Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Taryhçy

Özüň bolmak üçin "ýok" diýip bilmek

8 minut alar

Bu temadaky aýdyljak zatlary hemme kişiniňem bilmeli zadydyr diýip pikir edýärin. Temamyz, adamlara "ýok" diýip bilmek. Aňsat zat ýaly görünýän bolmagy ahmal, emma hiç beýle aňsat zat däl aslynda. Adamlar köp halatda "ýok" diýmegi başaranoklar. Aslynda "özüne ynamly" diýip hasaplaýan köp adamlarymyzyňam arasynda "ýok" diýip bilmeýän ýerleri bolýar. Aslynda bu doly ýagdaýda "özüňe ynam" bilenem däl-de, häsiýetimiz, ýetişdirilişimiz, şahsy aýratynlyklarymyz bilen baglanyşykly. 

Ilki bilen, şuny bilmelidir. Biz, "ýok" diýip bilşimize görä erkindiris. Munyňam sebäbine ýazgyny okadygyňyzça has gowy düşünersiňiz. 

"Ýok" diýip bilmek näme üçin gerek? 

Bu soragyň iň gowy jogaby, isleýän durmuşymyzy ýaşap bilmek üçindir. Sebäbi haýsam bolsa bir adam "ýok" diýip bilmeýän bolsa onda ol isleýän zatlaryny, öz halan zatlaryny, öz bilýän zatlaryny, öz diýjek zatlaryny, öz arzuwlaryny, öz maksatlaryny edip bilmeýär, amala aşyryp bilmeýär, eger öz islän zatlarymyzy hem edip bilmesek, ýa-da edip bilmejek derejä gelsek, onda islän durmuşymyzy ýaşap bilmeýäris, ýa-da şol durmuşa (derejä, bagta, söýgä, maksada) ýetip bilmeýäris. 

Bu ýok diýmek düzgüni nähili amala aşyrylýan zat? Gaty aňsat, haýsam bolsa bir teklibi, islegi halamaýan, islemeýän bolsaň, "ýok" diý. Ilki bilen, biz "ýok" diýmek bilen, serhetlerimizi kesgitleýäris, şolary ýerli-ýerine ýerleşdirýäris. Hemme adamyňam serhetleri, şahsy çäkleri bolmalydyr. Hiç haçanam bu serhetleriň geçilmegine rugsat bermeli däldiris. Sebäbi serhedi geçilen döwlet erkin bolmaz. Bizem öz serhetlerimizi özümiz döretmelidiris, başga adamlaryň "ony et", "şu zatlary etme", "derejäňi bil" ýaly sözlerine aldanyp, olaryň serhedimizi kesgitlemegine, bize gyzyl çyzyk çyzmagyna rugsat bermeli däldiris. Özümiz öz çäklerimizi anyklamaly. Bu çäklerden geçenlere hem duýdurmaly, meselem sen edil öz ýanyňda wägirip (ýa-da çygyryp) gülýänleri halaýan dälsiň, gelşikli hasaplaýan dälsiň, muny ol kişä duýduryp bilersiň, beýle hereketleri halamaýandygyňy, köpçülikde gelşikli hasaplanjak zat däldigini medeni görnüşde aýdyp bilersiň. Eger sen bu kişä 1-2 gezek şeýle diýip duýdursaň, gaýdyp bu kişi seniň ýanyňda beýle gödek hereketlerini gaýtalap ýörmeýär, sebäbi sen şol ýerde bir çäk goýduň. Islendik adamam eger biz islemesek biziň durmuşymyza täsir edip bilmez, sebäbi şeýle etmek bilen biz olara öwrederis. Serhetlerimiz biziň nähili adamdygymyzy, kimdigimizi kesgitleýär. Şeýlelik bilen serhetleri bolan, çäkleri bolan, we pikirleri-düşünjeleri, hereketleri anyk bolan şahsyýet bolarys. 

Öz serhetlerimizi özümiz kesgitlemelidiris, başga adamlaryň biziň serhetlerimizi kesgitlemegine rugsat bermeli däl. Öz serhetlerimizi esasy maşgalamyzdaky adamlar bellemäge synanyşarlar. 

