Teswirler (11)

Ýüklenýär...

Biraz Başgaça' - biraz başgaça

2 minut alar

Biraz başgaça agzamyz Türkmenistana gidip gelipdir-de özüni erbet duýupdyr. Birbada onuň sebäbine-de düşünip bilmändir. Özüni garaňkyda sermeläp ýören ýaly duýupdyr. Bulary okap “Be gyzymyza nä döw çaldyka?” diýip ýazgynyň yzyny okamaga howlukdym. Eger dogry düşünen bolsam bizde aýal-gyzlar diňlenilmeýärmiş, olaryň pikirleri diňlenilmeýärmiş, kararlary we hereketleri öz ygtyýarlarynda dälmiş. Aýal-gyzlara deko hem hyzmatçy ýaly garalýarmyş. Ondan garaşylýan zat gowja hem asylly bolmak. 

Ýalňyşmaýan bolsam türkmeniň gyzy asyllylygy bilen başgalardan tapawutlanyp gelipdir. Erkekleriň bagtyny üpjün etmek betbagtçylykmy? Erkekler-ä öz aýallaryny bagtly edip bilseler armanlary ýok. Bu ata-baba türkmende gelýän däp. Taryhy maglumatlaryň birinde türkmen aýallarynyň ata-babalarymyzyň döwründe dakynan bezeg şaýlarynyň agramy 7 kilograma çenli baryp ýetýän eken. Aýalyňa 7 kilogram şaý-sep dakaýjak bolsaň aňsatmydyr. Türkmenistanda gyzyl-kümüşemä önenok. Emma erkekler muny kyn görmändirler.  Başga milletleriň aýallary suw almaga gidenlerinde eginlerine agaç atyp, oňam her ujuna uly bedräni dakyp gidipdirler. Türkmen gelin-gyzlarynyň bolsa eginlerinde 4-5 litrlik ýeke küýze bolupdyr.  Aýal-gyzlaryň sözi diňlenmedik bolsa Güljemal hana näme üçin han diýipdirler? Gökdepe urşunda näçe adam ölendir diýip soranlarynda bir türkmen aýal 3-4 sany adam diýipdir. Ol soň 3-4 sany batyryň, serdaryň adyny agzap, galanlaryny biz dogurarys, şolar dogulmaz diýipdir. 

Bir adamy bagtly edip bilmek özüňi bagtly etmegi aňlatmaýarmy? Men öz görenlerimden mysal alaýyn, ejem kakam üçin başyny gurban etmäge taýýardy. Kakamam ejemi başyna täç edinýärdi. Gelnejemden “Agam seni söýýämidi?” diýip soradyk. O wagt agam ýogalypdy, gelnejemizem ak gyňaçly enedi. Şonda gelnejemem “Söýýädimi ony bilemok. Ýöne bir gezek elimden gelse döşümi ýaryp, ýüregimi alyp seň ýüregiň ýanynda goýardym” diýdi diýip agamyň aýdanlaryny gürrüň berdi.

Aýal adama mundan ýokarda nähili bagt gerek (maşgala durmyşynda).

Döwlet derejesinde aýal gyzlarymyza berilýän erkinlik, olar üçin döredilýän mümkinçilik erkeklere berilýänden pesmi? Bizde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bolaýyn diýselerem gyzlarymyzda, aýallarymyzda mümkinçilik bar. 

Şu ýerde gaty gadymy medeniýeti bolan ýapon halkynda aýýallara erkekleriň kölegesine basmagam gadagan ekendigi hakynda okanym ýadyma düşdi. Erkek kişi öýe girende ýapon aýallaryna ýerinden turmak aýp hasaplanypdyr. 

Durmuşda her kimiň öz orny bar. Aýýallar erkekleşjek bolsalar, erkeklerem aýallaşsalar ine betbagtçylyk nämede.  Birdöwür Moskwanyň “Literaturnaýa gazeta” diýen gzetinde Towşan Esenowaň türkmenler gyzlaryny satýarlar diýen manydaky makalasy çap edilipdi. Şondan soň bir topar enäni gyzyny satypdyr diýip türmä-de basypdylar. Gyzlara ejeleriniň ýüzüne gelmäge mejbur edipdiler. Ýogsa galyň meselesi tutuş orta Aziýada bar zat. Emma masgara biz bolduk. Muny ýatlaýanym ýokardaky ýazgyny başga dillere terjime edip internede goýmak hakynda aýdylan teswiri hem ýazgyny ýazanyňam muňa göwünjeňdigini  okadym. Bolaýjak. Ýerli-ýerden şeýdibersek türkmeniň abraýy dag aşar.  

 

68 |