2 minut alar
Biraz Başgaça' - biraz başgaça
Biraz başgaça agzamyz Türkmenistana gidip gelipdir-de özüni erbet duýupdyr. Birbada onuň sebäbine-de düşünip bilmändir. Özüni garaňkyda sermeläp ýören ýaly duýupdyr. Bulary okap “Be gyzymyza nä döw çaldyka?” diýip ýazgynyň yzyny okamaga howlukdym. Eger dogry düşünen bolsam bizde aýal-gyzlar diňlenilmeýärmiş, olaryň pikirleri diňlenilmeýärmiş, kararlary we hereketleri öz ygtyýarlarynda dälmiş. Aýal-gyzlara deko hem hyzmatçy ýaly garalýarmyş. Ondan garaşylýan zat gowja hem asylly bolmak. Ýalňyşmaýan bolsam türkmeniň gyzy asyllylygy bilen başgalardan tapawutlanyp gelipdir. Erkekleriň bagtyny üpjün etmek betbagtçylykmy?…