"Ýok diýme"

"Biziň sözümizden çykma"

"Hawa diý"

"Dil gaýtarma"

"Diýenlerimi et"

"Mesele döretme"

"Pespälli bol"

"Sesiňi çykarma"

"Äriň sözünden çykma"

Ýokardaky we şoňa meňzeş sözlemleri, esasan biziň ene-atalarymyz aýdyp bize gyzyl çyzyk çekip durarlar. Bu gyzyl çyzyklary özüň aýyrmasaň ýa-da öz gyzyl çyzgyňy özüň çyzmasaň, şol sözlemler seni bir kapasa salýar, şolardan çykyp bilmeýäň. 

Ikinjiden, biz ilkinji işlerimizi dogry kesgitlemelidiris. Meselem biziň ilkinji işimiz oba gitmek bolsa, ilki bilen hökman şol öz işimizi ýerine ýetirmeli, başga biri senden bir zat isledi diýip, öz ilkinji işiňden geçip, onuň diýenini etmeli däl. Ilkinji işlerimizi, biziň üçin wajyp bolan zatlary anyklamak gerek. Netijede nirde näme etmek isleýändigiňizi bilmeýän bolsaňyz, näme islemeýändigiňizem bilmersiňiz. "Ýok" diýip bilmekden öňürti, muny nämä diýmelidigiňizi öwreniň. Emma muny çyndanam köp kişi başaryp bilenok. Başaryp bilmezliginiň sebäbini hem ýazgynyň dowamynda görersiňiz. 

"Ýok" diýip bilmezligiň asyl sebäpleri, çagalyk döwrümizden başlanýar. Sebäbi biz köp şahsy aýratynlyklarymyzy çaga wagtymyz edinýäris. Maşgalanyň roly hem uludyr, esasanam çagalaryny sylamaýan, olaryň pikirine hormat goýmaýan, äsgermeýän, olary bir şahsyýet hökmünde däl-de, öz harydy ýaly görýän ene-atalar, özüne ynamy bolmaýan, sähel zatda howsala düşüp duran, nirde näme etjegini bilmeýän çagalar ýetişdirýärler. Eger ene-ata aşa goraýjy, ret ediji biri bolsa, çagalaryna diňe "ony etme", "muny etme" diýip, buýruklar berip duran bolsa, onda ol çagalar "ýok" diýip bilmegi öwrenmedik we şeýlelik bilen "ýok" diýmegi başaryp bilmeýän adamlar bolup ýetişýärler. 

Käbir ene-ata bardyr, çagalaryndan örän uly zad-a garaşarlar, olaryň iň uly we beýik zatlary etmegine, we özleriniňem şeýle bolmagyna garaşarlar. Çaga bu zatlary başarmadyk ýagdaýynda bolsa ony günäkärläp, ýazgaryp, gödek görnüşde jogap berip tankytlarlar, şol sebäpli çaga olara özüni subut etmäge synanyşar. Bu çagalar ulalanda hem başga adamlara özüni kabul etdirjek bolýan, özleriniň söýülmegini gazanmaga synanyşyp duran adamlar bolup ýetişýärler. 

Köp kişi başgalaryny şadyýan etjek bolup özüni ýatdan çykarýar. Gaty köp adam biriniň göwnüni götermek üçin alada edip durandyrlar, emma onuň göwnüni kim götermeli, ony kim şadyýan we bagtly etmeli? Adamlara şeýlebir merhemetli bolýaň welin, bir seretseň özüň üçin bir zatlar edip biljek energiýaň we motiwasiýaň galmandyr.

Eger biz birine kömek edemizde içimizde birahatlyk, gaýgy we gahar ýaly duýgular ýüze çykýan bolsa, onda "ýok" diýmeli ýerde "hawa" diýendiris. 

Ýadyňyzdan çykarmaň, hiç kim size "edip bilemok" diýeniňiz üçin däl, "edip bilerin" diýibem etmedigiňiz üçin gaharlanar. Hemme zad-a "hawa" diýeniňiz bilen dünýäniň iň hoşgylykly adamy bolmarsyňyz, iň ýadaw we stressli adam bolarsyňyz diňe. 

Näme üçin ýok diýip bilemzok? 

"Ýok" diýip bilmezligiň sebäbi, biziň käbir gorkularymyz bilen baglanyşyklydyr. Bizde bu meselede käbir gorkularymyz bardyr. Meselem:

1. Söýülmezlik gorkusy. 

2. Halanylmazlyk gorkusy. 

3. Tankytlanmak gorkusy. 

4. Ret edilmek gorkusy. 

"Ýok" diýip bilmezligimiziň ýene esasy sebäpleriniň biri, beýleki adamlaryň göwnüne degmek islemeýändigimiz bilen baglanyşyklydyr. 

