" diýen pikir gelýär. We ondan soňra eýýäm täze bir ajaýyp pikir gelýär, ol hem: "Öz wagtymy wajyp zatlara sarp edip, islän durmuş gymmatlyklarymy kabul edip bilerin!"

Soň bolsa aňyňyz işe başlaýar. Üstünligiň kesgitlemesi näme? Durmuşyňyzy ölçäp boljak ölçeg näme?

Käbirleri üçin gowy ene-ata bolmak, dogruçyl bolmak, haýyr-sahabat etmek, başgalara mertebe bilen garamak käbir ideallara öwrülýär.

Beýlekiler üçin bu perspektiwadyr - üstünlik her pursatda ýüze çykýar we doly baha berilýär. Islendik tejribede şatlyk we tolgunma bar we üstünlik özüni özüne gönükdirmegi saýlaýarlar.

Beýlekiler üçin kesgitleme diýseň adaty bolýar - her gün oýanmak we işe gitmek, dostlaryňyza nahar bişirmek, gowy adam bolmak. Geň zat, üstünligiň bu adaty kesgitlemeleri köne şahsyýetiňiziň ****dünýäni üýtgedýän kesgitlemelerinden has täsirli bolup görünýär. Olara aňsatlyk bilen ýetip bolýar. Olar hezil. We hepdeden, ýyl-ýyldan belli bir gezek gaýtalananda, ajaýyp zatlar bolup başlaýar.

5-nji ädim: Häzirki wagtda möhüm zatlara üns beriň.

Asyl şu makalany ýazmagymyň sebäbi meniň kitap okamana bolan söýgim. Dogrusy, kitaplardan bir zat öwrenen bolsam, ol hem uly üstünlikler diňe bir geljegiň ajaýyp görnüşleri bilen däl-de, eýsem häzirki pursatda iň möhüm we möhüm duýulýan zatlary etmek bilen ýetip bolýar.

Geliň, Stiw Jobsyň mysalyna gaýdyp geleliň, sebäbi ol “ýabany üstünlik” diýip hasaplanýanlaryň biri. Jobs: "Näme etsem mümkin boldugyça meşhur we üstünlikli bolar?" diýip pikir edip oturandyr öýdemok. Ol şu gün durmuşyny gowulaşdyrjak enjamlarda işlemeli boldy. Esasy ünsüni adamlar üçin gündelik meseleleri çözmäge gönükdirdi.

Innowasiýada ýa-da döredijilikde ägirt uly böküşler hakda "ylham pursatlary" diýip pikir edýäris. Emma, hakykatda, biziň hemmämiziň öňümizdäki çaklamalary ýönekeý bir zat bilen bilip bolýar, ol hem häzirki wagtdaky zatlary sorag edip skeptik bolmakda.

Ylmy açyşlar köplenç şeýle bolýar. Tomas Kunyň (Thomas Kuhn) meşhur “Ylmy öwrülişikleriň gurluşy” atly kitabynda ýazyşy ýaly, ylymdaky beýik üstünlikler akademiýanyň içindäki weteran alymlardan seýrek çykýar. Munuň sebäbi, häzirki düşüniş paradigmasynda karýerasyny we abraýyny döreden alymlaryň bir meselä garşy çykmak ähtimallygy az.

Şol sebäpden hem, iň uly üstünlikleri häzirki çaklamalara seredýän we Eýnşteýn ýaly “Bu hakykat bolmadyk bolsa näme etmeli? Has gowy düşündiriş näme bolup biler? " diýen soraglar bilen gyzyklanýan adamlar açyş edýärler.

Umuman, biziň "betinden üstünlik" diýip hasap edýän zatlarymyz adatça öz wagtynda garaşylmadyk we kiçijek bir zat ýaly başlaýar. We Stiw Jobşyň aýdyşy ýaly, belli bir ýagdaýda nokatlary birleşdirip bilsek-de, öňe barýan ýoly we geljegi görüp bilmeris.

Netijede, üstünligiň aýylganç kesgitlemelerini kabul eden adamlar adatça durmuşyna many we mazmun berjek bolýandyklary üçin şeýle edýärler. Ýöne, durmuşyňyza many we mazmun duýgusyny bermegiň ýoly häzirki döwrüň meseleleri bilen meşgullanmak, abraýyň haýsy derejede bolup biljekdigi barada oýlanman, häzirki wagtda sizi höweslendirýän we tolgundyrýan zatlaryň üstünde ýadawsyz işlemekdir.

Sebäbi bu diňe bir üstünligiň emosional taýdan has sagdyn kesgitlemesi bolman, eýsem götümizi rahat diwandan galdyryp, bir zatlar edip, bir zatlar döretmegä hem kesgitlemedir!

56 |
|