Meselem kellämizde şeýle gaýgylar dörär. 

"Göwnüne degäýmäýin"

"Gaty görmesin"

"Bir zat diýäýmesinler"

"Yzymdan gürläýmesinler"

"Erbet diýip pikir edäýmesinler"

"Biderek çekeleşmäli, uruşmaly"

"Goh çykmasyn"

Bu biziň özümize degişli meselede beýleki adamlaryň pikirini, garaýyşlaryny alada etmekdir. Emma şuny ýadymyzda bek saklamalydyr, bu biziň bilen däl, olar bilen baglanyşykly mesele, biz "ýok" diýeris sebäbi özümiz üçin iň gowsy şol saýlawymyzdyr, beýleki adamlaryň pikiri ýa-da garşylygy eýýäm olaryň öz problemasydyr. 

"Ýok" diýip bilmezligiň zyýanlary näme?

"Ýok" diýip bilmezligiň zyýanlary örän köpdir. Mysal üçin aýtsak, başda-da belläp geçişimiz ýaly, öz isleýän durmuşymyzda ýaşap bilmeris. Zyýanlaryny yzygiderli beýan etsek:

1. Özümiz bolup bilmeris, rol oýnarys. 

2. Islemeýän zatlarymyzy edip wagt ýitireris. 

3. Hemme energiýamyzy, motiwasiýamyzy, höwesimizi harçlarys. 

4. Gaty ýadaw, stresli bolarys. 

5. Depressiýa düşüp bileris. 

6. "Ýok" diýip bilmedigimiz üçin, gahar-gazap, gaýgy duýarys. 

7. Şahsy çäklerimiz, serhetlerimiz bozular. 

8. Gatnaşyklarymyz bozular. 

9. Özümizi ejiz hasaplarys. 

10. Maddy ýitgileriňiz bolar. 

11. Wagtyň geçmegi bilen öz gepini düşündirip bilmeýän, düşnüksiz adam bolarsyňyz.

12. "Ýok" diýip bilmezlik biziň özümiz bilen baglanyşykly düşünjelerimizi, gatnaşyklarymyzy, işimizi, ýaşaýyş durmuşymyzy, maksatlarymyzy oňaýsyz manyda üýtgedýär.

13. Saglygymyza zeper ýetireris. 

14. Iň esasysy hem, hijem özümize ynamymyz bolmaz. 

Görşümiz ýaly, "ýok" diýmegiň zyýanlary örän köpdir. Şol sebäpli hemmämizem gerek ýerinde "ýok" diýmegi başarmalydyrys. "Ýok" sözi gorkumyzy ýeňmek hemmämiz üçinem wajypdyr.

"Ýok" diýmäge gorkmakdan nädip halas bolup bileris?

Muny aňsatlaşdyryp we özümizi öwrenişdirip bileris. Meselem bir kişiden "ýok" jogabyny alyň, oňa "ýok" diýip biljek soragy beriň. Mysal üçin, maşynyny soraň, elbetde "ýok" diýmegi gaty ähtimal. Soň başga kişilere ýene şeýle soraglar beriň. 4-5 gezek "ýok" jogabyny alsaňyz aslynda onçakly gorkunç däldigini öwrenersiňiz we gorkularyňyz, gaýgylaryňyz azalyp başlar.

Nädip "ýok" diýmeli? 

"Ýok" diýip bilmek üçin, ilki bilen ýeri we adamy kesgitläp bilmegiň gerek. Meselem käbiri seniň üstüňe başlygyň ýanynda bir iş zyňar, "ýok" diýip bilmersiň, ýa-da ene-ataň ýanynda işi zyňar üstüňe jigiň ýa-da doganyň, ýene "ýok" diýmäge çekinersiň. Ilki ýeri kesgitlemeli, soň adamy kesgitlemeli, sebäbi biz käbir adamlara ýok diýip bilmeris, olaram muny biler we bizi ulanarlar. Şol sebäpli, "ýok" diýip bilmeýän adamlaryňy hem kesgitlemeli. Maksadymyz, bu adamlary tanap bilmek.

Nädip "ýok" diýmelidigine degişli käbir maslahatlar.

1. Düşündirip durma, ýa-da düşündireýin diýseňem gysgaça kesgitlemäň bolsun. Bahana tapmaly däl, sebäbiňi aýdýaň, olam gözel göwnüň islese, bolmasa sebäbem aýdyp oturma, sebäbi wagt ýitirersiň. 

2. Aljyramaň. Eger biri sizi aljyradýan bolsa, "bol bol pylan etmeli", "bol men şu ýerik gitmeli" ýaly sözlemler bilen howsala döredip, bir karar bermegiňize garaşýan bolsa, aljyramaň, sebäbi köp kişi şeýle howsalaly ýagdaýlarda näme edip biljegini bilmän we doly pikirlenmän "hawa" diýýär, biziň etmeli zadymyz, şeýle ýagdaýda, ondan wagt islemek. Ýöne hijem näçe wagt gerekdigini aýtmaň, ýagny bellibir wagt bermäň, sebäbi wagt berseň gaty aladaly bolýaň we unudyp ýatdan çykarsaň ýalançy bolýaň. 

Seniň edip biljek zadyň, "saňa ýok diýmek islämok, ýöne derrew bir jogap isleýän bolsaň şuwagt edip bilmerin, maňa bir wagt ber, pikirleneýin" diýmek. Soňra isleýän bolsaň ýene "ýok" diýip bilersiň. 

3. Başga bir gowy usulyň biri hem, senem ondan bir zat isle. Diýeli biri üstüňe bir iş atmaga synanyşýarmy, senem ondan bir zat isle, "bor ederin, senem meniň üçin şuny etseň begenerdim sebäbi kän wagtym ýok" diýip bilersiň. Sen hiç zat ýitireňok, eger ol adam öz diýenini etdirip, seniň diýeniňi etmeýän bolsa bu gowy hereket däl, eger seniň diýeniňi kabul etse ýene saňa peýda. Köp kişi beýle ýagdaýlarda gaçarlar, saňa kömek edip bilmejek bolsa senem aýdanyny edip oturma. 

Şuny unutmaly däldir. Hiç haçanam "oňa ýok diýsem" zat diýip pikir etmäň, oňa "ýok" diýeňok, onuň isleýän zadyna "ýok" diýýäň. Ol seniň ýanyňa bir isleg bilen gelýär, sen şol islege "ýok" diýýäň. Talabyny ret edýäň.

Eger biz "ýok" diýmegi öwrenmesek, özümize hormatymyz bolmaýar, şeýlelik bilen özümizi halamaýarys. We özüni halamaýan adam, başgalaryny hem halap bilmez. Bu ikitaraplaýyn zatdyr. Eger biz özümizi hakykatdanam söýüp, halap başlamyzda başga adamlaram halap, olara sarpa goýup bileris. 

Ýok diýip bilmek edil bir jadyly ýalydyr, ulanyp başlasak durmuşymyzyň nähili üýtgeýşini görüp bileris.

Duýduryş: Makalany soraman paýlaşmazlygyňyzy haýyş edýärin. 

 


Ulanylan çeşmeler.

Web çeşmeler:

1. https://www.iienstitu.com/blog/hayir-diyebilmek-neden-gereklidir

2. https://istanbuluzmanpsikolog.com/hayir-diyebilme-dili/

3. https://www.beyhanbudak.com.tr/saglam-psikoloji-icin-hayir-diyebilmek.html

4. https://theoryandpractice.ru/posts/20784-net-znachit-net-pochemu-otkazyvat-polezno-i-kak-nauchitsya-eto-delat

5. https://convertmonster.ru/blog/mental-health/3-prichiny-pochemu-vazhno-umet-otkazyvat

Beýleki çeşmeler: 

1. Haluk Tatar. (25 Kas 2020). 9 TEKNIKLE HAYIR DIYEBILMEK - HAYIR DEMEK - HAYATINIZI GERI ALIN - KIŞISEL GELIŞIM VIDEOLARI [Wideo]. YouTube. https://m.youtube.com/watch?v=bqP14vdST8A&pp=ygUXSGFsdWsgdGF0YXIgaGF5aXIgZGVtZWs%3D

2. Müthiş Psikoloji, "Hayir Diyebilme Sanati", Destek Yay, Ağustos 2019. 

3. Prof. Dr. Engin Geçtan, "İnsan Olmak", Remzi Kitabevi, 14. Basim, Ankara Caddesi, 93 — İstanbul.

180 |